You are currently viewing ÇAGA TERBIÝESINDE KÖNELMEÝÄN USULLAR

ÇAGA TERBIÝESINDE KÖNELMEÝÄN USULLAR

Çagalar biziň güllerimizdir. Olar ýetişip, kemala gelip geljekde biziň miwelerimiz bolarlar. Şu günlerde kiçi bolup bilerler, emma olar ertirki günüň ululary bolarlar.

Çagalyk şol bir wagtyň özünde şekillenme döwri diýmekdir. Onda, çaga geljekde süňk kimin berkäp, üýtgedilmegi aňsat düşmejek ahlagyny, häsiýetlerini, endiklerini kimden öwrenýär? Oňa kimler has güýçli täsir edýär?

Amerikada çap edilýän “USA Today” gazetindäki bir makalada “9-10 ýaşlaryndaky çagalaryň gözünde birinji derejeli adam kimdir?” diýen sorag bilen baglanyşykly bir anketanyň tejribe netijeleri neşir edilipdir.

Şol netijä görä kyrk dört şäherdäki 21000 okuwçynyň aglabasy gahryman hökmünde öz ene-atalaryny görkezipdirler.

Bir yanıt yazın