You are currently viewing Çagany nähili kämilleşdirmeli?

Çagany nähili kämilleşdirmeli?

Perzendiň binýadam, özenem, hamyrmaýasam ata-enedir.

Ösümligiň tohumyna görä boýy, ýapragy, baldaklary, güli hem-de miwesi bolar. Adamyň ata-enesine görä gylyk-häsiýeti, keşbi we gaýry aýratynlyklary tohumyň ösümlige öwrülişi pisint bolup, kemala geler.

Eý, ata-ene! Perzendiň terbiýesini öz terbiýäňden başla!

Perzendiň kemally bolmagyny isleseň, öz bikemallygyň soňuna çyk!

Perzendiň edepli bolmagyny isleseň, öz biedepligiňi bes et!

Öz-özüňden talap edip bilmeýän asylly, ynsanperwer häsiýetleri perzendiňden talap etmegiň bimany, nälaýyk we hatda gülkünç zatdygyny unutma!

Ilki özüň kämilleş, soň perzendiň kämilleşmegine giriş! Öwüt dil, görelde bilen terbiýele!

Özüň myhmana saçak ýazman, ogluňa myhmansöýerligi ündeseň, pagtabent oky atan adam bolarsyň!

Özüň uýatsyz bolup, gyzyňa edep-haýa ündeseň, sapaksyz iňňe bilen eşik tikjek bolýan ýaly hala düşersiň.

Perzent terbiýelejek bolýan bikemal ata-ene küreksiz gaýyk sürjek bolýan, syýasyz hat ýazjak bolýan, oraksyz orjak bolýan, ganatsyz uçjak bolýan, aýaksyz ýörejek bolýan närse ýaly biakyl we biderek kişilerdir.

Bulagyň suwy hapalansa, sakasyndan, çeşmäniň suwy kesilse, gözünden gör!

Ajaýyp edep-ekram, hoş gylyk-häsiýet, gözel ahlak, kemallylyk — bular perzende bir ýerden gelmeli bolsa, elbetde, ata-eneden gelmelidir.

Perzendiňe ogurlyk zady iýdirip, ona: «Ogurlyk etme» diýip ündeseň ne netije bolar?! Özi towşan awlap, çagasyna ot iýmegi öwretjek bolýan möjegi görüpmidiň?!

Perzendiň halallygy ata-enäniň halallygyndan gözbaş alar. Haramlyk perzende başga bir çeşmedenem gelip biler, emma şeýle halatda ata-enäniň halallygy haramyň öňündäki synmaz böwet bolar.

(Ruhnama, Ikinji kitap, 89-90-njy sah.)

Bir yanıt yazın