You are currently viewing Ene-atalar çagalaryny ýeterlik derejede tanaýarmy?

Ene-atalar çagalaryny ýeterlik derejede tanaýarmy?

Çaganyň ilkinji mekdebi – maşgala ojagy. Şonuň üçin, ýaşlaryň terbiýesinden mugallymlar bilen bir sanda, ene-atalar hem jogapkärdir. Eger çaganyň hal-hereketlerinde nähilidir bir ýalňyşlyk bar bolsa, mundan ilkinji nobatda ene-ata jogapkärdir. Her ene-ata çagasynyň ýalňyş hereketini görende, özlerine “Biz nirede ýalňyşdyk?” diýip soramaly we bu sowala jogap gözlemeli.

Bir ene göz ýaş döküp gürrüň berýär: “Wah, mugallym! Meniň çagam erbet gylykly dostlarynyň toruna düşdi. Gül ýaly çagady. Sapaklaryna oňat ýetişýärdi. Sözümden çykan wagty bolmandy. Bir gün gelip: “Dostlarymyň ählisinde diýen ýaly kompýuter bar, maňa-da kompýuter alyp beriň” diýdi. “Şu wagt almaga güýjümiz ýetmez, pul jemläp bilsek alarys” diýdim. Wagtyň geçmegi bilen, çagamyň häsiýeti üýtgedi. “Dostlarym bilen sapaga taýýarlanjak” diýip, ýygy-ýygydan öýden gidip başlady. Berýän sowalgamy az görüp, has köp sorap ugrady. Birnäçe gezek sumkamdan menden ogryn pul alansoň, hasam şübhelendim. Özüne bildirmän, yzyna düşdüm. Görsem asyl, sapaga taýýarlanmaga barýan diýip öýden çykyp, billiýard salonuna gidýär eken. Çagam hiç ýalan sözlemezdi. Şeýle bir gynandym welin… Şol gün agşam kakasy öýe gelende, oturyp, meseläni ara alyp maslahatlaşdyk. Çagamy täzeden öýe baglap bilmek üçin, kompýuter alyp bermegi ýüregimize düwdük. Oglumyza eger şol täze edinen dostlary bilem gaýdyp tirkeşmejegine söz berse, kompýuter alyp berjekdigimizi aýtdyk. Nädendir öýdýäňiz, ötünç sorap, söz berdi…

Pedagog hökmünde, hekaýanyň soňuny çaklanym üçin, eneden:

– Kompýuter alaňyzsoň hem ogluňyz ýene öýden gaçmaga we dostlary bilen duşuşmaga dowam etdi, şeýle dälmi? – diýip soradym.

Ene geňirgenip:

– Hawa, welin… Siz nähili bildiňiz?

– Köneleriň aýdan bir sözi bar: “Köňül ne çaý islär, ne-de çaýhana; köňül dost islär, çaý bahana-la.” Çaýhananyň öňünden geçeniňizde içine bir seredip görüň. Onlarça adam goh-galmaga ähmiýet bermezden birnäçe sagatlap çaýyň ýany bilen oýna we gürrüňe dowam edýär. Şol ýerdäki adamlaryň köpüsi maşgalaly, çagaly-çugaly. Öýlerinde, maşgalasynyň, çagalarynyň ýanynda bolmaly hallaryna, bu ýerde näme işleri bar? Sebäbi belli. Öýlerinde tapmadyk rahatyny bu ýerde gözleýärler.

Bu siziň çagaňyz üçin hem şeýle. Kompýuter we billiard salony bahana. Asyl mesele, çagaňyz öýde özüni rahat we bagtly duýanok. Siziň görkezmedik mähriňizi we ünsüňizi dostlarynda tapýar. Siz olara “erbet dostlar” diýýärsiňiz, emma, çagaňyz has başgaçarak pikirde.

Maşgalanyň ýagdaýy bilen tanşanymda, meseläniň özenine has aýdyň göz ýetirdim. Çagadan öňürti, ene-atany terbiýelemek zerurdy. Çünki, maşgalada diýdimzor ene-atanyň hökmi ýöreýärdi. Öýde çaga öz pikirini aýtmak, öz isleglerini dile getirmek hukugy berilmeýärdi. Onuň bilen baglanyşykly bar zada diňe ene-ata karar berýärdi. Şol bir wagtyň özünde-de, ene-ata beýle etmek bilen ýalňyşýandyklaryny boýun almak islemeýärdi. Olara bu ýagdaýda, çaganyň özbaşdak pikirlenmek, netijä gelmek ýaly ukyplarynyň ösmän galjakdygyny ýatladanymyzda, “Biz onuň erbetligini islämzok” diýip, gödek jogap berdiler.

Ýene bir mugallym ýoldaşymyz gürrüň berýär: “Tomusky dynç alyşdan soňra mekdepleriň açylan güni bir ene çagasynyň elinden tutup, synpa girdi. Meniň synpdadygyma ähmiýet bermän, iň öňdäki partada oturan bir oglany turzup, ýerine öz çagasyny oturtdy. Soňra maňa tarap öwrülip: “Çagamy ýerinden üýtgetmäň, meniň oglum öň hatarda otursyn” diýdi. Agzymy açyp galdym. “Çagam” diýýäni, 3-nji klas okuwçydy…”

Köp maşgala, çaga terbiýesi barada ýeterlik düşünjesiniň ýoklugy zerarly, gul düşünjeli çagalar ýetişdirýär. Gul düşünjelileriň özlerine ynamlarynyň bolmaýşy ýaly, özbaşdak karar berip bilmeýärler, täze pikir ýa-da çözgüt teklip etmegi başarmaýarlar. Çünki, nämäni nähili we haçan etmelidigine hemişe ene atasy karar berip gelýär, çaga bolsa, diňe berlen emirleri berjaý edýär. Beýle maşgalada ýetişen çaga pikirlenmegi unudýar, has takygy öwrenmeýär, beýin ulgamynda ýaltalyk emele gelýär.

Çagalarymyz name üçin sapaklaryna taýýarlanmakdan lezzet almaýar, bilýärsiňizmi? Her gün-her gün başlarynda siz dikilgazyk bolup durýandygyňyz üçin. “Entegem öý ýumşyňy gutarmadyňmy?”, “Öý ýumşuňy gutarman, köçe çykmagyn!” ýaly sözleriňizden irendikleri üçin.

Çagalar näme üçin sapaklaryndan pes baha alanlarynda gynanmaýarlar? Has başgaça aýdanyňda, näme üçin oňat baha alanlarynda begenmeýärler? Çünki, onuň pes ýa-da oňat baha almagy onuň özünden has köp, sizi gyzyklandyrýar. Bir mugallym gürrüň berýär: “Okuwçylarymdan biri hormat haty alanda, hiç begenmedi. Sebäbini soradym. Güldi: “Ejem begensin; näme üçin men begeneýin! Hormat hatymy eline alyp, “oglum Hormat hat aldy!” diýip joralarynyň ýanynda öwünjek ol!” diýdi.”

Her çaganyň ýetişiksizliginiň aýry-aýry sebäpleri bardyr. Käte oňa maşgala sebäp bolsa, käte-de mekdep ýa-da mugallym sebäp bolup bilýär. Bar günäni çaga ýükläp, “Bu çaga ýalta, bu çaga okuwa höwessiz!” diýmek bilen, mesele çözgüde gowuşmaýar. Okuwçynyň ýetişiksizliginde onuň özüniň, şeýle-de ene-atasynyň, doganlarynyň, tirkeşýän dostlarynyň, mugallymynyň täsirini derňäp, ondan soňra netije çykarmak gerek. Ýetişiksizligiň sebäbi hemişe çaganyň ruhy-psihologik ýagdaýy bilen bagly bolup durmaýar, göz we gulak birahatlygy ýaly fiziologik-saglyk meseleleri hem bolup bilýär. Şonuň üçin bular ýaly ýagdaýda ähli sebäpleri we täsirleri göz öňünde tutup çözgüt gözlenmelidir.

Ene-atalaryň we mugallymlaryň birnäçesi diňe çaganyň sapaklardaky ýetişigi bilen gyzyklanýar, çaganyň kynçylyklary, gorkulary bilen kän bir gyzyklanyp durmaýar. Birnäçe ene-ata lukmana ýüz tutup: “Bu çaga sapaklaryny okamaýar, bizi diňlemeýär; doktor jan, bir çäre tapaweri” diýýär. Maşgalanyň okuwça  psihologik täsirini bilmek üçin sorag soramaga başlanylanda bolsa, muny geňirgäp, “Doktor, çagany barlaň, ýaltalygyna çäre tapyň diýip geldik; bizi hasaba çekiň diýip däl!” diýip närazylyk bildirýärler.

Bize getirilen çagalar we olaryň maşgalalary barada ýygnan maglumatlarymyz, bize şu hakykaty görkezýär: ene-atalar çagalaryny ýeterlik derejede tanamaýar. Çaganyň özüne ynamy ýok. Daşky dünýäden gopan, içki dünýäsine çekilip, hyýal dünýäsinde ýaşaýar. Emma, ene-ata bolsa, olardan razy: “Çagamyz örän salyhatly, örän sada, örän ýuwaş, garynjany hem ynjytmaz. Wah, ýöne sapaklaryny hem okaýsa…” diýýärler.

Jemläp aýtsak, bu meseläni mekdep we maşgala bilelikde çözmeli. Her iki tarap hem özleriniň kemçiliklerini, bärden gaýtmalaryny täzeden gözden geçirip, çaga dogry terbiýe bermegiň ýollaryny gözlemeli.

Bir yanıt yazın