Bu hekeýat çöldäki iki ýoldaşyň hekaýaty. Ýolda bir ýerde olaryň arasynda düşünişmezlik ýüze çykýar we biri beýlekisine el gadyrýar. Urulan dostuň jany ýansa-da hiç zat diýmän çägä şeýle ýazýar:
“Bu gün iň gowy görýän dostum maňa el galdyrdy”.
Olar az ýöräp, köp ýöräp bir ýabyň boýuna baryp, suwa düşmek üçin ýaba girýärler. Hälki urulan oglan suwa gark boljak bolýar. Ýöne, ýoldaşy ony halas edýär. Halas bolan oglan bir daş alyp, ýüzüne çakysy bilen şeýle ýazýar:
“Bu gün iň gowy dostum meni ölümden halas etdi”.
Ilki ony urup, soňra-da ölümden halas eden dosty oňa şeýle sowal berýär:
“Saňa el galdyramda, guma ýazdyň. Indi näme üçin daşa ýazýarsyň?”
Dosty şeýle jogap berýär: “Biri saňa ýamanlyk edende, guma ýazmaly. Çünki “Geçirimlilik” şemaly öwsüp, şol ýazgyny bozup bilsin. Emma biri ýagşylyk etse, ony daşa ýazmaly. Goý, hiç bir harasat şol ýazgyny bozup bilmesin”.