You are currently viewing Ýalňyşmak gorkusy

Ýalňyşmak gorkusy

Mugallym dostlarymdan biri gürrüň berýär: “Derslerimde ýygy-ýygydan ulanýan bir usulym bardy. Sapagyň dowamynda okuwçylaryň ünsüni sowatmazlyk üçin haýsydyr bir okuwçyny turzup, sorag soraýardym. Bilse gündeligine 5-lik, bilmese 2-lik goýýardym. Turzan okuwçym soraga jogap berip bilmese, sowalymy auksiýona çykarýan ýaly, “Kim jogap berjek?” diýip, tutuş synpdan soraýardym. Käte okuwçylary höweslendirmek üçin, “Bilene iki sany bäşlik goýjak” diýýärdim. Elbetde, elini göteribem dogry jogap berip bilmedik 2-lik alýardy.

Bir gün synpyň iň zehinlisi we ýetişiklisi hasaplanýan okuwçyma “Sen näme üçin eliňi galdyrmaýarsyň?” diýip soradym. Ol:

– Mugallym, men jogap bermek islämok – diýdi.

– Näme üçin?

– Sebäbi, bilmesem, gündeligime 2-lik goýarsyňyz.

Bu jogap, maňa ulanýan usulymyň ýalňyşdygyny görkezdi: iň zehinli okywçym hem ýalňyş jogap berip 2-lik almakdan, munuň netijesinde-de, özüne “ýetişiksiz” ýa-da “ikilikçi” gözi bilen seredilmeginden gorkýardy. Men nirede ýalňyşandygymy bilmek üçin, ondan:

– Ýeri, sen mugallym bolsaň näderdiň?

Okuwçym bu sowala garaşmadyk bolarly. Birbada jogap bermekden saklandy. Sähel salym pikirlenip:

Men mugallym bolsam, bilene 5-lik goýardym, ýöne bilmedige 2-lik goýmazdym – diýdi.

Tutuş synpa ýüzlenip, olaryň hem pikirini soradym. Tutuş synp hor bolup diýen ýaly:

– Biz hem ýoldaşymyz ýaly pikir edýäris – diýdiler.

Mesele çözgüdine gowşupdy:

– Bolýar, mundan soňra bilmedige 2-lik goýmaryn – diýdim.

Bu habar okuwçylary örän begendirdi.

Indi sapaklarym has netijeli geçýär. Iň gowşak okuwçymam, 2-lik almak gorkusy ýokdugy üçin, soraga jogap bermek üçin elini göterýär.”

Bir yanıt yazın