You are currently viewing Çaga terbýesiniň aýratynlyklary
Photo by Pixabay on Pexels.com

Çaga terbýesiniň aýratynlyklary

Il içinde öňden aýdylyp gelinýän şeýle düşünje bar:

Ene-ataň göwni

    Ogulda, gyzda,

    Ogul-gyzyň göwni,

    Dag bilen düzde.

Aýdylyşy ýaly, ogul-gyz hemişe ata-enäniň göwün islegiçe olaryň umyt-arzuwlaryny ödäp durmaýarlar. ―Ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde diýlişi ýaly, ýaşlar köplenç öz oý-hyýallary bilen ýaşaýarlar. Käte bolsa ene-ata bilen ogul gyzyň arasynda düşünişmezlikler-de ýüze çykýar. Ata-enäniň göwnüne degilýär. ―Gara goýundan ak-da dogular, gara-da diýlişi ýaly, çagalaryň käbiriniň ulalyp oňalman, ata-enesiniň ýüzüne gelip: ―Dünýä inderip, kemala getirendigiňiz üçin biz size borçly däl. Dogrusy, arza berip, haýyş edip dünýä inmedik… diýýänleri hem ýok däl.

Elbetde, ata-enäniň göwnüni tapmak, olaryň ýaşy bir çene baranda aladasyny etmek perzentleriň iň bir asylly parzydyr, borjudyr. Adamyň ynsanperwerligine onuň öz ata-enesine goýýan hormat-sarpasy boýunça baha bermek ýerliklidir. Ata-ene bilen perzentleriň arasyndaky şu sylaşykly gatnaşyk hem adamzat nesliniň dowamlylygyny üpjün edýär. Biz öz ene-atamyzdan gören yhlas-aladamyzy, görüm-göreldämizi ýerine salyp, wagty gelende ene-atalarymyzy alada, mähir bilen gurşap alýarys, kemally häsiýetimiz, hereketlerimiz bilen olary şatlandyrýarys.

signal-2018-11-08-161308.jpg    Halk arasynda aýdylyp gelinýän ýörgünli bir hekaýatda şeýle beýan edilýär: ―Gadym zamanlarda eklenç kynçylygy zerarly ogullar işden, gurbatdan galan kakalaryny ýylgyr dagyna taşlap gaýdýar ekenler. Bir ýaşulyň ogly garran kakasyny ýylgyr dagyna taşlamak üçin alyp barýarka, ýadap bir daşyň üstünde dynç almaga oturypdyr. Şonda haltanyň içindäki kakasy boýnuny çykaryp, ajy ýylgyrypdyr. Ogly kakasyndan munuň sebäbini sorasa, ol şeýle jogap beripdir:

―Men hem kakamy daga taşlamaga gelýärkäm, şu daşyň üstünde oturyp, dynç alypdym. Bu gün bolsa, sen meni alyp gelýärkäň bu daşyň üstünde dynç almaga oturdyň diýipdir. Şondan soň ogly bir gün bu zatlaryň özüniň hem başynda boljakdygyna, öz oglunyň ony hem ýylgyr dagyna taşlap gitjek gününiň gutulgysyzdygyna göz ýetirip, kakasyny arkasyna alyp, yzyna dolanyp gaýdypdyr. Şol wakadan soň hem garran adamlary daga taşlamak düzgüni galypdyr.

    Elbetde, ―Eliň bilen edeniňi egniň bilen çekersiň diýleni. Ene-atasyny ynjydan adamlaryň hem soňra baýnamaýany ile mälim hakykat. Şol sebäpli hem çaga turuwbaşdan ene-atany, ulyny-kiçini, dogan-garyndaşy, dost-ýary, il-güni sylamagy öwretmeli. Sylag-hormat bar ýerinde ynsanperwerlik, adamkärçilik, abraý-mertebe, rysgal-döwlet hem bardyr.

Käbir eneler ürç edip gyzlaryny kiçilikden durmuşa taýýarlaýarlar. Bu göýä ýörite okuw-sapak görnüşli bolýar. Sebäbi elinden tutup diýen ýaly tikin-çatyny, dürli el işlerini öwredýärler. Edil okuwçynyň harplyk geçişi ýaly, hamyr edilişini, ýaýylyşyny, aş kesilişini, dürli beýleki tagamly naharlaryň bişirilişini ýekän-ýekän edip görkezýärler. Ýanynda durup, gyzjagazyň bu işleri ele alşyna gözegçilik edýärler. Öý-içerini, gap-gajy arassa-tämiz saklamagyň usullaryny, özüne timar bermegi, arassa-tämiz bolmagy öwredýärler. Myhman gelende olara güler ýüzli hyzmat etmegi, mylaýym gürleşmegi, hoşgylawly bolup, adamlar bilen sylagsarpaly bolmagy, ulyny-kiçini bilmegi turuwbaşdan onuň edep-terbiýesine siňdirýärler. Şu edep-kadany bilýän gyz bir ýere durmuşa çyksa-da, baran ýerinde kynçylyga duş gelmeýär.

―Edip beren ýeňňemden edep beren ýeňňem ýagşy diýipdirler. Gyz hem ýaş wagty öz ejesinden, ýeňňesinden, doganlaryndan näçe köp zatlary öwrense, onuň durmuşy şonça-da rowaç alar. Gynansak-da, kä gelinler baran ýerinde biş-düşi, arassaçylygy, ulyny-kiçini sylamany bilmän kösenýärler, mydama gep eşidýärler.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem ―Durasyň geler diýen goşgusynda şeýle nygtaýar:

Bardyr gözel sirke basar saçyny,

Artmaz, ýuwmaz tabagyny, daşyny,

Sylamaz atasyn, ene ýaşyny,

Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

 

Gözel bardyr, ak kagyzdan bilegi,

Jan içinde bile bolar ýüregi,

Şeýle gözel bolar merdiň geregi,

Ne hajat istese beresiň geler.

Şahyryň bu setirleri ýaşlar üçin möhüm durmuş sapagydyr.

affection baby baby girl beautiful

Käbir psihologlar: ―Eje köplenç öýde bolýar, şonuň üçin çagalar aglaba ejeden terbiýe alýarlar diýip belleýärler. Elbetde, bu aýdylýan hem dogrudyr, emma ogul-gyza kaka, ýagny ata terbiýesi, görüm-göreldesi hem möhümdir. Aýratyn-da, oglanlar öz kakasynyň ýanynda köpräk bolmaga, olardan edep-terbiýe almaga ýygkyn etmelidir. Umuman, eje terbiýesiniň-de, kaka terbiýesiniň-de öz ýeri, öz gymmaty bardyr.

Perzentleriň ata-enesiniň öňündäki kyrk borjy babatda Döwletmämmet Azadynyň ―Wagzy-azat eserinde paýhasly pentler beýan edilýär:

Gel, ata birle eneňni kyl ryza,

Razy bolgaý, şübhesiz, sensen huda.

Hak ryzasy diýmiş ol şahy-jahan, Firyzaul-walideýndir ýok güman.

Bu ikew perzendiden bolsa ryza, Razydyr hak ol kişiden mutlaka.

Bergeninden istemez taňry öwez, Mähzi-bendelikden özge ýok garaz.

Hem ata birle ene perzendiden Istemez muzd eýlegen yhsanydan.

Bes ata birle enedir nury-aýn, Anlaryň haky erir boýnuňda din.

Ata-ene haky hem taňry haky,

Parz turur boýnuňda bil , eý muttaky!

Taňry haky bolsa, parzydan eda, Ata-ene haky hem kyrk, eý dede!

Kyl eda, ata-enäniň kyrk hakyn, Hak tagala dergähige bol ýakyn.

Bir yanıt yazın