You are currently viewing Çagalary nähili sagdyn iýmitlendirmeli?
Photo by Ella Olsson on Pexels.com

Çagalary nähili sagdyn iýmitlendirmeli?

Sagdyn iýmitlenmegi adat halyna getirmek üçin peýdaly maslahatlar:

  1. Hepdelik plan düzüň. Çaganyň okuw wagty nähili bolsada, günüň dowamynda 4 wagtyna iýmitlenmelidir. Öýde we daşarda sarp edýän iýmitlerini onuň halajak şeklinde, peýdaly iýmitlerden guty taýýarlap, fast food (taýýar önümler) iýmesiniň öňüni almak maslahat berilýär.
  2. Agşam naharlarynyň menýusyny düzüň.
  3. Çagalaryň ünsüni çekjek miwelerden we gök önümlerden şekilller ýasap, olaryň işdäsini açyp bilersiňiz.
  4. Aşhanada bilelikde dürli tagamlar taýýarlap bilersiňiz.
  5. Sagdyn iýmitlenmekde çagalaryňyza görelde boluň.
  6. Söwda merkezlerine, kinoteatrlara gideniňizde çipsi, patrak, gazly suwlar, doňdurma ýaly zatlary iyip-içmeklerini adat halyna getirmäň. Esasy maksat çagalaryň nähili aralykda şu önümleri iyip-içýänligine üns bermekdir.

 

Çaganyň howlukman iýmitlenmegi hem örän zerurdyr, sebäbi ol her bir bölejigi mazaly çeýnäp, höwes bilen iýmelidir. Iýmit eýýäm agyz boşlugynda tüýkülik bilen bölünip çykýan amilaza fermentiniň kömegi bilen özleşdirilip başlanýar. Çaga näçe haýal we arkaýyn iýip-içse, iýen nahary şonça-da ýeňil siňýär. Çagany howlukdyryp dursaňyz, onuň iýmitlenmäge höwesi bütinleý ýitmegi ahmal.

Çagany gereginden artyk iýmitlendirmek zyýanlydyr. Çaganyň öňki iýen nahary siňip ýetişmänkä, ony ýene-de naharlasaňyz, ol hemişe bir zat iýip durmaga endik edýär. Soňra çaga aç bolmagyň nämedigini unudyp, iýmäge näme hödürlenilse, ondan ýüz öwürmeýär. Diňe iýmäge öwrenişen çaga fiziki hereket etmegi kyn görýär, ol aşa semreme bilen bolýar. Beýleki çagalar oýna güýmenseler, iýermen çaga hereket etmän oturanyny kem görmeýär. Çagaňyz şeýle ýagdaýa uçramaz ýaly, ony wagtly-wagtynda, diňe ajygyp  başlanda naharlamalydygyny unutmaň.

Bir yanıt yazın