You are currently viewing Durmuş

Durmuş


Her säher bir keýik oýanýar, Afrikada. Bar pikiri: iň çalt ylgaýan ýolbarsdan has çalt ylgap bilmek. Ýogsam, ýolbarsa ertirlik boljakdygyny bilýär.

Her säher bir ýolbars oýanýar, Afrikada. Bar pikiri: iň ýuwaş ylgaýan keýikden has çalt ylgap bilmek. Ýogsam, açlykdan öljekdigini bilýär.

Isle ýolbars boluň, isle-de keýik; tapawudy ýok. Ýöne, Gün doganda ylgamalydygyňyzy, düýnkiňizden has çalt ylgamalydygyňyzy biliň.


Bu tymsalda “Durmuş” atly ylgaw ýaryşy nähili oňat suratlandyrylypdyr. Hawa, her iki ýagdaýda-da, düýnkiden has çalt ylgamaly. Çünki eger ýolbars bolsaňyz we iň ýuwaş ylgaýan keýigi düýn şamlyk edinen bolsaňyz, bu gün-de keýik eti iýmek isleýän bolsaňyz, şuny bilmelisiňiz: bu gün, iň ýuwaş ylgaýan keýik düýn tutan keýigiňizden has çalt ylgaýar. Şu halda, bu gün tizligiňizi düýnkä görä has artdyrmalysyňyz.

Eger keýik bolsaňyz we entek hem ýolbarsyň agzyna düşmedik bolsaňyz, tizligiňizi düýnkiden hökman artdyrmalysyňyz. Çünki, gezegiň size ýeten bolmagy mümkin.

Ýagny, durmuş ylgawyna dowam etmegiň şerti: düýnkiden has çalt ylgap bilmek… Geliň, indi özümize syn edeliň; ondan ýa-da mundan däl, “Düýnden” has çalt ylgaýarysmy?

Täzelikler göni poçta gutyňyza gelsin!

Hepdelik postlarymyzy, täzeliklerimizi beýleki agzalarymyza iberişimiz ýaly Sizede gyzgyny bilen ýetireli.

Bir yanıt yazın