You are currently viewing MAŞGALADA BERILÝAN NÄDOGRY TERBIÝE

MAŞGALADA BERILÝAN NÄDOGRY TERBIÝE

Agzybir maşgalada çaga ösüşiniň tapgyrlaryndaky kynçylyklar aňsat ýeňilip geçilýär, ýagny ene-ata tarapyndan bu meselä çynlakaý garalyp, ony çözmegiň ýollary gözlenilip tapylýar. Çaga terbiýesi hakynda gürrüň edenimizde şol çagalaryň nähili maşgalada önüp-ösendigi barada durup geçmek zerurdyr:

  • Döwletli maşgalada – onuň ähli agzalary agzybirlikde ýaşaýarlar. Sebäbi bu hojalykda maşgalabaşynyň sözi kanun ýaly hasaplanýar. Maşgalabaşy özüni alyp barşy, hereketi, ümi bilen maşgala agzalaryna nähili bolmalydygyny öwredýär. Şeýle maşgalada dogry terbiýelenen çagalar «Ula hormat, kiçä sylag» diýen atalar sözünden ugur alyp ýaşaýarlar. Şular ýaly birek-birek bilen ýokary sylanyşykda ýaşaýan maşgalada dawa-jenjele, bolgusyz gep-gürrüňlere ýer ýok.
  • Adaty maşgalada – onuň agzalarynyň her biri öz ornunda bolup, biri-birine goldaw berip, ysnyşyp ýaşaýarlar, känbir basdaş bolmaýarlar. Bu hili maşgalada atasy lider bolýar, emma käte düşünişmezlikler hem ýüze çykýar. Tertip-düzgün berk häsiýete eýe bolmaýar, durnuklylyk gowşak bolýar. Şonuň üçin bu maşgaladan kemally we ýek-tük bikemal çagalaryň çykmagy-da mümkin. Bu hem, gynansak-da, ene-atanyň maşgalada sazlaşyklylygy, durnuklylygy ýerlikli goýup bilmeýändiginiň netijesinde bolýar.
  • Agzala maşgala – bu hili maşgalada maşgalabaşy gowşak bolup, är-aýalyň ikisi hem maşgalada öz sözlerini ýöretjek bolýarlar. Şu ýerde ata-babalarymyzyň aýdyp geçen ―Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz diýen parasatly sözleri ýadyňa düşýär. Şeýle hojalykda maşgalabaşyny diňlemek, birek-biregi goldamakha aňyrda dursun, hatda maşgala agzalary öz etmeli işlerini hem beýlekileriň üstüne atýarlar. Agzala maşgalalaryň biri ömür boýy goh-galmagalda geçse, beýlekileri aýrylyşyp, maşgalasyny bozýarlar. Köp halatda agzala maşgalalarda ösüp-ulalan çagalarda, özünden ululara hormat goýmak ýa-da sylanyşyk diýen düşünje bolmaýar, emosional taýdan birek-birege sowuk-sala garaýarlar, durnuksyz bolýarlar. Olarda hemme zada bolan biparhlylyk häsiýetleri ösýär.
  • Doly däl maşgalada ýa kakasy, ýa ejesi, ýa-da ikisem bolmaýar. Şeýle ýagdaýda çaga maşgalada doly we dogry terbiýe alyp bilmeýär. Çaganyň kakasynyň bolmadyk ýagdaýynda ejesi maşgalany eklemek üçin gijesini gündiz edip işleýär. Şeýlelikde, çaga gözegçilik ýetmezçilik edýär. Bu bolsa çaganyň terbiýesine öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Şol ýaramaz täsir çaganyň öweý ejäniň ýada öweý kakanyň elinde doly mähir görmän ulalmagy sebäpli hem bolup biler.

 

broken heart love sad

Nädogry terbiýäniň görnüşleri:

  • Gowşak tutmaklyk. Bu görnüşde çaga terbiýesi ene-ata tarapyndan ünsden düşürilýär. Ene-ata çagasynyň näme bilen meşgullanýandygy, kimler bilen tirkeşýändigi, nähili aladasynyň bardygy bilen gyzyklanmaýar. Bu hili terbiýede çaga ene-atanyň mähri, söýgüsi ýetmezçilik edýär. Ene-atasynyň gözegçiliginde bolmandygy sebäpli, olar öz ugruna ýaşap ýören çagalara öwrülip, islän hereketlerini edýärler. Olar ýaly çagalarda hiç bir zada bolan jogapkärçilik bolmaýar.
  • Aşa bek tutmaklyk. Terbiýäniň bu görnüşinde ene-atalar çagalaryny hemişe göz astynda saklaýarlar. Olaryň her bir ädimini, her bir pikirini yzarlaýarlar. Olaryň islendik hereketlerini gadagan edýärler. Çagalaryna hiç hili özbaşdaklyk bermeýärler. Şeýle yzygiderli gadagan etmeler, çagany özbaşdaklykdan mahrum edýär. Olar näme hereket etseler öz hereketlerini ters hasaplaýarlar. Özlerine bolan ynamlary pes bolýar. Şondan hem kynçylyk çekýärler. Olarda jogapkärçilik we borçlulyk duýgusy ýitirilýär. Aşa berk tutulýan çagalaryň gaharjaň, emosional taýdan durnuksyzlary ene-atalarynyň zor salmagyna çydaman, olaryň garşysyna gidip, ýaramaz terbiýeli çagalaryň arasyna goşulýarlar. Aşa berk tutulýan çagalaryň ejizlerini, gowşaklaryny, özüne ynamsyzlaryny zabun tutmaklyk has hem ejizledýär, gowşadýar, ruhdan düşürýär. Netijede olar ruhy taýdan aşa göýdük bolup ýetişýärler.
  • Lälik tutmaklyk. Bu görnüşde çagany aşa lälik saklaýarlar. Her bir eden işinde, aýdan sözünde ony götergiläp, öwüp arşa çykarýarlar. Şol öwgi atmosferasynda ýaşan çaga diňe özüni bilegen bolýar. Bar kişiniň ünsüni özüne çekesi gelýär. Bir tarapdan lider bolasy gelýär, beýleki tarapdan ony başarmaýar. Soňra işi rowaç bolmadyk halatynda her hili mekirlige ýüz urýar. Şu häsiýet onuň durmuşda zähmete bolan ukybyny, maksada okgunlylygyny, iş başarjaňlygyny peseldýär. Köpçülik bilen gatnaşygy juda erbet bolup, sähel zat üçin oňşuksyzlyk döredýär.
  • Sowuk-sala garamaklyk. Şeýle görnüşli terbiýede çaga özüniň ene-atasy tarapyndan gowy görülmeýänligini duýýar. Hemişe: «Men dogulmadyk bolsam enem-atam özüni gowy duýardy, men olara ýük bolup ýörün» diýip pikir edýär. Haçan-da özüniň doganyna köp üns berlip, ol gowy görülse bu ýagdaý has hem agyrlaşýar. Şu çagalaryň ene-atalary özleriniň çagalaryny hakykatdan hem ýüregi bilen gowy görmeýärler, ýöne muny duýdurmazlyga çalyşýarlar, ýasama söýgüleýärler. Ýöne muňa garamazdan çaga ýüregi bu ýasamalygy aňýar.
  • Zabun tutmak. Terbiýäniň bu görnüşinde ene-atalar çagalaryny «Gamşy gowşak tutsaň eliňi gyýar» diýen nakyldan ugur alyp terbiýeleýärler. Çagalaryny berk saklap, olaryň kiçijik ýalňyşlyklaryna hem uly temmi berýärler. Ene-atalar öz aralarynda bolan dawa-jenjel sebäpli dörän gaharlaryny çagalaryndan çykarýarlar. Şeýle ýaramaz hereketlerini hem il-günden gizleýärler. Şeýle terbiýe alan çagalaryň aglabasy ene-atalary ýaly zabun bolup ýetişýärler.
  • Ýokary tamada tutmak. Bu hili terbiýede ene-ata öz çagasyndan köp zada garaşagan bolup, öz amala aşyryp bilmedik arzuw-hyýallaryny çagasy ýerine ýetirer diýen pikir bilen ýaşaýar. Çagalar hem ene-atalarynyň özlerinden uly zada garaşýandyklaryny duýýarlar. Bu hili terbiýelenen çagalar ulalanlarynda jogapkärçilikli bolýarlar.boy in white shirt and black track pants
  • Gapma-garşylykly terbiýe. Bu terbiýede maşgala agzalarynyň hersi özüçe terbiýe berjek bolýar, ýagny atasy bir terbiýe, enesi başga bir terbiýe, kakasy bir terbiýe, ejesi bir terbiýe berýär. Şu terbiýede çaga «Çaşyň gözüne sereden ýaly» bolup, haýsynyňkyň dogrudygyny, haýsynyňkyň nädogrudygyny saýgarmaýar, haýsyna gulak saljagyny bilmän kösenýär.
  • Maşgaladan daşarky terbiýe. Bu terbiýe internatlarda terbiýe alýanlara degişlidir. Kähalatlarda çaga üçin agzala maşgaladan wagtlaýynça çykyp gidip, internatda ýaşamak peýdaly bolýar. Şonda çagalar özbaşdak ýaşamany, durmuşa uýgunlaşmany öwrenýärler. Başga bir tarapdan, internatda terbiýelenip, ene-atanyň terbiýesini almadyk çagalar, ol ýerdäki ýaramaz endikli çagalaryň ugruna gidýärler, terbiýeçileriň çaganyň her biri hakda özbaşdak meşgullanmadyk, olaryň dünýäsi bilen gyzyklanmadyk ýagdaýynda çaga mähir ýetmezçilik edip, onuň ters terbiýe almagyna getirýär.
  • Dözmezçilikli terbiýe. Bu terbiýe ene-atalar tarapyndan saglygy gowşak, keselli çagalara berilýän terbiýedir. Şol keselli çaga maşgalanyň hemme agzalarynyň ünsünde bolýar. Şu sebäpli hem çagada: «Men keselli, näme etsem bolýar» diýen düşünje döreýär. Olar özlerini hemme kynçylyklardan boşadylmaly, aýdan zatlarynyň hemmesi ýerine ýetirilmeli hasap edýärler. Şu ýagdaý olarda egoizmi döredýär. Olar şeýle terbiýelenendikleri sebäpli kynçylyklary ýeňip geçmegi başarmaýarlar.

Çagalarymyzy adam edip ýetişdirmekde, döwrebap nesil edip kemala getirmekde, biziň diňe bir şahsy bähbidimizi däl, döwletimiziň bähbidini hem göz öňünde tutmalydyrys. Çaga döwlete daýanmaly, özi hem onuň diregi bolmaly. “Döwlet adam üçindir”, “Adam döwlet üçindir” diýen setirleriň manysy şundan gelip çykýar. Bagtyýarlyk döwründe gülleýän Berkarar döwletimiz biz ylymly-bilimli, akylly-başly, edep-ekramly, medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent nesili ýetişdirýän adamlar terbiýe meselesinde, ilkinji nobatda maşgala daýanmalydyr. Çaga bolsa il-gününe guwanmalydyr, oňa hyzmat etmelidir. Maşgala biziň baş galamyz, il-gün bolsa howandarymyz bolmalydyr. Biz ýaşlary şol ruhda terbiýelemelidiris.

Bir yanıt yazın