You are currently viewing Mukaddes mekan we tagan

Mukaddes mekan we tagan

Maşgala eneden, atadan hem-de çagalardan ybarat mukaddes mekandyr.

Taganyň üç aýagyny ýatladýan bu üç mukaddes barlykdan biri bolmasa, oňa dokuzy düzüw maşgala diýip bolmaýar. Taganyň bir aýagy kem bolsa, durmaýşy ýaly, maşgalada hem bularyň biri kem bolsa, onuň dowamaty ýokdur. Maşgalany düzýän  bu mukaddes mekanda  enäniň-de, atanyň-da, çagalaryň-da öz orny bardyr.

Maşgalany emele getirýän şahslar  nähili bolmaly? Olaryň hersi barada aýratyn durup geçmegi makul bildik.

Birinji mukaddes barlyk: Ene. Ene milleti ýetişdirýän, maşgalanyň iň möhüm şahsydyr. Ol milleti ýugurýan mukaddes el we içeriniň ilkinji öýjügini döredýän gurujydyr. Biziň dinimizde enä berlen gadyr-gymmaty, orny başga dinlerden tapyp bolmaýar. Ol mähir çeşmesidir. Perzentleriniň ugrunda her dürli kynçylyklara, azaplara döz gelýän, özi iýmän iýdirýän, geýmän geýdirýän bu ägirt barlyk barada “Jennet eneleriň aýaklarynyň aşagyndadyr” diýlip, olaryň derejesiniň nähili belentligi açyk görkezilipdir. Bu beýik barlygyň rahatlyk tapýan ýeri öýüdir. Bu barada sözümizi jemläp: “Alla ene bilen perzendi biri-birinden jyda düşüreni kyýamat güni söýenlerinden jyda düşürer” diýen hadysy ýatladasym gelýär.

Ikinji mukaddes barlyk: Ata. Ata daýanjyň, diregiň nusgasydyr. Ol ýaradylyş manysyna görä, hemişe mertebesi belent, akylly-paýhasly, ünsli bolmalydyr. Işi öýüniň daşyndadyr. Ýerine görä daýhançylyk bilen, ýerine görä edarada, ýerine görä söwda bilen meşgullanar. Ekmek, ormak, dikmekden başlap, iň agyr işlere çenli ählisi onuň boýnundadyr. Bu ikinji mukaddes barlygy hem bu işlerden aýryp, aýallara degişli öý işlerine baglap goýsak, olara hormat goýmadygymyz bolar. Eger öýüň erkegini hem, aýalyny hem daşarda işlemäge mejbur etsek bolsa, çaga ýalňyz, gözegçiliksiz galar. Erkegiň borjy maşgalany mesgen, iýmek-içmek, geýim-gejim bilen üpjün etmek, çagalaryny bilimli, milletiň buýsanjy edip ýetişdirmekdir.

Üçünji mukaddes barlyk: Çagalar. Maşgalanyň üçünji şahsy çagalardyr. Milletler uly daragt bolsa, çagalar ol daragtyň pyntygy, öseridir. Çaga öýüň bagtyýarlygydyr. Maşgalada bolýan her hereket, edilýän iş, çaga tarapyndan surata düşürilýändir we wagty gelende çaga olary ýeke-ýeke ene-atanyň ýadyna salar. Ene-atalar çagalaryň iýip-içmegine, geýim-gejimine üns berşi ýaly, olary bilimli, terbiýeli edibem ýetişdirmelidir. Olaryň halypalary, mugallymlary bilen ýakyn gatnaşyk saklamalydyr. Çaga terbiýesi üçin zähmetini-de, yhlasyny-da gaýgyrmaly däldir. Onuň maddy we ruhy dünýäsiniň abat, sagdyn we bagtyýar bolmagyna üns bermelidir. Mundan has ähmiýetlisi çaganyň ruhy dünýesini ösdürmegi, kämilleşdirmegi, ýaradalyş manysyna düşünip bilmegi, hatda Rabby bilen köňül baglanyşygyny gurup bilmegidir. Gowy dost saýlamak, bilim we terbiýede dogry ýola düşmek, her ýaşynda zerur bolan düzgün-tertip çaganyň mätäçliklerinden diňe käbirleridir.

Bir yanıt yazın