ÇAGA HAÝSY ÝAŞDA EL TELEFONY ULANDYRYP BOLAR?

Ussat pedagog Ishak Orhan çagalarda el telefony, planşet we kompýuter ýaly enjamlary ulanmak endiginiñ 3 ýaşa çenli baryp ýetendigini aýtdy. “Eger ene-atalar ir ýaşlarda çagalaryna el telefony, planşet we kompýuter ýaly tilsimatlary uzak wagtlap oýnamaga ýada ulanmaga berýän bolsalar, onda olar öz elleri bilen öz mähriban çagajyklaryny zäherleýärler. Sebäbi bu enjamlar gönüden göni çagajyklaryñ beýin öýjüklerini öldürýâr. Aýratynda çagalarymyzyñ ilerki durmuşyndaky edinjekleri şahsyýetiniň 60 göterimi ilkinji 6 ýylynda (ýagny 6 ýaşyna çenli) meýdana gelýär. Ilkinji 6 ýylynda el telefony, planşet we komýuter ýaly enjemlar berilen ýagdaýynda çagalaryň hyýaly dünýäleri daralýar, pikir öndürijiligi we tankyt etmek duýgusy ýitip ýok bolýar. Çagalarymyz köp taraplaýyn ünsüni jemlemegi ýitirýär.” diýip bilermen belleýâr.

ŞOWSUZ BOLUP BILERLER

Pedagog Ishak Orhan el telefony ýaly enjamlary ulanýan çagalaryň durmuşda şowsuz boljaklaryny belleýär. Mysal üçin çagalarymyzy çagyran wagtymyzda bizi eşitmeýärler, byrzatlar aýdan wagtymyzda bize düşünmeýärler. Bu enjamlaryň zyýanlary has erbet derejelere çykyp bilýär. Emma gynansakda çagam goh çykarmasyn, aglamasyn diýip ene-atalar çagalaryna bu enjamlary köp berýärler. Şeýle bolany üçin çagalar hasam doýumsyz bolýarlar, oýnadygyça oýnaslary gelýär. Kä halatlarda bu enjamlary olaryň elinden almak has kyn bolýar. “Şeýlelik bilen çagalar akyllaryny ulanyp bilmezler, kellesi işlemän şowsuz boljaklar” diýip pedagog belleýâr. Öýde ene-atalara, mekdepde bolsa mugallymlara uly iş düşýär. Belli ýaşlara çenli bu enjamlar çagalara berilmeli däldir.

ÝETGINJEKLIK ÝAŞYNA ÇENLI BU ENJEMLARY BERMEJEK BOLALYŇ

Bilermen el telefony ýaly enjamlary çagalara ýetginjeklik ýaşyna çenli berilmese has gowy boljagyny belleýär. Çagalara bu enjamlary berenimizde olar gaty gowy ulanar we ene-atalar munuň bilen öwünerler. “Meniň çagam kompýuterden gowy başy çykýar. Meň çagam 3-4 ýaşynda bolsada planşet şeýle başarjaň ulanýar.” Bu pikirler aslynda gaty ýalňyş pikirler. Bu enjamlar gynansakda çagalarymyzy sähne ýaly edip biler. “Meniň pikirimçe çagalarymyza ýetginjeklik ýaşyna çenli bu enjamlary bermeli däl. Ýetginjeklik ýaşyndan soňra berilen ýagdaýynda hem bir sagady geçmeli däl. Sebäbi bu erbet özüne maýyl ediji keseldir.” diýip bilermen belleýär.

Bir yanıt yazın