You are currently viewing Dünýä belli tanymal adamlaryň 4 häsiýeti

Dünýä belli tanymal adamlaryň 4 häsiýeti

Dünýä belli käbir tanymal adamlaryň birmeňzeş aýratynlyklary bardyr. Meselem öz energiýalaryny howaýy zatlara sarp etmek bilen esasy maksatlaryndan daşlaşdyrýan ýagdaýlardan gaça durýarlar.

“Öz energiýaňy sarp edýän zatlaryň, durmuşa garaýşyňy kesgitlär.”

Köp adam energiýasyny dogry işlerde ulanmaga synanyşar we özüne peýdasy bolmajak zatlary hem durmuşlaryndan daşlaşdyrmaga synanyşarlar.

Dünýä belli,  birnäçe üstünliklere we abraýa eýe bolan adamlaryň, energiýalaryny harlamazlyk üçin daşda durýan 4 hereketine syn edeliň:

  1. Öýke-kine etmek

Durmuş öýke-kine saklamak üçin diyseň gysgadyr.”– Bill Gates

Ýakymsyz duýgular, biziň aň-düşünjämiziň ýaramly duýgulara garaňda has köp yadamagyna sebäp bolar. Eger aň-düşünjämiz dowamly halatda kine, erbetlik, görüplik ýaly ýakymsyz pikirler bilen başagaý bolsa, onda biziň energiýamyz kem-kemden azalar we esasy zerur meseleler bilen gyzyklanmagymyz kynlaşar.

Bill Gates ýaly başarjaň kişiler, durmuşda elmydama dogry ýoldan gitmegiň zerurlygyny nygtapdyrlar. Gürrüňdeşlikleriniň köpüsinde hem, dowamly ýakymly pikirlere bil baglamagy maslahat beripdirler.bill

Ejiz ynsanlar ar alar, gaýratly ynsanlar bagyşlar, akylly ynsanlar görmediksirän bolup hereket ederler.”- Albert Eýnşteýn

 

  1. Ýönekeý we çäkli pikirlenmek

Riçard Branson we maşgalasy günleriň birinde uçar bilen Porto Riko şäherine gitmekçi bolan wagtlary uçar gatnawlary ýatyrylýar. Ýüzlerçe ýolagçy arz edip öz içlerinden hüňürdeýän mahaly, Riçard Bransynyň aklyna şeýleräk pikir gelýär.

richardRiçard ýatyrylan uçaryň ugrundan gatnaýan başga uçarlaryň gözlegine çykýar. Ýanyndaky ýolagçylaryň ählisiniň ýerleşip biljegi täze gatnawyň bardygyny görýär we dessine ol uçary kireýne tutýar. Soň bolsa ýaňky hüňürdeşip duran ýolagçylaryň hemmesine, özüne 39 Amerikan dollaryndan gazanç edip, oturgyç peteklerini satýar.

Garaşylmadyk ýagdaýlarda, täze pikirleri oýlap tapyjylyk häsiýetleri durmuşdaky birnäçe başarjaň ynsanlaryň meňzeş aýratynlyklarynyň biridir. Elbetde bu ýagdaý aňymyzdaky araçäkleri aradan aýyrmak bilen mümkin bolar.

Oýlap tapyjylyk, nämälim bellikleri birleşdirmekdir.”– Stewe Jobs

 

  1. Arz etmek we başgalaryny günäkärlemek

 Başarnykly ynsanlaryň durmuşyna sereden wagtyň, olaryň nähili bir waka bilen ýüzleşen halatlary arz etmek ýerine wakalar bilen içgin gyzyklanýandyklaryny, bir mesele bilen gabatlaşsalar, dessine şol meseläniň çözgüdiniň gözlegine çykýandyklaryny görmek mümkindir. Munuň esasy sebäbi bolsa, arz etmek ýada bir günäni başga birileriniň üstüne ýapmak arkaly, hem ýakyn möhletli hem uzak möhletli hiçbir peýdasynyň bolmaýanlygydyr.tony3

Çyn ýolbaşçylar wagtlarynyň ýüzden 5 göterimini ýüze çykan mesele bilen gyzyklanmak üçin, galan 95 göterimini bolsa meseläniň çözüm ýollaryny tapmak üçin sarp ederler.”- Tony Robbins

 

  1. Aladasyz hem biperwaý ýaşamak

 Elmydama işjeň ýaşamak, täzelikleriň gözleginde bolmak, ýeri gelende käbir amala aşyrmak isleýän zatlarynyň netijesiniň howply bolmagyna garamazdan, synanşyp görmek birnäçe başarjaň ynsanlaryň birmeňzeş aýratynlygydyr.

Aslynda Elon Musk ýaly biriniň SpaceX kärhanasyny dikeltmeginiň aňyrsynda ýatan syr hem ýokarda agzalanlardan ybaratdyr diýseň ýeridir. Ilki başda göz öňüne getiren maksatlarynyň hiçbiri hakynda ýeterlik maglumaty ýokdy. Muňa garamazdan täze täze kärhanalary barada hyýallar gurdy. Şol arzuwlaryny durmuşa geçirmek üçin bolsa soňundan ýüze çykmagy ähtimal howplara garamazdan elindäki bolanja emlägini sarp etdi.  Belkem Elon Musk entäk işiň başynda wagty şeýleräk pikir edibem bilerdi. “ Hyýalyny edýän zatlarym bilen hiç synanyşmaýyn. Sebäbi tok bilen ýöreýän maşynlar we täzeden dikeldilýän raketalar bilen bagly ýeterlik maglumatym ýok.”elon

Beýgelmek üçin iň amatly pursat, başgalarynyň haýsydyr bir howpdan gaçýan mahaly, seniň batyrgaý hereket edýän wagtyňdyr.”- Andrew Garnegie

 

 

 

 

 

Bir yanıt yazın