You are currently viewing Bilesigelijilik we ýüreklilik duýgularyny güýçlendiriň

Bilesigelijilik we ýüreklilik duýgularyny güýçlendiriň

Çagalar doglanlarynda täze gelen dünýälerini açýarlar. Açyşlar olara uly lezzlet berýär. Açyşlaryňyzy olar bilen paýlaşyň. Geçirilen bir barlaga görä ene-atalaryndan ruhy güýç alan çagalaryň durmuşda has köp üstünliklere eýe bolandyklary subut edilendir.  Sütem edip, zulum bilen ýetişdirilýän çaga sussupes, ruhy göýdük, egni gysyk bolýar. Çagalar elläp-degip, tagamyny dadyp açyş edýärler. Siz hem olar bilen bilelikde açyşa çykyň. Bir oýunjagyny alyň, eýlesine-beýlesine seredişdirip, soňra ýene çagaňyza beriň. Ýerde çagaňyz bilen bilelikde togalanyň, olar bilen bilelikde emedekläň. Bu barada iň oňat nusga hökmünde Hormatly Pygamberimiziň (saw) agtyklaryny arkasyna alyp gezdirmegini, olaryň arzuwlaryny ýerine ýetirmek üçin elinden geleni gaýgyrmandygyny görkezmek bolar.

Bir yanıt yazın