You are currently viewing OŇAT EJE BOLMAGYŇ ÝIGRIMI ÝOLY

OŇAT EJE BOLMAGYŇ ÝIGRIMI ÝOLY

Bolmalysy, näme etjegini bilýän, çaganyň bolşuna görä öz hereketlerini üýtgetmeýän, tutanýerli ene-ata bolmakdyr.

1. Oňat ene-ata bolmak üçin öňi bilen gerek zat, ene-atanyň özara ylalaşykly ýagdaýda tutanýerli hereket etmekleridir.

2. Görelde alarlyk ene-ata bolmak üçin okamagy we her hili ylmy/terbiýewi çärelere gatnaşyp, özüňizi kämilleşdirmegi ahmal etmäň.

3. Çagalaryňyzyň haýyrly çagalar bolmagyny isleýän bolsaňyz, sizem haýyrly ene-atalar bolmak üçin jan etmelisiňiz we dileg-doga etmelisiňiz.

4. Ene-atalyk edebini öwrenmek entek durmuş gurulmanka başlanýandyr.

5. Durmuş gurulmanka iki tarap birek-biregi saldarlap gören pillesi gelejekde özlerine amanat beriljek çagalaryň ene-atalary bolmalydyklaryny göz öňünde tutmalydyr. “Men bu adam bilen durmuş gurmakçy bolýaryn welin, munuň ene/ata bolmak ukyby nähilikä? Gaharjaňlygyny men-ä çekerin weli, çagalar näme etmeli borka?..” diýen ýaly pikirler etmeli we meseleleri inçe terezä mündürip saldarlamaly. Sebäbi durmuş gurmagyň iň esasy maksatlaryndan biri her taraplaýyn sagdyn nesliň ýetişmegine goşant goşmakdyr. Şol sebäpden garşyňdaka dogry baha bermek üçin öňi bilen ena-ata bolmaklygyň nämedigini bilmeli.

6. Durmuş gurmakçy bolýan birewler gurjak bolýan maşgalalary we ýetişdirjek çagalary babatda maslahat almak üçin her hili ylmy çärelere, maslahat beriji seminarlara gatnaşyp bilerler. Şeýlelikde durmuş gurmankalar ýa-da guransoňlar gabat gelip biläýjek meseleler babatda öňden taýýarlykly bolansoňlar olaryň ýalňyş goýbermek howpy diýseň azaljak.

7. Çagaňa täsirli ene-ata bolmagyň şertleriniň ýene birem ene-atanyň arasyndaky gatnaşygyň oňyn (pozitiw) häsiýetli bolmagydyr. Çagalaryň özüne ýaramaz çemeleşilmäýende-de, är-aýal arasyndaky goh-galmagalyň köp bolýan öýünde ýetişen çagalaryň psihologiýalaryna öýüň tersin (negatiw, ýaramaz) howasynyň täsiri hökman ýetýär.
8. Öz-özüni tanan birew wagtyň geçmegi bilen özünde bar bolan tersin, ýaramaz häsiýetleri, başgaça aýdaňda, üýtgedip bolaýjak häsiýetleri üýtgedip, ösdürip bolaýjak häsiýetleri-de ösdürip biler.

9. Özüňiziň nähili adamdygyňyzy bilýäňizmi? Ýagşy ene-ata bolmazdan öňürti ýagşy adam bolmaly, şonuň üçin oňyn häsiýetleriňizi hasam güýçlendiriň.
10. Çagamyzyň nähili boljakdygyny kesgitlemek biziň ygtyýarymyzda däl. Emma nähili ene-ata boljagymyzy kesgitlemek biziň ygtyýarymyzda. Idelýän ene-ata bolmagy başarsak, wagtyň geçmegi bilen, idelýän çagalar we idelýän birewler ýetişdirmegiň hötdesinden gelip bileris.

11. Aýal maşgala erkek bilen deňeşdirende beden taýdan ejizdir; ýöne olar duýgy taýdan erkekden has güýçlüdir we bir syhly dowam edip duran kynçylyklaryň öňünde has sabyrlydyr.

12. Aýalyň öýüň içinde ýaýýan energiýasynyň öýi tutuşlygyna öz täsiri astyna alybiljek güýji bardyr. Şol sebäpden eneleriň öýde özlerini pozitiw alyp barmaklary öýüň beýleki agzalaryna-da “ýokuşjakdygy” ikuçsyzdyr. Ýagny enäniň ruhy ahwalynyň we öýüň içinde ýaýýan energiýasynyň çaganyň sapaklara taýynlanyşyna we meseleleriniň hötdesinden gelşine-de öz täsirini ýetirjekdigi eneler tarapyndan ýatdan çykarylmaly däldir.

13. Ene-atalyk duýgusyny başdan geçirmek üçin siz çagalaryňyza mätäçsiňiz. Bu duýguny başdan geçirmegiňize sebäp bolmaklygyň ýanynda, olar maşgala durmuşynyň süýji taraplaryny, öýüň hereketliligini we şatlygyny emele getirýändikleri üçinem olara mätäçsiňiz.

14. Göwrelilik döwründen çaganyň terbiýe meselesi işjeňleşip başlaýar. Eýýäm şol döwürden ene-ata dürli kitapdyr seminarlar arkaly özlerini kämilleşdirip ugramaly we ene göwresindäki çaga öz oňyn täsirini ýetirip biläýjek sazlar diňlemeli, enäni kejikdirjek ýagdaýlardan gaça durmaly.

15. Çagalaryňyzyň ilkinji terbiýeçisi, ilkinji pedagogy siz bolmaly. Şol sebäpden çagaňyzy ýiti synlaň, synlaňyzda-da obýektiw boluň we öňden galan şertli pikirlerden daş duruň. Bir mesele ýüze çykandygyny duýan halatyňyzda bir hünärmene ýüz tutup bilersiňiz.

16. Sabyr bolmazdan bu iş bolmaz!.. Ene-ata bolmagyň ilkinji şerti sabyrly bolmakdyr. Çagalaryňyz bilen araňyzda oňyn gatnaşygyň emele gelmegini isleýän bolsaňyz, ine etmeli zatlaryňyz:
* Olaryň ýerine özüňizi goýup görüň we olara düşünmäge çalşyň;
* Garşylyklaýyn hormata üns beriň;
* Näme bolsa bolsun, olary söýüň;
* Çagaňyz üçin ýörite wagt aýyryň;
* Çagaňyza özüniň gereklidigini duýduryň;

17. Ene-ata güler ýüzli bolmalydyr. Aýna serediň-de boýun alyň: çagaňyzyň öňünde güler ýüzlümi siz?

18. Täsirli ene-ata bolmagyň hökmany şertlerinden ýene biri-de, näme bolsa bolsun, çagaňyzy söýmekden armaň we oňa hormat goýuň. Çagaňyza ak ýürekli çemeleşiň we tutanýerli boluň.

19. Öňürti olary tanaň, soňra bir netijä geliň. Olaryň ruhuna düşünmäge çalşyň, aňastynyň gurluşyny öwrenjek boluň. Soňra bolsa olara nähili çemeleşjekdigiňizi kesgitläň. Çagaňyzy diňlemän, olara düşünmän, olaryň maksatdyr garaýyşlary hakda pikir edinmän, olaryň haýsydyr bir bolşuna gaýtawul bermezligi sizden haýyş edýärin.

20. Göwşak taraplaryňyzy görkezmäň. Duýguçyllygy ýa-da çagany berk tutmagy öz maksady üçin ulanýan ene-ata gowşak ene-atadyr.

Ýasemin Ýalçyn Aktosun