You are currently viewing Çaganyň ukyp-başarnygy
Photo by rawpixel.com on Pexels.com

Çaganyň ukyp-başarnygy

    Çaga kiçilikden boş wagtlary tans etmek, saz çalmak, surat çekmek, sport bilen türgenleşmek ýaly ugurlar boýunça meşgullanyp başlasa, onuň beden hem aň taýdan sagdyn ýetişmegi üçin has gowudyr.

Galyberse-de, çaganyň ukyp-başarnygyny näçe ir açyp bilseň, şonça-da netijeli bolýar. Çaganyň nämedir bir zada güýmenmegini, gyzyklanmagyny ýola goýmagy başarmaly. Saz çalmagy öwrenen ýa-da sportuň bir görnüşi boýunça türgenleşýän çaga öz deň-duşlarynyň ýanynda-da özüni arkaýyn alyp barýar. Onuň ruhy belent bolýar. Şeýle-de, çagalykdan hünär edinmek endigini ele alýar. Çagalykdan özüne ynamy artýar.

Çagalykda eşiden ertekiň hiç wagt ýadyňdan çykmaýar. Çagalara erteki aýdyp bermek, kitap okap bermek hem örän peýdalydyr. Çaga ertekileriň gahrymanlarynyň keşbine girmäge çalyşmak höwesi mahsusdyr.  Çagalarda dürli päk arzuwlar bolýar. Ol gezelenç etmegi halaýar. Tebigata gezelenje çykylanda olary hökman ýanyň bilen alyp gitmeli. Köp zatlary gürrüň bermekden, öwretmekden ýadamaly däl. Çaganyň kiçilikde aňyna guýlan zatlar, onuň gören eşidenleri ulalanda nähili adam bolup ýetişjekdigine uly täsirini ýetirýär.

Il içinde «Ata kesbi ogla halal» diýilýär. Sebäbi çaga atasynyň hünärine kiçilikden belet bolýar. Çaganyň ilki görýän zady mydamalyk ýadynda galýar. Şonuň üçin perzendiňi nähili adam edip ýetişdirmek isleseň, şoňa görä, täsirleriň içinde terbiýelemeli. Mysal üçin, sazandanyň ogly sazanda bolýar. Hiç bolman-da saz guralynda bir-iki sazy ýerine ýetirip bilýär. Sebäbi ol çagalykdan saz guralyny görüp, eline alyp, saz diňläp, saz bilen gyzyklanyp ulaldy.

Käbir halatlarda çagalar köp wagtyny garry atasynyň, enesiniň ýa-da mamasynyň-babasynyň ýanynda geçirýärler. Şeýle çagalar ulalanda köplenç edepterbiýeli, köne däp-dessurlara belet, salyhatly adamlar bolup ýetişýärler. Sebäbi garrylar öz agtygyna mydama bir zatlary gürrüň berýärler, oňa öwredýärler, nirä gitse, ýoldaş edip agtygyny hem ýany bilen alyp gidýärler. Durmuş tejribesine baý bolan bu adamlar çaganyň aňyna köp zatlary siňdirýärler.

 

Käbir halklarda öýe myhman gelende, saçagyň başynda çagalar-da oturýar. Sebäbi öýe gelen myhman bilen iş, durmuş hakynda hoşamaý gürrüňler edilýär. Çagalaryň hem bu gürrüňleri diňläp oturmagy peýdalydyr. Çünki, çaganyň bu gürrüňler mydamalyk ýadynda galmagy mümkin. Munuň özi çaganyň eje-kakasynyň dostlary, işdeş ýoldaşlary bilen içgin tanyşmagyna, olar bilen ysnyşmagyna hem getirýär. Çaganyň tanaýan-bilýän adamlarynyň köp bolmagy hem onuň geljekde açyk göwünli, köpçülik bilen girişgen, ilhalar adam bolup ýetişmegine öz täsirini ýetirýär.

«Arassaçylyk saglygyň girewidir» diýilýär. Arassaçylyk ynsan terbiýesiniň hem girewidir. Üst-başy arassa, tämiz kişi mydama göze ýakymly bolýar. Arassaçylyk hem adamyň gündelik durmuş endigi, terbiýesi bilen baglydyr. Şol sebäpli çaga ýaşlykdan arassaçylyk endiklerini öwretmelidir. Gowy endikler, gylyk-häsiýetler çagalykdan öwrenilmese, soň kyn bolýar. Adatça, köp çaga ertir-agşam ýuwunmagy halamaýar. Howluda oýnaýan çagy eşiklerini hapalagan bolýar. Eger-de onuň ejesi iş söýmezräk bolsa, köplenç çagalary arassa-tämiz bolmadyk eşikde oýnaýar. Munuň özi çaganyň terbiýesine oňaýsyz täsir edýär. Ol ulalanda hem köne endigi boýunça üst-başyna onçakly üns bermeýär. Çagalykdan arassaçylyga endik edenleriň ulalanda üst-başy, öý-içerisi tämiz, edýän işleri düzgün-tertipli bolýar.

Hiç wagt çaganyň ýanynda gödek sözleri aýtmaly däl. Edep-ekramly adamyň sözleýän dili arassa, salyhatly bolýar. Çaga hem kiçilikden gödek sözleri aýtmagy öwrenmeli däldir. Ol gürlände sypaýy bolmalydyr. Daş-töwerekden gulaga ýat sözleri eşidip gelip, öýde hem şony aýtjak bolsa, munuň gelşikli däldigini dessine oňa düşündirmeli. Şeýlelikde, dil hem möhüm terbiýe serişdesidir.

«Bagtyň açary zähmetde» diýlen düşünje bar. Şol sebäpli çagada zähmetsöýerlik endiklerini döretmegi birjik-de unutmaly däl. «Terbiýäniň täsirlisi endik döretmek» diýlişi ýaly, çaga ýeňil-ýelpaý ýumuşlary ýerine ýetirmäge başdan endik etmelidir. Ene-ata öz perzendine käbir babatda berk talap edijilikli çemeleşmelidir. Muny gorkuzmak arkaly däl-de, düşündirmek, endige öwürmek arkaly talap etmeli. Çaga okuwçy bolsa, gündelik sapaklaryna taýýarlanmagyny, öýüň içinde käbir ýeňil-ýelpaý işleri ýerine ýetirmegini ýola goýmaly. Käbir ene-atalar çagalarynyň artykmaç ýükünden howatyrlanyp, olary öý borçlaryndan halas edýärler. Şeýlelikde, uly ýalňyşlyga ýol berýärler. Çaga garasöýmez bolup ýetişýär. Çaga wagtly-wagtynda ýatyp-tursa, iýip-içse, özüne degişli ýumuşlary öz wagtynda ýerine ýetirse, ulalanda zähmetsöýer hem-de tertip-düzgünli, özünde jogapkärçiligi duýmagy başarýan adam bolup ýetişer.

Çagalaryň häsiýetindäki we özüni alyp barşyndaky näsazlyklar aglaba ýagdaýda maşgala gatnaşyklaryndaky, maşgala terbiýesindäki kemçilikler netijesinde döreýär. Ata-eneleriň ýa-da olaryň birisiniň özüni alyp barşynyň üýtgemegi maşgalada dawaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirýär. Çagalary terbiýelemekde kyn ýagdaý döreýär. Terbiýe meselesinde ata-eneleriň özlerine bolan talap edijiligi çagasyna bolan talap edijiliginden has ýokary bolmalydyr. Ata-eneler öz şahsy meselelerini çagalaryny birahat etmezden çözmegi başarmalydyr. Şol bir babatda çagalary üçin öýde abadan, asuda ýagdaýy döredip, olary hemmetaraplaýyn goldamak başartsa, şonda ata-eneler we çagalaryň arasynda örän oňat gatnaşyk hem-de düşünişmek ýagdaýy höküm sürer.

Bir yanıt yazın