You are currently viewing Siz nähili terbiýäni miras galdyrýarsyňyz?
Photo by ayidh on Pexels.com

Siz nähili terbiýäni miras galdyrýarsyňyz?

Çölde ýaşaýan bir garyndaşymyňka görme-görşe barýardym. Bir sebäp bilen düýämden düşüp, ilerräk ýöränimem şoldy welin, düýäm patanaklap gaçyp ugrady. Men hem etek alty-ýeň ýedi, düşdüm yzyna. Agşama çenli kowalap, sütünim süýndi. Ahyry-da, bir çatmanyň öňünde duran düýeleriň arasyna goşuldy. Men hem açlykdan we teşnelikden ýaňa, şol ýerde ýykylyp galdym. Çatmadan çykan bir zenan meniň bu gözgyny halymy görüp, iki elini bykynyna urup:

– Sen kim, näme işläp ýörsüň bärde? – diýip sorady. Men:

– Garyndaşlarymyňka barýardym. Düýämi gaçyrdym, ahyry şu ýere gelip durdy. Uzynly gün yzynda selpäp, gymyldamaga mejalym galmady – diýdim. Zenan ýüzüni kürşerdip:

– Hudaý beren çöle sygmadyňmy? Biziň myhman kabul etmäge ýagdaýymyz ýok… – diýip, çatmasyna girip gitdi. Desterhan ýazyp, çagalary bilen nahar iýmäge başlady…

Az salym soňra adamsy gerdenine bir halta ýükläp geldi. Haltany egninden düşürip, töweregine garanjaklanda, meni gördi. Derrew ýanyma gelip, dikelmegime kömek etdi. Hal-ýagdaýymy sorady. Men oňa-da:

– Düýämi gaçyrdym. Şu ýerde saklandy. Essim aýylyp, şu ýerde ýykylyp galdym – diýdim. Ol ýigit:

– Görgi baryny görüpsiň. Myhmana hyzmat etmegiň sogaby uludyr. Hany, gel  – diýip, meni öýüne çagyrdy. Saçagyň başynda oturtdy. Nesibämde baryndan garbananymdan soňra çölde başyma düşenleri, düýämiň gaçyşyny, ony yzarlaýşymy gürrüň berdim. Soňra, öý eýesi düýeleriniň arasyna baryp, meniň düýämi idip çykardy. Şol ýerde-de soýup, gözümiň öňünde etinden kebap pişirdi. Bile oturyp, şol kebapdan iýdik. Ertesi ir bilen ýola düşmek islänimde, düýämiň etinden ýol azygy taýýarlatdy. Soňra bolsa, öz düýeleriniň arasyndan iň naýbaşylaryndan biriniň owsaryny elime tutduryp, “Al, indi bu seniň düýäň, nesip etsin. Gözleýän garyndaşyňka-da sag-aman bar” diýdi. Ep-esli ýere çenli ugratdy. Ýöne, bu aralykda, ilki maňa nahar bermedik aýaly-da hüňürdäp, adamsyna agzyna gelenini aýtdy.

Men çölde agşama çenli garyndaşymyň öýüni gözledim, emma tapyp bilmedim. Şol agşam ýene bir çatmanyň golaýynda goş ýazdyrmaly boldum.  Bu gezek-de çatmadakylardan meni ilki gören bir zenan maşgala boldy. Ol edep bilen: “Kim bolarsyňyz?” diýip sorady. Men “Garyndaşyny gözleýän bir myhman” diýdim. Bu zenan öňki zenanyň tersine, myhmana hezzet-hormat etmegiň sogaplary barada gürrüň edip, maňa nahar we suw iberdi… Şol wagt hem adamsy ýetip geldi. Myhmana nahar berýändigini gören erkek kişi: “Sen öz garnyňy bir ibaly doýrup bilýäňmi, myhmana hödür-kerem eder ýaly?” diýip, aýalyna azgyrylyp ugrady.

Örän geňdi. Ilkinji baran öýümde zenan husyt, bu öýde bolsa erkek husyt. Onsoňam, ol husyt zenan bilen bu husyt erkek bir-birlerine örän meňzeşdi. Bulary aňymda aýlap durkam, husyt kişi ýanyma geldi. Oňa bu geň hadysany gürrüň berenimde, gülüp, şeýle diýdi:

– Ol çatmada saňa nahar bermedik husyt aýal meniň uýamdyr. Bu çatmada saňa nahar iberen aýal-da, şol jomart erkegiň uýasydyr. Her kim öz ömrüniň dowamynda maşgaladan alan terbiýesini dowam etdirýär. Biziň maşgalamyzdan bize garasöýmezlik, husytlyk terbiýesi, olara-da maşgalasyndan jomartlyk, myhmansöýerlik terbiýesi miras galypdyr. Bu ýerde geň zat ýok. Bary maşgala terbiýesi bilen baglanyşykly zatlar.

Eziz okyjylar, indi bolsa, geliň özümize şu sowaly berip göreliň:

– Biz çagalarymyza nähili görelde görkezýärkäk? Olara nähili terbiýäni miras galdyrýarkak? Asyl pikirlenmeli meselelerden biri-de şu bolsa gerek.

Bir yanıt yazın