You are currently viewing Çagalykda öwrenilmedik bolsa, edim-gylymlaryň (endikleriň, başarnyklaryň) köpüsini özleşdirmek mümkin däldir.

Çagalykda öwrenilmedik bolsa, edim-gylymlaryň (endikleriň, başarnyklaryň) köpüsini özleşdirmek mümkin däldir.

Işim bilen baglylykda iňlisçe gürlemeli bolýan wagtym köp. Ýöne sözleri aýdyşymdaky we intonasiýamdaky ýalňyşlyklarym hemişe meni biynjalyk edýär. Diňläp oturan adam meniň «ýapon-iňlisçäme» düşünenok diýjek bolamok — ol düşünýär. Emma käte onuň ýüzünde aljyraňňylyk alamatlary peýda bolýar-da, ol menden nämedir zady gaýtalamagymy soraýar. Şonda özüme düşünilmegi üçin men ol sözi harplap aýdýaryn.

Ine, bary-ýogy bir ýaş iki aýlyk bolan goňşy oglanjyk bolsa iňlisçe sözleri örän dogry aýdýar. Ýaponlaryň köpüsine [r] hem [l] seslerini aýtmak kyn düşýär, onuň welin aýdany gelşip dur, aňsat. Megerem, bu meniň iňlis dilini orta mekdepde öwrenip başlanlygym, ol oglanjygyň bolsa ýapon dilini özleşdirýän wagty iňlisçe gürläp ugranlygy sebäpli şeýle bolýandyr. Onuň ikinji dil bilen ilkinji tanyşlygy iňlis ýazgylaryny diňlemekden başlapdyr, soňra bolsa ol amerikaly zenan bilen iňlisçe gürleşip, saýry dili öz ene dili bilen bilelikde özleşdirip başlapdyr.

Bu deňeşdirme aňyňda ene diliň nusgasy kemala geleninden soň, eýýäm başga nusgalary kabul etmegiň müşgil bolýanlygyndan habar berýär. Şeýle-de bolsa, eýýäm düşündirip geçişim ýaly, çaganyň beýnisi üç ýaşa çenli diňe bir ene dili bolan ýapon diliniň pikirleniň ulgamyny özleşdirmäge ukyply bolman, eýsem, islendik başga dili hem özleşdirmäge ukyplydyr. Özi-de, öňem adyşym ýaly, bu ýagdaý şol bir wagtyň özünde deň alnyp gidilip bilner. Şonuň üçin hem bu ýaşdaky çagalar känbir kynçylyk çekmezden, islendik dilde hem ene dilinde gürleýşi ýaly gürläp bilerler. Eger siz bu döwri elden giderseňiz, körpeje wagty aňsatlyk bilen öwredip biljek zadyňyzy çaga öwretmek soňra has kyn bolar.

Bir yanıt yazın