You are currently viewing Kitap okamagyň çagalara nähili peýdasy bolýar?
Photo by Daria Shevtsova on Pexels.com

Kitap okamagyň çagalara nähili peýdasy bolýar?

Kitap okamaklyk çagalarda her hili başarnyklaryň, ukyplaryň ýüze çykmagyna kömek etmek bilen birlikde, olaryň pikirlenmäge bolan ukybyny-da ösdürýär. Şeýle-de, kitap okamagyň düşünjäňi baýlaşdyrýandygy, beýniniň işjeňligini artdyrýandygy hemmä bellidir.

“Kitap okamaklyk çagalaryň käbir zehin ukyplaryny açýar. Kitap okaýan çagalar okuw prosesiniň gidişinde ene-atalarynyň we mugallymlarynyň işlerini-de aňsatlaşdyrýar. Çagalarynyň ökde, bilimli bolmagy üçin sarp eden çykdajylarynyň miwesini görmek isleýän ene-atalar diňe bir çagalaryny gymmat bahaly okuwlara ýollamak, olara islän zatlary bilen üpjin etmek bilen çäklenmeli däldir. Sebäbi kitap okamak endigi bolmadyk çagalar, ökde okuwçy bolup ýetişmekde kynçylyk çekýärler.

Kitap okamaýan nesilleriň pikirleniş ukuby gitdigiçe kütelip, oýlanmagy, pikir orta atmagy başarmaýarlar, aňyndaky söz garyplygy zerarly daş-töweregindäkiler bilenem gowy pikir alşyp bilmeýärler. Bütündünýä ähmiýetli meseleleriň öwredilmegi, adamyň gylyk-häsiýetiniň hem-de şahsy kişiliginiň kämilleşmegi, taryha we medeniýete bolan söýgi diňe okaýan, gözleg geçirýän we ylma berlen nesilleriň ýetişdirilmegi bilen mümkindir. Mekdep döwründe çagalarymyzyň özlerini ýetişdirmegi diýseň zerurdyr. Gynansak-da, telewizora seredip, oýun oýnap ullalan çagalarymyz gitdigiçe kitap okamak ukybyny ýitirýärler we okamagyň berýän peýdasyndan mahrum galýarlar.

Kitap okaýan ýa-da kitap okalyp berlen çagalaryň aň-düşünjesi, beýleki çagalara garanyňda, has baýdyr. Pikirlenmegiň bilim bilen bilelikde kemala gelýändigi sebäpli, çagalar alýan biliminiň derejesine görä pikirlener. Maglumat bilen berkidilmedik pikirler ýüzleý galýar. Okamak, çagalaryň söz baýlygyny artdyrýar we töweregi bilen pikir alyşmak ukybyna uly goşant goşýar. Olaryň aňynda maglumatlar bilen berkidilen düşünjeler gowy galýar. Kitap okaýan çagalaryň aragatnaşyk etmek ukyby artýar. Häzirki maglumat we aragatnaşyk döwründe özüni gowy açyp bilýän adamlaryň üstünlik gazanýandygyny nygtamak gerek. Yzygiderli okamak, çagalaryň aňsat öwrenmek we haýsydyr bir meselede dogry karara gelmek ýaly ukybyny-da ösdürýär. Kitaplaryň bize beren zehin güýji öwrenmek, soramak we belli bir karara gelmek ýaly proseslere oňaýly täsir edip, adamyň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine uly goşant goşýar.

Kitap okalan mahalynda beýni dowamly hereketde bolýar. Şonda birnäçe geçiriji funksiýa, aňyň maglumaty işlemegi we ýada almak prosesi işjeň ulanylýar. Beýnide birnäçe ugurda okalan we pikir edilen mahalynda glýukozanyň ulanylyşy artýar. Okamagyň netijesinde çaganyň aklynyň goýalmagy bilen, üns bermek, we manysyna düşünmek, görenleriňi ýatda saklamak ýaly birnäçe funksiýalar ösýär”.

Bir yanıt yazın