You are currently viewing ÇAGA TERBIÝESI BABATYNDA  ENE-ATALARYŇ MUGALLYMLARY GOLDAMALY ÝERLERI

ÇAGA TERBIÝESI BABATYNDA  ENE-ATALARYŇ MUGALLYMLARY GOLDAMALY ÝERLERI

 (Makalanyň awtory Adam Hatç Taýwanda çagalara iňlis dilinde ylmy makalalary ýazmagy öwredýän ýörite mekdebiň düýbüni tutujy mugallym)

Hormatly ene-atalar!

Gynansagam, häzirki wagtda biz bilim ulgamyny ösdürmek meselesine onçakly çynlakaý çemeleşilmeýän we mekdepdir mugallymyň jemgyýetdäki wezipesine ähmiýet berilmeýän döwürde ýaşaýarys. Hut şonuň üçinem okuwçylar bilen ýüze çykýan islendik meselede ilki bilen mugallymlary günäkärleýäris. Emma mugallym bilen ene-atanyň wezipesini deňeşdiren ýagdaýymyzda welin, haýsysynyň jogapkärçilikginiň has ýokarydygy mese-mälim bolar duruberer.

Aslynda, okuwçynyň hakyky mugallymy onuň ene-atasydyr. Ene-ata mekdebe nähili göz bilen garaýan bolsa, çaganyň hem oňa edil şol zeýilli garajagy şeksizdir. Şonuň üçin çagalaryň ukybyny ösdürmek işinde mugallymyň netije gazanmagy ýene-de ene-atanyň öz maşgalasynda görkezýän göreldesine bagly bolup durýar. Başgaça aýdanymyzda, çaga bilimdir terbiýe bermek babatynda ene-atalar mekdep mugallymlaryna goldaw bermeli. Ene-atalar, aşakda sanaljak bäş ýerde mugallymlary goldamaly:

Birinjisi: Çaga nädogry iş edeninde onuň ýüzüni ýuwmaga çalyşmaly däl.

Ýalňyşmaýan adam ýok. Hasam, çagalar köp ýalňyşýar. Terbiýäniň düýp manysy, ýalňyşanyňdan soň öz ýalňyşyňa düşünmekden ybaratdyr. Ine şonuň üçinem çaga okuwa gija galsa, ýa öý işlerini berjaý etmese ýa-da, synpda özüni gödek alyp barsa, ene-atasy asla onuň ýüzüni ýuwup, tarapyny tutujy bolmaly däl!

Muňa derek, gaýtam onuň nädogry iş edýändigini düşündirmelidir. Özüni ýalňyş alyp barýandygyny çaga mugallymdan has köp onuň ene-atasy düşündirmeli. Sebäbi mugallym çaga bilim berip biler, emma terbiýä gezek gelende, ene-atanyň täsiri mugallymdan has uludyr. Çaga nädogry iş eden mahaly özüniň käýeljegini, hatda gerek ýerinde gatyrak daraljagyny hem bilmeli. Ol muňa birbada bolmasa-da, soňlugy bilen endik eder. Şeýlelikde çagasynyň terbiýesiniň kem-kemden düzelýändigine ene-atanyň özi hem şaýat bolar.

Ikinjisi: Çagany gözden salmaň, onuň aýdylany edip-etmeýändigini biliň!

Çagalara her gün agşam «näme iýjek» diýip sorasaň, elbetde bary biragyzdan «doňdurma» diýip jogap berse gerek. Bu ýerde geňläp oturasy zat ýok, sebäbi olardan iýýän zadynyň ýokumynyň köplügini ýa-da azlygyny seljermegi garaşyp bolmaz. Bu aýdylanlar öýe tabşyrylan ýumuşlar üçin hem degişlidir. Öý tabşyrylan ýumuşlar çaga üçin ullakan güzap bolup görüner. Çaga her edip hesip edip, olardan çaltrak dynmagyň aladasyny eder. Öý işlerine sähel göz aýlaga-da, kompýuteriň ýa-da telewizoryň öňüne çöksem diýer. Ýeri onsaň, biz çagamyzy nädip öý işlerini doly we birkemsiz berjaý eder ýaly derejä ýetirip bileris?

Durmuşyň öňümizde keserdip goýan bu sowalynyň ýeke-täk jogaby bar: ene-atalyk borjuny dogry berjaý etmek. Çaganyň dogry iýmtilenip iýmitlenmeýändigine gözegçilik etmek ene-atanyň borjudyr. Edil şonuň ýaly, olara mekdepde nähili ýumuşlar tabşyrlandygyny bilmek hem-de şolaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek hem ene-atanyň borjudyr. Eger çaga mekdepde tabşyrylan ýumuşlara deňiç ene-atasynyň bar zada gözegçilik edýändigini bilse, onuň jogapkärçilik duýgusy hem öser. Şonuň üçin çagaňyzyň öýe tabşyrylan ýumuşlary berjaý edip etmeýändigini biliň, olary asla gözden salmaň!signal-2018-11-08-161302.jpg

Üçünji: Çaganyň zehinini küteljek zatlardan ägä boluň!

Kompýuter oýunlary, bir söz bilen aýdanyňda, mugallymyň iň uly duşmanydyr.

  • Telewizordyr jübi telefonlary ýaly enjamlar çagany köpçülige goşulmakdan,
  • arassa howada beden maşklaryny ýerine ýetirmekden we,
  • iň esasy hem, kitap okamakdan alyp galýar.

Eger ene-atalar öz çagasyny mümkingadar bu enjamlardan daşlaşdyryp bilseler, onda mugallymlara ullakan kömek etdikleri bolar.

Bu aýdylanlary «çagany tehnologiýa enjamlary ulanmakdan bütinleý gadagan etmeli» diýip düşünmeli däl. Ýöne belli bir çägi hem saklamak gerek.

  • Mysal üçin, günde bir sagatdan köp telewizor görülmese ýagşy.
  • Kompýuter oýunlary hepdäniň ahyrynda ýa-da okuw ýok wagtlary oýnalsa has gowy bolar.
  • Jübi telefonlary hem häzirki döwrüň iň bir wawaly meseleleriň biri. Telefonda zehini küteldiiji oýunlar bolmaly däl, şeýle-de gije-gündiz telefona bagryňy berip ýatmak hem dogry däl.
  • Kompýuter oýunlaryny oýnamaga derek çagalary kitap okamaga, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmaga höweslendiriň. Diňe şeýtmek bilen siz olary tehnologiýa enjamlarynyň owsaryndan halas edip bilersiňiz!

Dördünjisi: Olara görelde görkeziň!

Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, çaga ilki bilen öz ene-atasyndan görelde alýar. Başgaça aýdanyňda, siz nähili bolsaňyz, çagaňyz hem şeýle bolar.

  • Eger siz eliňize kitap almasaňyz,
  • çagaňyzyň öý işlerini barlamasaňyz we
  • her gün telewizoryň başynda nahar iýseňiz,

çagaňyz hem siziň edeniňiz gaýtalar.

  • Emma düşege geçmezden ozal birsalym kitap okasaňyz,
  • çagaňyzyň sapaklary bilen gyzyklansaňyz we
  • garaňky düşenden soň telewizory öçürseňiz, onda çagaňyz hem şoňa endik eder.

Bu barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Akylly-başly ene-atalaryň çagalary hem akylly-başly bolýar. Çagaňyzyň nähili bolmagyny isleýän bolsaňyz, ilki bilen özüňiz şonuň ýaly boluň, oňa görelde görkeziň!

Bäşinjisi: Mugallymlar bilen arkalaşyň, olaryň ýoluna böwet bolmaň!

Mugallymlary goldaň! «Mugallym» diýlip baýamak üçin däl-de, ýaş nesilleri ýetişdirmek üçin şeýle käri saýlap alan adama aýdylmaýarmy ahyry?! Beýle bolsa, ene-atalar mugallymlary ähli taraplaýyn goldamalydyr.

«Pes baha goýupsyň!» diýip mugallyma azgyrylmak dogry däldir! Mugallym okuwça pes baha bermek bilen, ene-atanyň ünsüni çekýär, oňa çagasynyň sapaklara taýýarlanmagyna ýardam bermelidigini habar berýär. Ene-atalar mugallyma dogry düşünjek bolmaly. Gepiň gysgasy, mugallym hiç bir ene-ata ýamanlyk islänok. Sebäbi her bir okuwçyny öz çagasy ýaly eý görýär.

Bir yanıt yazın