You are currently viewing Çagalaryňyzyň Ikinji Dili Ýeňil Öwrenjek Pursatlary

Çagalaryňyzyň Ikinji Dili Ýeňil Öwrenjek Pursatlary

Ýakyn günleriň birinde Aziýa döwletlerinde ýaşaýan ýaşyrak maşgala 3 ýaşyndaky çagalaryny hemişe ýüz tutýan doktorlaryna umumy barlagdan geçirmek üçin hassahana alyp barýarlar. Barlaglary doly tamamlananyndan soň ata-ene doktorlaryna ýüzlenip şeýleräk sorag soraýarlar. “Biziň çagamyz häzir 3 ýaşynda. Çagamyza seredişmäge ýardam etmek üçin öýümize kömekçi  gyzjagaz çagyrdyk. Emma ol rus bolany üçin öz dilini suw içen ýaly bilýär, biziň dilimizi bolsa dogry-düzüw gepläp bilmeýär. Biziň çekinýän zadymyz bolsa heniz çagamyz ene dilini doly özleşdirmänkä nätanyş dil bilen gabatlaşsa öňkije bilýänlerini hem unudar diyip alada edýäris. Indi biz bu kömekçi bilen işleşmäge dowam edelimi ýada täze terbiýeçiniň gözlegine çykmalymy anyk pikrimizi jemläp bilemizok. Siz näme maslahat berýäňiz?” diýip ýüzlenýärler.

Elbetde doktoryň gözleri edil şänik ýaly ulalýar we şeýle diýýär: ”Siz size peşgeş berilen bu pursady hakykatdan hem görmeýäňizmi ýada görmediksirän bolýaňyzmy! Goý siziň çagaňyz şuwagtlykça ene dilini doly öwrenmesin. Onuň 10 ýaşyndan soň barybir ene dilini özleşdirmegi üçin birnäçe mümkinçilikleri bolýar. Emma mundan soň siziň eliňize aňsatlyk bilen ikinji dili öwrenmek üçin pursat geçmän biler”.

Diýmek çagalar ýaşlarynyň kiçijek bolmagyna garamazdan ikinji bir dili öwrenmäge ukyplary bar ekeni. Onda köp ata-eneler şeýleräk soragyň jogaby bilen  gyzyklanýan bolsalar gerek.

girls on desk looking at notebook
Photo by Pixabay on Pexels.com

“Çagamyza ikinji dili kiçilikden öwretmelimi we öwretmeli bolsa ikinji dili haýsy ýaşda çalt öwrenýärler?”

Haçanda biz eýjejik bir çagany elimize alyp mähir bermek islesek, ilki bilen olaryň içiňden geçip barýan ýiti gözleri, näzijek we ýumşajyk tenleri hemde wasp edip bolmajak mähirleri biziň ünsümizi çekýändigi hemmelere mälimdir. Eýsem ol çagalaryň, biziň nazarymyzda kiçijek görünýän beýinlerinde nähili gopgunlar bolup geçýändigi bilen hiçkim gyzyklanmaýar.Emma, Newrologiýanyň döwrebap tehnologiýa enjamlary çagalaryň beýninde bolup geçýän hadysalaryň “raketa” ylmyndan pes däldigini nygtaýarlar.

Aslynda ynsanlarda haýsydyr bir zady öwrenmek ukybynyň iň ýokary derejesi çagalyk döwürleridir. Çagalar diýseň bilesigeliji bolýarlar we bu häsiýetleri hem ilki bilen olaryň hemme zady öwrenmäge bolan isleg we  duýgularyny öňe çykarýar. Edil şonuň ýalyda çagalar ikinji ýada üçünji dilleri kiçi ýaşda has ýeňil öwrenýärler.

Soňky ýyllarda çagalaryň ikinji dili öwrenmegi bilen bagly geçirilen ylmy barlaglaryň ençemesi bu yaşyň 3-7 yaş aralygynda bolýandygyny nygtaýar we dilçi alymlaryň aglabasy geçiren barlaglarynda çagalaryň daşary ýurt dillerini 7 yaşdan owal öwrenmäge başlamaklarynyň zerurdygyny belleýärler. Bu ýaş aralygynda çagalar hemme ukyplaryny tebigy ýollar bilen özleşdirýärler we ünslerini çekýän islän täzeliklerini çalt öwrenýärler. Hatda, bäbekleriň ilkinji aýlarynda dünýäde bar bolan 200 tapawutly sesi bir wagtyň özünde duýmak ukybyna eýedikleri aýdylýar. Emma wagtyň geçmegi bilen bu ukyplaryny ýuwaş ýuwaşdan ýitirýärler we ata-eneleriň, öýdäki kömekçi  terbiyeçileriniň we daş-töweregindäki hossarlarynyň gürrüňlerinden eşidenjelerinden özlerine görä manyly sözler we sözlemler aýtmaga başlaýarlar we bu eşidenjeleri bilen kanagat etmäge mejbur bolýarlar.

photo of head bust print artwork
Photo by meo on Pexels.com

Dil ukyby, ilki bilen eşitmek häsiýetine bagly bir ýagdaýdyr. Çaga eşitmäge başlansoň, yzýany bilen dil özgerişleri hem başlaýar. Çagalar 2 ýaşyna çenli az söz ulanýan bolsalaram, eşiden sözleriniň uly göterimini beýinlerine bellik edýärler. Soňra 4-5 ýaşlaryna gelen mahallary bellige alan sözlerini ulanmaga başlaýarlar. Bu ýagdaý uly ýaşdaky adamlarda tersine ýüze çykýar. Ýagny akly goýalyşan adamlar täze sözleri beýinlerine bellige almak meselesinde kynçylyk çekýärler. Muny bilermenler deňeşdirmek esasynda şeýleräk düşündirýärler.

  • Eger çaga 3-4 ýaş aralygynda ikinji dili öwrenmäge başlasa, olar ol dili 2-3 ýylyň dowamynda özleşdirerler.
  • Eger 5-7 yaş aralygynda ikinji dili öwrenmäge başlasalar, 6-7 ýylyň dowamynda özleşdirerler.

Ýokarda aýdylanlardan ýola çykyp, bu güne çenli ýörgünli pikir bolan “Haçanda çagam iki dili kiçi ýaşda öwrenmeli bolsa, onda öňkije öwrenenlerini unudar we kellesinde pikir çylşyrymlylygy  emele geler” ideýasynyň hem nädogry bir düşünjedigine doly göz ýetirmek mümkindir. Çagalaryň kiçi ýaşda ikinji dili nahili ýagdaýda öwrenýändikleri we haýsy sebäplerden has ýeňil öwrenýändiklerine şeýleräk mysallar bermek mümkindir. Bu döwürde çagalaryň beýinleri täze täze keşbine girýär, Sag we Çep beýin bölekleri doly kämilleşmänligi üçin has tebigy ýagdaýda kösenmän öwrenýärler. (Sag-duýgy, Çep-akyl beýin bölekleri).

Ynsan beýni 2 ýaşdan öň doly özgerip ýetişmeýär, bir tarapdan bolsa ýetginjeklik ýaşyndan soňra beýin artygy bilen kämilleşýär, Sag we Çep beýinler öwrenmek sepgitlerini tamamlaýar we beýniň täzeden keşbe girmek hadysasy azalýar, netijede ikinji dili öwrenmek üçin iň oňaýly ýaş 3-7 ýaş aralygy bolup galýar(Ynsanyň Sag we Çep beýin bölekleriniň iň çalt özgerýän döwri 3-7 yaşlarynda bolup geçýär). Çagalar özlerine aýdylýan hiçbir zada taňkyt nazary bilen çemeleşmeýärler. Bu hem olaryň ikinji dili çalt öwrenmekleriniň öňüni açýar.

Tanymal dilçi alymyň garaýşy: ”Syýahatçylaryň iň gelim-gidimli mekanlarynda olara elindäki harytlaryny satmak isleýän yetginjek adam ikinji dili ýeňil we çalt öwrener. Emma kiçi çagalar olardan hem çalt öwrenerler. Diýmek üçünji kişi, ýagny syýahatçylara haryt satmak isleýän kiçijek çagalar öňki ikisinden hem çalt öwrenerler”.

Munyň sebäbi çagalar gorkmaýarlar, ýalňyş hereket etmekden çekinmeýärler. Durman gepleýärler, daş töwereginde kim bar bolsa olar bilen seljermän gürrüňdeş bolmak isleýärler. Eger bir öýde eje we kaka aýry iki dili gepleýän bolsalar we herkim öz dilinde çagalar bilen gepleşen ýagdaýynda, çaga öz beýninde iki dili hem aýry aýry bellik edýär we ikisinem arassa öwrenýär. 3-6 ýaş aralygyndaky çagalar, Çagalar bagynda ýada öýde, oyunjaklar we oýunlar arkaly ilkinji we ikinji dillerini öwrenip bilýärler. Bu hem çagalaryň gözleri bilen şaýat bolan we degmek arkaly gatnaşyk saklan zatlaryny has ýiti öwrenýändiklerini görkezýär. Muňa esaslanyp çagalaryň diňeje oýnaýan oýunjaklarynda ýazylan daşary ýurt dillerindäki ýazgyalary aňsatlyk bilen ýat tutýandyklary, olaryň bir wagtyň özünde ikinji dilleri hem özleşdirip biljekdikleriniň açyk görkezmelerinden biridir.

Ýokarda agzalanlardan ýola çykyp, ellerinden geldiginden çagalaryna ikinji dili öwretmek isleýän ata-eneler belkem öz öýlerinde birnäçe çözgütler tapyp bilerler.

  1. Meselem 2 ýaşyndan başlap Iňlis dilinde 20-40 minut aralygynda multifilmler görkezip bilerler(çaga 18 aýdan öň reňkli ekranlara seretmek maslahat berilmeýär).
  2. Ýörite çagalar üçin niýetlenen daşary ýurt dilindäki gysgajyk aýdymlary diňletmeli(Ikinji dil hökmünde haýsy dil saýlanan bolsa).
  3. Düşünmesler hem Iňlis dilinde ýazylan ýeňiljek hekaýalar okap bermeli.
  4. Iňlis dilinde ýazylan boýag depderlerini bilelikde boýamaly.
  5. Eger çagaňyz siziň eýeçiligiňizde kompýuter ýada tehnologiýa enjamalary bilen käwagt güýmenýän bolsalar, olaryň hemme menýu dillerini Iňlis dilinde sazlamak siziň işiňizi ýeňilleşdirer.
  6. Kiçi ýaşda öýünde çagalaryna kömekçi çagyrýan maşgalalar, olardan çagalar bilen gyzyklanýan mahallaryny üznüksiz ýagdaýda başga dil bilen düşünişmeklerini talap edip bilerler(Rus we Iňlis dilini arassa bilýän okuwçylaryň, terbiýeçileriň kömegi bilen).

Diýmek çagalarymyzyň, ýaşlarynyň kiçi bolmaklaryna garamazdan birnäçe aýratynlyklary, häsiýetleri, syrlary we ukyplary bar ekeni.

Geliň onda çagalarymyzyň her ýaşyna mahsus bolan häsiýetleri bilen aýratyn gyzyklanalyň we her ýaşyň gerekli PURSATLARYNDAN bihabar ýaşamalyň. 

rear view of boy sitting at home
Photo by Pixabay on Pexels.com

Bir yanıt yazın