Bir ýetginjegiň ümsümlik bilen ejir çekýändigini görkezýän 7 yşarat

Sufering Teenager

Bu sözler çaganyňyzyň aýdyp bilmeýän duýgudyr-jepalaryny örtüp biler.

Esasy nokatlar:

Jepa çekýän ýetginjekleriň köpüsi, “kynçylyk çekýärin” diýmek bilen öz içki göreşleri barada aç-açan gürleşmezler. Çagaňyz özüni sessiz, dymyp, gark bolýan ýaly duýup biler. Düşünilmek we kabul edilmek isleýän bolmagy mümkin, ýöne size nädip buýagdaýy açmalydygyny bilmez.

Ýetginjek çagalary bolan ene-atalar bilen işlänimde, köplenç ýürek dağlaýan şu sözleri eşidýärin:

“Meňa ýüz berenok we maňa derdinenok.”

“Men gowy” diýýär, ýöne nämede bir näsazlyk bar.”

“Yardam bermek islänimde, meni itýär.”

Köp ýetginjek çaga, ‘Kynçylyk çekýärin’ diýmek ýerine, näzikden duýguly yşaratlar görkezer. İne, görünýäninden has köp maglumat berýän ýedi sözlem:

  1. ‘Men elmydama ýadaw.’
    Bu hemişe uky bilen bagly däl. Döwamly emosýonal ýadawlyk, köplenç bedeni ýadawlyk bolup ýüze çykarýar. Depressiýa, gaýgy, işden ýadawlyk we hatda trawma ýaly ýagdaylar “men yadaw” sözleriniň arkasyna gizlenip bilýär.

Mysal 1:

Eje: “Şu dynç güni dostlaryň bilen duşuşmak isleýärsiňmi? Seniň üçin gowy bolardy.”

Ýetginjek: “Hakykatdanam özümi gowy duýamok, hemişe ýadow. Hiç kim bilen gürleşmek islämok.” (Bu jogap diňe bir fiziki ýadawlygy däl, eýsem sosial we emosional ýadawlygy hem aňladýar.)

Mysal 2:

Kaka: “Näme üçin ir ýatsaňam ýadawlyk duýýarsyň?”

Ýetginjek: “Bilmedim … gije ýatsamam turanymda özümi dynç alan ýaly duýmaýaryn. Elmydama içimde agyr zat göterýän ýaly.” (Bu söz, depressiýanyň ýa-da emosional ýükleriň fiziki ýadawlyk ýaly duýulýandygyny görkezip biler.)

  1. ‘Bu barada gürlemek islemeýärin.’
    Bu ýagdaýy gaçmak ýa-da garşylyk hökmünde kabul etmek bolar. Ýöne köplenç ýetginjek, nädogry düşünülmeginden gorkuly—ýa-da özüni açmagyň getirýän gowşaklygyna garşy goraňlydyr. Bu söz, köplenç adamyň ‘Hakykatdanam gorkýan’ diýen gizlin duýgusydyr.

Mysal 1:

Ejesi: “Näme üçin ol kişi bilen gürleşeňok? Mesele barmy?”

Ýetginjek: “Bu hakda gürleşmek islämok.” (Bu jogap, çaganyň gatnaşyklaryň soňlanmagyna gynanyp, jezalandyrylmak ya-da ejiz görünmeklikden gorkýandyklary üçin duýgularyny gizleyändiklerini görkezip biler.)

Mysal 2:

Kaka: “Iş söhbetdeşligiňiz nähili boldy? Näme üçin beýle ümsüm?”

Ýetginjek: “Men hakykatdanam … şu wagt gürleşmek islämok.” (Bu jogap, şowsuzlyk, lapykeçlik ýa-da özüni pes duýmak ýaly gowşak duýgulardan gorag diwary bolup biler.)

  1. ‘Diňeje şugünimi geçirsem bolýar.’
    Muny, bir sözlem bilen aýdanyňda “durmuşta diri galmaklyk ýagdaýy” diýmekdir. Köplenç güýçsizlik, gaýgy ýa-da umutsuzlyk barada habar berýär. Çaganyňyz sessizlik içinde bogulýan ýaly duýup bilýär.

Mysal 1:

Mugallym: “Soňky döwürde synpda gaty kän ünsün başga ýerlerde? Seni biynjalyk edýän zat barmy?”

Ýetginjek: “Hiç zat. Diňe günümi gün etmäge synanyşýaryn, mundan ybarat.”

(Bu söz, mekdep durmuşynda many we hyjuw tapyp bilmeýän, maşgala ýa-da sosial kynçylyklary başdan geçirýän ýa-da özüni sosial taýdan ýalňyz duýýan ýaş adamyň emosional baglanyşygyny görkezip biler.)

Mysal 2:

Ejesi: “Şu gün daşary çykmak isleýärsiňizmi? Isleseň kinoteýatra gidip bileris.”

Ýetginjek: “Eje, islämok. Hakykatdanam, edil şul wagt günümi geçirmäne synanyşýaryn.” (Bu jogap depressiýany, pes energiýany we bu durmuştan lezzet almaklyga garşy islegsizligi görkezip biler.)

  1. ‘Yza galýan ýaly duýýaryn.’

Bu köplenç özüni günäkärlemek we aýyplamana elter. İçinde çuňňur utanç duygusyny oyarar. Köp ýaş ýetginjekler, karýerasy, gatnaşyklary ýa-da durmuşdaky ýol öwrümleri bilen bagly görünmeýän we adalatsyz standartlar sebäpli durmuşlarynda “üstünlik gazanmadym” pikirine eye bolýarlar.

Mysal 1:

Çaga: “Herkim uçurym boldy, işe başlady. Men henizem hem etjek zadymy bilmeýärin.” (Bu sözler yetginjegin özüni egindeşleri bilen deňeşdirip, başarnykly däl duygusy içindedigini görkezýär. Bu onyň öz içinden ýetirsizlik duýgusy bilen göreşip, muny duýgyny utanç duygusy bilen basýandygyny görkezyär).

Mysal 2:

Çaga: “Dostlarym öýlenýärler, eýýäm çagaly … Men entek hem gowy bir gatnaşyk gurup bilmedim.” (Bu ýerde ýaşlar, jemgyýetiň ýöreden “üstünlik” senenine boýun bolmanlygy üçin özüni ýeterli hasaplap bilenoklar. Bu ýagdaý, yaşlaryň özüne bolan hormatyna zeper ýetirer we içki utanç duýgusyny güýçlendirer).

  1. ‘Düşünmersin.’

Köplenç başgalary tarapyndan aýyplanmak yada geçen zamanda çekilen yzalardan gözbaş alýan goranmaklyk instinkti diymek bolar. Bu hem özlerine düşünilmeklik we düşündirmeklik hemde size nahili halatda derdini açmaklyk barada nä dereje çykgynsyz ýagdaýa duçar bolandyklaryny görkezip biler.

Mysal 1:

Ýetginjek :”Sen meňa düşünmeýärsiň, onsuzam maňa hiç kim düşünenok” 

(Bu söz, yetginjege nä dereje gowy düşünülmeýändigine we ýalňyzlyk çekýändigine şaýatlyk edýär. Öňki wakalar, ony adamlara garşy gorunmağa mejbur eden bolup biler. Aslynda, ol düşünülmek isleýär, ýöne özine garşy äsgermezlik edimeginden gorkany üçin özüni jemgiyetden we adamlardan çetde tutýar).

Mysal 2:

Ýetginjek: “Düşündirmäge synanşam-da, netijesi ýok, hiç zat üýtgemez.”  (Bu sözler, yetginjegin umytsyzlyk we çäresizlik içinde bolanlygyny görkezýär. Belki öňem köp gezek özüne düşünülmänligi sebäpli indi gepleşmäge hem synanşmaýar. Ýöne netijede, birileriniň ony eşidip, düşünmegini isleýär).

  1. ‘Işiň soňunda aňyrbaş maksadyň näme?’

Bu söz umytsyzlyk üçin ýokary derejeli bir duýduryş. Bu, ýetginjek çaganyňyzyň siziň bilen maksadyny ýa-da dowam etdirmek islegini sorag astyna alyp biljekdigini görkezýär. Çuňňur üns bilen diňlenmeli diýip pikir edýärin.

Mysal 1:
Yetginjek : “Şondada näme many bar? Onsyzam hiç zat gowulanmaz.”

(Bu sözler, adamyn içki umutsuzlygyny we motivasiýasynyň ýokdugyny görkezyär. Ömrümiň manysy näme diýen soragyň gözleginde we bu depressiýa alamatlary bolup biler. Ony goldamak üçin, höwes bilen diňlemek we düşünmek zerur).

Mysal 2:
Yetginjek : “Näme üçin synanyşayyn? Netije hemişe şol bir zat bolar.”

(Bu söz, adamyn öňki şowsuzlyklary sebäpli göreşmek islegini ýitirip başlandygyny we öňe gitmekden dänendigini görkezyär. Ona kiçi ädimler bilen dowam etmäge göwünlik bermek we kömek etmek peýdaly bolar).

  1. ‘Men gowy.’

Kitabym “10 Günde Has Az Direnýän Çaga” diýen kitabymda düşündirişim ýaly, bu klassik äsgermezlik– emosional ýarag, esasanam gaty çalt ýa-da manysyz aýdylanda.. Eger-de bu söz gaty köp ulanylýan bolsa, köplenç şu manyny aňladýar: “Häzirki wagtda size hakykaty aýtmak üçin özümi howpsuz duýýaryn.

Ene-atalaryň edip biljek zatlary

Çagaňyzyň aýdýan sözlerindäki many hazynasynyň çuňlugyny seljerjek boluň we olary üns bilen diňläň. Bu sözlemler bize yol görkeziji bolup biler. Sesine, wagtyna we gaýtalanma çaltlygyna üns beriň.

Tejribesini tassyklaň. Çözgütleri hödürlemegiň ýerine şuňa synanyşyň: “Düşünýärin, muňa döz gelemek  gaty kyn. Gepleşmek isleseň men elmydam ýanyňda”.

Problemalar şahsyňyzdan däl . Durmuş jepasy, ýaşlaryň sen sebäpli däl-de, aşa düşenmeklari, stres we aladalaryň yzly yzyna gelmegi olaryň yza çekilmegine sebäp bolýar.

Deňagramly goldaw beriň. “Näme bolsada seni söýýärin” ýaly ýönekeý, gaýtalanýan sözler ýuwaş-ýuwaşdan olara täsir etmeklige alyp baryp biler.

Pikirleriňizde açyklygy öňe çykaryň. Şübheleriňizi we duýgularyňyzy paýlaşmak, olardan hasam dogruçyllygy çagyryp biler.

Jemleýji pikir

Yetginjek çagaňyz “Maňa kömek ediň” diýmezligi mümkin, ýöne olaryň sözlerini eşitmegi öwrenseňiz, olar üçin howpsuz gaçybatalga bolup bilersiňiz.

Filosofiýa ylymlarynyň doktory, psiholog Jeffri Bernşteýn

Bir yanıt yazın