You are currently viewing ATA-ENELER BILEN ÇAGALARYŇ GATNAŞYGY

ATA-ENELER BILEN ÇAGALARYŇ GATNAŞYGY

    «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýilýär. «Terbiýäniň iň ähmiýetlisi görüm-görelde görkezmekdir» diýlen düşünje-de bar. Ata-babalarymyz «Çagany ýaşdan…» diýip, ajaýyp sargyt edipdirler. «Her kim ekenini orar» diýilmegi hem gös-göni çaga terbiýesi bilen baglanyşyklydyr.

Maşgalada perzent dünýä inmegi bilen ene-atanyň guwanjy, mähir duýgusy, alada-ünjüsi, esasan hem dünýä inen çaga dogry terbiýe bermek meselesinde jogapkärçiligi hem borjy öňküsinden-de artýar. Çünki, her bir ene-ata öz perzendinde durmuşynyň, nesliniň dowamatyny görýär.   Turuwbaşdan, perzendiniň göwün islegine görä, gowy adam bolup ýetişmegi barada alada edip başlaýar. Çaga terbiýesi irki döwürlerde-de möhüm meseleleriň biri bolupdyr. Häzirki döwürde-de çaga terbiýesi ene-atalaryň durmuşynyň özeninde durýar.

adult black and white books boy
Photo by Tookapic on Pexels.com

«Gorkut ata» şadessanynda hem ogul-gyz terbiýesi esasy wezipeleriň biri bolup orta çykýar. Gorkut ata şeýle diýýär:

– Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz. Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz. Ogul atasynyň iki gözüniň biridir. Ogul döwletli çyksa, ojagyň közüdir.

…Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan dogmadygy ýeg. Atanyň ýurdunda galan ogluň döwletli bolany ýeg. 

Hawa, Gorkut atanyň bu aýdanlary halk pähiminiň beýany bolup, ol häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.

«Görogly» şadessanynda Jygalybeg öz agtygy Röwşeni (Göroglynyň çagalykdaky ady) bar üns-aladasyny gönükdirip terbiýeleýär. Oňa edep-ekram, hünär öwredýär. Iline-ýurduna, Watanyna wepaly bolmak barada gije-gündiz öwüt-ündew edýär. Ynsanperwerlik, jomartlyk, mertlik, edermenlik häsiýetlerini öz agtygyna siňdirýär. Netijede, ýaşajyk Görogly atyny seýislemegi, ok-ýarag tutmagy… ähli zady atasy Jygalybegden öwrenýär. Munuň özi ullakan terbiýeçilik mekdep bolup, şol zamanalaryň adamlary üçin çaga terbiýesinde gymmatly gollanma, özboluşly çeşme bolup hyzmat edipdir. «Görogly» şadessanyny bilen adam nesil dowamatyny terbiýelemegiň, mert, batyr, edermen edip ýetişdirmegiň ugur-tärlerini hem bilipdir.

Gündogarda uly meşhurlyga eýe bolan «Kowusnama» kitabynda-da «Çaga terbiýelemek we onuň kadalary hakynda» atly ýörite bölüm bar.

  • Bu bölümde aýratyn-da, ozaly bilen çaga gowy at dakmagyň (häzirki döwürde-de çaga gowy at daksaň, ol şol ada mynasyp bolmaga çalyşýar, gowy adam bolup ýetişýär diýip ynanýarlar),
  • oňa edep-terbiýe, bilim, hünär öwretmegiň möhümdigi tekrarlanýar.
  • «Perzent üçin terbiýeden gowy miras ýokdur» diýilýär.

Kitapda baý-begleriň öz perzentlerine dürli hünärleri öwretmegiň juda bir zerurlygy ýok hem bolsa, öňden gelýän adata görä, olara onlarça hünäri öwredendikleri ýazylýar. Çünki, baýlykmülküň ýetik, güzeranyň gowy bolsa-da, bir günden bir gün kynçylyga uçrap ýa-da ýolda-yzda saňa hünäriň gerek bolmagy mümkin diýlen düşünjeden ugur alnypdyr. Beýan edilýän mysala görä, bir patyşa tagtyndan agdarylypdyr we ýat ýurtda pulsuz, işsiz halda galanda, çagalykda demirçi ussalardan öwrenen kesbi bilen eklenipdir. Ol gaýdyp gelip ýurdunda ýene tagta çykanda bolsa, hemmelere perzentlerine hökman hünär öwretmelidigi hakda perman çykarypdyr.

    «Kowusnamada» gyz ene-atasynyň ýesiridir, gyz alaçsyzdyr, nämäň bar bolsa, ilki bilen gyzyňa harçlagyn, onuň aladasyny etgin diýlip öwüt-ündew edilýär. Gyz maşgala durmuşa çykarylanda hem onuň özüne muwapyk birine berilmelidigi nygtalýar. Kitapda «Körekeniň mürewetli bolsun diýseň, ynsanlyk borjuňy berjaý etmek isleseň, gyzyňy satmagyn» diýlip ýazylýar.

XI asyrda Hazar deňziniň günorta kenarynda ýaşap geçen gilýanly Keý Kowusyň öz ogly Gilan-şaha sargyt hem öwütnama hökmünde ýazan «Kowusnama» kitabynda perzent terbiýesi hakynda aýdanlary göýä, şu ýakyn ýyllaryň gürrüňi ýaly bolup dur. Çünki, ynsanperwerlik diýlen düşünje ähli asyrlarda-da birmeňzeş bolupdyr. Perzent terbiýesiniň hem baş maksady ogulgyzyňy sagdyn, ynsanperwer, ukyply, başarjaň adam edip ýetişdirmekden ybaratdyr.

animals back light beaks close up
Photo by Brandon Montrone on Pexels.com

Beýik rus şahyry A.S.Puşkini çagajyk wagty enekesi sallançakda ýatyryp hüwdülände dürli goşgulary, aýdymlary aýdar eken, halk ertekilerini gürrüň berer eken. A.S.Puşkin heniz çagajyk wagty, onuň gulagyna aýdylan şol goşgular, aýdymlar, ertekiler ony soňra şahyr edip ýetişdiripdir. Dogrusy, Puşkiniň özüniň hem ýatlaýşy ýaly, enekesi onuň şahyrlyk zehininiň açylmagyna uly täsirini ýetiripdir. Şeýlelikde, ene-atalaryň çaganyň kemally adamlar bolup ýetişmegine uly täsirini ýetirýändigi ozaldan mälimdir diýip belläsimiz gelýär.

Bir yanıt yazın