You are currently viewing Kämil maşgala

Kämil maşgala

Milletiň ömrüniň dowamlylygy we bakylygy, ýetişdiren nesillerine baglydyr. Milli duýgulary we milli ruhy kämil nesillere… Milletler özleriniň dowamaty üçin ajaýyp nesil ýetişdirmedik bolsalar, geljekleri tüm garaňkylykdyr. Şübhesiz, nesil terbiýesinde iň möhüm wezipe ene-atalara, maşgala ojagyna düşýär.

Maşgala – jemgyýetiň iň esasy sütünleriniň biri. Bu sütün näçe mäkäm bolsa, mil­let we döwlet hem şonça sars­maz bolar. Şonuň üçin milletiň we döwletiň bu esasy sütünine juda ähmiýet bermeli. Eger-de bu mesele babatda ha­ýal-ýagallyga ýol berilse, bu tutuş milletiň ykbalyna biparh garaldygy bolar. Ýeri gelende, milli ahlak we adamkärçilik, ruhy-ynanç esaslarymyzy göz öňünde tutmazdan gurlan maş­galalaryň milletiň bitewi ruhuna ýara salyp biljekdigini-de ýatdan çykarmaly däldiris.

Hawa, haram keýpi-sapa, ah­lak bozuklygy ýaly çüýrük esas­lar üstünde bina edilen mak­satsyz ojak, milletiň gelje­gine ýagty saçyp bilmez. Şeýle ýagdaý milleti ruhy göýdüklige sezewar eder. Şeýle ojakdan diňe köçe ykmandalary ýetişer.

Aslynda ýaşap ýören şu Älemimizde her hadysa bir sebäbe baglanandyr. Sebäpleri ünsli yzarlasak, Allahyň ýardam we enaýaty bilen, köp meseläni çözmegi başararys. Ýalňyş ýol­dan gitmezlik üçin, her meseläniň sebäbini, başlangyjyny gözden geçirmeli. Soňra, Allahuta­galanyň ýardamyna bil baglap, netijesiniň haýyrly bolmagy üçin, diňe Oňa ýalbarmaly.

affection baby baby girl beautifulMaşgalany kämil we pugta esaslarda bina edeniňden soňra, elbetde  Altyn nesiller barada söz açsa bolar. Ýöne meseläniň kökünde näsazlyk bar bolsa, has soňraky işlerde hem näsazlyklar ýüze çykyp ugrar. Asly päk bolan bir maş­galada hemme zat ýerli ýerin­dedir. Aýal öz ornuny, erkek öz ýerini bilýändir. Hersi öz jogap­kärçiligini doly berjaý edýändir. Şeýle ojak jenneti mekany ýat­ladýandyr.

Hawa, kämil maşgalada er­kekler aýallarynyň aýby­ny ýüzüne basyp, olary kemsidip, olara zulum edýän däldirler. Aýby bolsa düzedip, ýalňyşy bolsa bagyşlap bil­ýän­dirler. Olaryň ojagynda ýalan-ýaşryk, bassyr-ýussyr ediljek hiç zat ýokdur. Ol öýde hemme zat bolşy ýaly, aýdyň görünýär. Bu sebäpden hem adam aýna­nyň öňünde durup üsti-ba­şyny düzedişi ýaly, perzent hem bu öýdäki sadyk (dogryçyl, ýalan sözle­meýän) aýnalaryň öňünde özüniň ruhy dün­ýä­sini düze­dip, gözelleşdirer. Ol öýde bolup geçýän her bir zat tebigydyr, kada laýykdyr, dogrudyr. Sebäbi ol ýerde diňe sadyklar ýaşaýandyr.

Sabyr edýän erkekler, sabyr edýän aýallar, başla­ryna inen durmuş kynçylykla­ryna döz gelip bilýänler, günä işlemegi ýürekden ýigrenýänler özleriniň edep-ekramy bilen daş-töwregindäkilere  we öz çagalaryna şeýle bir oňyn täsir ederler welin, iň jadyly sözler hem olaryň ýanynda örän öçügsi galar.

Allaha sylag-hormaty uly bolan, haram ýollara baş goşmakdan gorkýan, ahyr ömrüni, hasap gününi ýada salyp, ynsan hökmünde özüniň Ýaradanyň öňündäki borç­laryny berjaý etmäge çalyşýan, her daýym Hakdan jyda düş­me­ýän maşgalada doglan çaga­nyň görjegi-de päk, arassa durmuş bolar. Şeýle maşgalada çagalar hemişe mähir-muhabbe­tiň, asuda­lygyň, agzybirligiň tämiz howasynda ýaşarlar.

Ene-ata çagalaryna eýe çykyp, olaryň aň-düşünjelerini il-güne, Watana, ynanç we ahlak esaslaryna bolan çäksiz söýgi bi­len ýugrup ösdürip bilse millet binasynyň ömrüni uzaltjak be­ýik sütün diken ýaly bolar. Haçan-da munuň tersi bolan­da, ýagny perzent ene-atanyň däl, köçe terbiýesi bilen ýetişende, milletiň ruhuna bitmejek ýara salan ýaly bolar. 

Çaganyň ilkinji mugallymy enedir. Eneleriň esasy wezipesi kämil nesil ýetişdirmekdir. Milletiň geljegini kesgitleýän zat – nesildir.

Bir yanıt yazın