You are currently viewing Çaganyň arassa dünýäsi

Çaganyň arassa dünýäsi

Çaga çaga diýmän, kim bolsa-da, nähili adam bolsa-da, mydama hoşamaý, mährem boluň! Mähremlikde Allanyň ýalkawy bardyr! Çaganyň öz arassa dünýäsi, arassa, owadan göwni bar!

Çagany terbiýelemek üçin çaganyň dünýäsine aralaşmak üçin ýa-ha çaganyň özi ýaly päk, arassa, hyruçly, howalaly bolmaly, ýogsa-da çagany ulaldyp, ony öz derejäňe götermeli. Çaga esger däl, ony buýruk bilen terbiýeläp bolmaýar. Men obada ýaşanymdan soň ozalky adamlaryň çaga terbiýe berşini gözüm bilen gördüm, ýaşululardan diňledim, taryhdan okadym. Türkmen oglunyň elini halallatdyranyndan soň, ýagny sünnet etdireninden soň naharyny onuň bilen bir tabakdan iýip başlaýar. Ol şoňa çenli ejesi bilen, özi ýaly doganlary bilen iýýär. Çaga kakasy bilen bir tabakdan nahar iýip başlan günündenem gönüden-göni kakasyna meňzäp başlajak bolýar. Töwirde kakasynyň el göterişi ýaly göterýär, elini ýuwanynda hem kakasyna öýkünýär.

Görýäňizmi, ýönekeý türkmen däbi bilen çagany neneňsi terbiýeläp bilipdirler…

Çagany söýmeli, ezizlemeli, göwnüni görmeli, emma söýgiň bilen depäňe çykaraýmaly däl! Söýgi talapkär söýgi bolmaly!

Çaga ýaş başyndan iş öwretmeli. Möjekleriň, gaplaňlaryň öz çagasyna aw öwredişi ýaly, çaga işläp iýmäni öwretmeli! Işlemäni öwrenen çaga hiç haçan hor bolmaz!

(Ruhnama, Ikinji kitap, 95-96-njy sah.)

Bir yanıt yazın