You are currently viewing Çagalara tehnologiýanyň zyýanlary
Photo by rawpixel.com on Pexels.com

Çagalara tehnologiýanyň zyýanlary

Häzirki günümize jübi telefonlarynyň, planşetlaryň, kompýuterleriň we internediň tiz ornaşýandygy sebäpli adamlara esasanam çagalara we ýaş ýetginjeklere öz zyýanyny yetirip başlady.

  • ENDIK. Çaganyň, ýetginjegiň daşky dünýäden çetleşip jübi telefony, planşet, kompýuter we internet ulanmagy sebäpli başga meselelere jogapkärçilik duýman başlamagydyr. Sosiýal durmuşdan çetleşen we döredilen hakyky bolmaýan dünýäde ýagny, internet dünýäsinde ýaşaýan çaganyň ösüşi ters täsirlenýär. Öýde maşgalasy bilen, daşarda deň-duş dostlary bilen wagt geçirmegine derek kompýutere baglanyp, dürli görnüşdäki gorkuly, fantastiki oýunlary oýnamagy, kompýuter ýa-da telefony bilen wagt harjamagyna çagalaryň zehin, fiziki, sosiýal we psihilogiki tarapdan ösüşini togtadýar.
  • GÜÝÇ ULANMAK WE JYNSY ISLEG-ARZUW. Çaganyň we ýetginjegiň internetde gabat gelip biljek ýene-de bir howpy bolan jynsy gatnaşykly bolan internet sahypalaryna girmeleridir we ýetişen ýaşdakylaryň jynsy tekliplerine baglanyp galmaklarydyr. Şahsy ösüşini tamamlamadyk çagalar we ýetginjekler jynsy gatnaşyk hakyndaky bilesigelijiligini iň köp internetden gözleýärler. Muňa göräde jynsy gatnaşykly bolan internet sahypalarynda gözleýän maglumatlary tapyp bilmeýişleri ýaly, nädogry ýol bilen jynsy zorlama gabat gelip bilerler. Zehin we duýgy tarapdan uly ýara alyp bilerler. Internetden nädogry täsirlenen çagalar we ýetginjekler dürli ahlak bozulmalaryna duçar bolup bilerler. Başgada “Pedofili” diýip tanalýan hassa ruhly adamlaryň, kiçi çagalara garşy jynsy arzuw-isleg duýmalaryna çenli howuply ýagdaýlara getirip bilýär.
  • ONLINE SÖWDA-DA BARLAGSYZLYK. Çagalar we ýetginjekler arasynda her geçen günde meşhurlygy artýan ýene-de bir zat, internetden söwda amallaryny ýerine ýetirmek. Çagalar we ýetginjekler internet söwda sahypalaryna girip özlerine gerek bolan oýunlary, oýnawaçlary, ýene-de şuňa meňzeş zatlary satyn almak isleýärler. Internetde söwda edilýän wagty ene-atanyň kredit kartynyň ýa-da çaganyň özüne çykarylan goşmaça kartyny ulanmak köp gabatlaşylan ýagdaýdyr. Çagany, ýetginjek ýaşdakylary internetde söwda edilýän wagtynda öz kartynyň nomerini we gorag koduny nadogry yere yazmak esasynda yüze çykyp biljek kynçylyk barada duýdyryp geçmek gerek. Eger-de internetde söwda etmesi hökmany bolsa, onda “3D security” goragly internet ulgamyna agza bolmagy ýa-da önünden tölegli bolan “pay-pall” karty ulanmagy maslahat berilýär.
  • IÇGI, ÇILIM WE NEŞE SERIŞDELERINE YMTYLDYRMA. Çaga, ýetginjek internetde “Gözleg” edende neşe serişdelerine we terrorçylyk ýaly jenayat işlerilerine çekmek isleyanlerin web sahypalarynada girip bilerler ýa-da haýsydyr bir sahypa giren mahaly bir penjire açylyp, baýrak wada edip, bäsleşik görnüşinde ýaryş geçiryan yaly çagalar, ýetginjekler aňsat aldowa düşirip bilerler. Adamlar neşe serişdelerini ýa-da terrorçylyk ýaly nädogry yollara baş goşyandyklaryna düşünmän hem goltgy berip bilerler.
  • HABARLAŞMAK. Tehnologiýanyň ösüşi bilen birlikde tutuş dünýä bilen aragatnaşyk uly ýaşdakylar ýaly çagalarada hem öran yakyndyr. Jübi telefonlarynda, planşetlerde we kompýuterlerde her gün atlaryny bilýänimiz ýa-da heniz adyny eşitmedigimiz onlarça sesli-sessiz habarlaşma, surat we wideo şekil iberme, wideoly habarlaşma programmalaryna gabat gelýäris. Çaga, ýetginjek bu programmalar gözlegi bilen bir tarapdan tanyş dost-ýarlary bilen aragatnaşykda bolýarka, beýleki tarapdan düýbünden nätanyş adamlar bilen söhbetdeşlige ýol açyp bilýärler. Üns berilmeli ýagdaýlaryň ýene-de biri hem çaganyň, ýetginjegiň tanamaýan adamlary bilen howply internet habarlaşmalarydyr. Çaga, ýetginjek näme etýäninden habarsyz bolup erbet niýetli adamlar bilen, jenaýatkärler bilen, çaga pornograflar bilen ogrylar ýa-da başga üstünde haýsydyr bir kanuny jogapkärçilige çekilen adamlar bilen habarlaşýan bolup bilerler. Meselem özüni 12 ýaşyndaky gyz çaga ýaly görkezýän bir kişi, aslynda 45 ýaşyndaky bir adam bolup biler. Çagalar edil köçede nätanyş adamlar bilen gepleşmeýişleri ýaly, olaryň ýanlaryna barmaýyşlary ýaly, internetdäki köçeler hasaplanýan “chat” bölümlerinde nätanyş adamlar bilen gepleşmesi, özüni gepleşmäge mejbur edýän we özünden şahsy maglumat bermesi, maşgalasy bilen gatnaşygy, adress (salgy), telefon, ene-atasynyň kärini, wezipesini, olaryň iş sagatlaryny, öýde kimiň bar kimiň ýoklygyny habar bermezlik ýaly şahsy maglumatlaryny nätanyş adamlar bilen paýlaşmazlygy köp nygtalyp, ýadyndan çykmajak derejede öwredilmelidir.
  • HAСKER. Ähli wagtyny kompýuteriň öňünde geçirýän çagalar üstünligi we gyzykly wakalary şol ýerden gözleýärler. Hut şol sebäpden hem girilmegi dogry hasaplanmaýan internet sahypalaryna girip, ýa-da bilman degişli yerlere zyyan yetirenligi üçin jenaýat işiniň gozgalmagyna getirip biler.
  • OKUWA BERÝÄN ZYYANLARY. Nädogry görnüşde kompýuter we internet ulanmak okuw sistemasyna zeper ýetirýändir. Gözlenýän maglumatlary aňsatlyk bilen tiz wagtda tapmalary, okuwçylaryň kitap okamak endiginden daşlaşyp, tiz unutmagyna getirýär, öýe berlen ýumuşlary kitaphananyň ýerine kompýuterden kömek alyp, taýýarlanmagy, okuwçynyň gözläp, agtaryp maglumat tapmagyny ýuwaş-ýuwaş körelmegine getirýär. Tejiribe işlerine we gözleg metodlara üns bermezligine getirip, hatda garaşylmayan netijeleri döredip biler.
  • TEHNIKI ZEPERLER. Çagalar internetden alýan çeşmesi nabelli faýllary ýa-da e-poçtadan gelen şüpheli faýl we linklere (ssylka) girip kompýutere wirus düşürip bilerler, öz maglumatlaryny başgalaryň görmesine, kompýuteriň bozulmasyna sebäp bolup biler. Hemde bar bolan faýldyr dökumentleriň pozulmasy bilen netijelenip biler.

Bir yanıt yazın