Perzent terbiýesi halkyň ruhy, aň, ahlak kadalaryny özünde jemleýän halk döredijiliginiň içinden hem eriş-argaç bolup geçipdir. Çünki, ertirine ynamly, arzuw-umytly bakýan adamzat hemişe perzentleriniň geljekki ykbaly bilen gyzyklanypdyr, bu babatda uly alada edipdir.
Ene-atalar bilen çagalaryň gatnaşygy näçe kämil bolsa, bu perzent terbiýesi üçin şonça-da ähmiýetlidir. Könelerimiziň «Çagany başdan…» diýşi ýaly, terbiýe turuwbaşdan başlanmalydyr. Türkmenleriň irki döwürlerden bäri nesil terbiýesine şindi ol göwredekä başlaýandygy mälimdir. Çünki, göwreli aýal iýmitlenende çaganyň sagdyn, görmegeý bolup dogulmagy üçin ýaramly iýmitleri iýipdir. Dünýä injek perzendiniň kemally çaga bolmagyny arzuw edipdir. Şol döwürde iýmitiň päk-tämizligine, halallygyna hem uly üns beripdirler. Çaga sallançakda ýatanda aýdylýan hüwdüler mylaýym hem many-mazmunlydyr. Ene öz perzendiniň nähili adam bolup ýetişmegini arzuw edýän bolsa, şoňa laýyk hüwdüleri aýdýar. Çaga duýgur bolýar. Ol gün-günden ulaldygyça öýde aýdylýan gürrüňleri diňleýär, edilýän hereketleri görýär. Aýdylyşy ýaly, ähli gören-eşidenlerini aňyna ýazýar. Soňra daşarda başga çagalar bilen oýnanda, çagalar bagyna gatnanda tanyşýan deň-duşlary, enekeleri hem oňa öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin mydama onuň gowy täsirleriň, wakalaryň arasyna düşmegi barada alada etmeli. Bir eneden 4-5 çaga dünýä inýär. Emma olaryň hersi bir hili häsiýete eýe bolýar. Olaryň hersiniň özboluşly gylyk-häsiýetiniň bolmagyny belli derejede arkama-arka nesil yzarlamanyň, şeýle-de, daş-töweregiň täsiri bilen düşündirilýär.
Maşgalada perzendi terbiýelemekde är-aýalyň, uly doganlaryň maksatlary biribirine gabat gelmeli. Çaga her kim öz pikir-düşünjesine görä terbiýe berjek bolup, oňa «eýle bol, beýle bol» diýip, hersi birýana çekjek bolmaly däl. Ene-ata, uly doganlar biri-birisiniň aýdanlaryny goldap, çagany belli bir ugra gönükdirmeli. Kakasy çaga «Bu boluşyň bolmaýar» diýse, ejesi ara düşüp, «Kakaňy diňleme guzym, ol bilenok, şol bolşuň bolýar» diýen ýaly gapma-garşylyklar çagany aljyradýar, onuň terbiýesine ters täsir edýär. Netijede, çagada özüne eziz bolan adamlarynyň haýsy biriniň ynamdarlygyna ýa-da näme üçin olaryň dürli maslahatlary berýändigine düşünmezlik döreýär, olara bolan ynamy gowşaýar. Bu onuň durnukly, tutanýerli, ýokary ynsanperwer häsiýetli bolup ýetişmeginde erbet görelde bolýar.
Terbiýe meselesinde esasy maksat, çagany belli bir ugra ugrukdyrmakdyr. Ilkibaşdan «Arassaçyl, dogruçyl, zähmetsöýer…» bolmaly diýen möhüm terbiýe sapaklaryny gündelik ýatladyp, diňe şeýle bolanda onuň gowy adam bolup ýetişjekdigine çagany berk ynandyrmaly. Onuň kalbyna şu ynamy salmagy başarmak, terbiýäniň uly üstünligidir. Çaganyň ähli oňat hereketlerini yzygiderli goldap durmaly. Her gün onuň ulalanda gowy adam bolup ýetişjekdigi hakynda iň bolmanda bir sapar hökman aýtmaly.
Çaga maşgalada özüniň uly alada, mähir, söýgi bilen gurşalyp alnandygyny duýmalydyr. Çaga öýde özüni erkin, rahat alyp barmalydyr. Käbir çaganyň eje-kakasynyň ýanyndan aýrylasy gelmeýär. Çünki, olar ony yssy mähir bilen gurşap alýar we çaga bilen gürrüňleşip, onuň deň-duşuna öwrülmegi başarýar. Käbir çaganyň mydama öýden daşary çykasy gelip durýar. Sebäbi ol öýüň içinde özüne gerek bolan üns-aladany duýup bilmeýär. Daşarda köpräk eglenesi, süýji dilli goňşusynyňkyda oýnasy gelýär.
Çagalar bilen ýürekdeş gatnaşyk bolmasa, terbiýe meselesinde dürli kynçylyklar ýüze çykýar. Ene-atalar bilen çagalaryň özara düşünişmegi, birekbirekden habarly bolup durmaklary, olaryň kadaly gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýar. Şeýle ýagdaýda okuwa bolan gowy gatnaşyk emele gelýär. Ene-atalar bilen çagalaryň birek-birekden habarlylygy özara düşünişmäge getirýär. Birekbiregiň pikirine hormat goýmaga mümkinçilik berýär.
Bilelikdäki bu hereketde diňe bir ene-atalar çagalaryň häsiýetlerine göz ýetirmän, eýsem çagalar hem ulularyň çylşyrymly dünýäsine aralaşýarlar. Olaryň şatlyk-gussalaryna, oý-pikirlerine akyl ýetirýärler. Ene-atalarynyň häsiýetlerine gowy düşünýärler. Şeýlelikde, ene-atalar çagalaryna wagtlaryny sarp edip, öz duýgularyny, syrlaryny açyp, olardan özlerine goldaw-hemaýat alyp bilýärler. Maşgalada açykgöwünlilik, eserdeňlik, birek-birege sylag-sarpa, söýgi bar bolsa, olaryň çagalarynda-da şol häsiýetler kemala geler.
Çagalaryň hersiniň özboluşly häsiýeti bolýar. Şonuň üçin olaryň her birine häsiýet aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, özboluşly çemeleşmeli. Birisine öwseň, birisini biraz tankytlasaň peýdaly bolýar. Mekdepde bir okuwçyny höweslendirmek maksady bilen oňa biraz ýokarlandyryp bäşlik baha goýsaň, ol begenip, ertir öňküsinden-de oňat okap gelýär.
Beýleki birine welin, bu usul ters täsir edýär. Ol asla arkaýynlyk, men-menlik edip ozalky okaýşyndan-da pese düşýär. Oňa biraz talap edijilikli çemeleşmek oňat ýaraýar. Çaganyň özüni alyp barşynyň sebäplerine dogry düşünmek üçin, olaryň isleglerini, bilim, başarnyk derejelerini bilmeli.
Yzygiderli kemsitmek, köteklemek çaganyň terbiýesine ters, ýagny oňa çaga mertebesi kiçeldilýän ýaly täsir edýär. Çaganyň ýüzüni almaly däl, esasan hem köpçülikde beýle hereket etmek düýbünden nädogrydyr. Bu ýagdaý ony göwnüçökgün hala getirýär. Çaga aljyraňňy ýagdaýa düşýär. Näme etse-de ýalňyş bolaýjak ýaly duýgy ony gorkak edýär. Çagada özbaşdak pikirlenmek, belli bir netijä gelmek ukyplary peselýär.
Çaganyň ynjalyksyzlyga ýykgyn etmegi, özüni nämedir bir zatda kemçilikli duýmagy onuň ruhy taýdan ösüşine şikes ýetirip biler. Ruhy göýdüklik bolsa çaganyň ösüşine hemme babatda uly böwet bekleýär. Şeýle ýagdaýlar çagany nerw bozulmalara ýa-da ata-enä doly gulak asmazlyga eltip bilýär.
Çaganyň akyl taýdan doly ösmegi üçin oňa ulularyň düşünmegi hem-de ruhy taýdan goldawy gerek. Maşgalanyň hem-de deň-duşlarynyň ykrar etmegi möhümdir. Beýlekiler bilen gatnaşyklarda dogruçyllyk, özüne ynamlylyk, birekbirege mätäç edilmezlik – erkin gatnaşyk, şähdaçyklyk ýaly häsiýetleriň köpüsini çaga maşgalada alýar.
Çagada jogapkärçilik, öz-özüňe hormat goýmak, zerur mahalynda öz ýalňyşlyklaryňy boýun almak duýgusyny döredip, onuň bilen maşgala, jemgyýetçilik meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, pikirine gulak asmak, hormat goýmak, ony durmuş akymyna gönükdirmek möhümdir.