Hazirki dowrümiziň aragatnaşyk çeşmeleri bolup durýan jübi telefonlary, planşetler, kompýuterler we durmyşymyza tizlik bilen ornaşýan internet, maglumat toplamak, iş alyp barmak, habarlaşmak, ylym-bilim, söwda we güýmenje ýaly funksiýalary bilen durmyşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrildi.
Kiçi ýaşdaky çagalar häzirki günimizde jübi telefony, planşet we kompýuterde ilki bilen güýmenje maksatly tanyşyp, soňra bolsa okuwda, wagtal-wagtal öýe berlen ýumyşlaryna taýýarlanmak üçin ulanýarlar.
Täze nesil çagalar, tehnologiýany gowy ulanyp bilýärler we tehnologiýany gelejekde özlerine endik halyna getiryarler. Kompýuter we internet diňe uly adamlar üçin däl-de, eýsem çagalar üçin hem peýdalydyr. Käbir ene-ata çagalaryna ylym-bilim, gözýetimleriniň has çalt giňemesini, peýdaly maglumatlary tiz tapyp, öwrenip bilmelerini, güýmenje we aragatnaşyk enjamy bolup durýan kompýuterden we internet ulgamyndan dogry we täsirli peýdalanmalaryny garaşyp, çagalaryna käbir mümkinçilikleri bermek isleýärler.
Adamlar aýratynda çagalar, ýetginjekler tehnologiýa enjamlary dogry we gerekli ýerinde ulanyp, özleri peýdalanyp biljeklerine ynanýarlar. Muňa garamazdan çagalar, ýetginjekler tehnologiýany gereksiz we çenden aşa köp ulanyp, dürli görnüşdäki howuplar bilen garşydaş bolýarlar. Bular ýaly jogapkärli meseleler boýunça ene atanyň ýa-da çagalar bagydyr, mekdepleriň wezipeleri bardyr. Ýagny çaga diňe kompýuter we internet elýeterligini ýa-da interenede baglanmalaryny sazlamak däldir, eýsem olary dogry ulanmagy öwretmek, käbir zatlardan habardar etmek, olara bu hyzmatlardan peýdalanmalary üçin howpsuz ýagdaýy döretmekdir.
Ene-ata çaganyň nirede, kim bilendigini bilmelidirler. Çäksiz elýeterli internet (wifi) bar ýerinde çagalary barlagsyz goýmaly däldirler. Şeýle edilmese bu meseläniň soňy howuply netijeler bilen soňlanyp biler. Çagalar we ýetginjekler öýden we mekdepden daşarda-da ýeňillik bilen internet kafelarda ýa-da dürli şertlerde kafe, restoran, bistro (fransuzçada “bar”) ýa-da söwda we dynç alyş merkezleri ýaly ýerlerde WIFI gözlegi bilen jübi telefonyndan internede aňsatlyk bilen baglanyp bilerler. Hut şol sebäpden hem telefon, planşet, kompýuter we internet ulanylmasynyň çaga we ýetginjeklere hödürleýän peýdaly zatlarynyň boluşy ýaly erbet täsirleriniň hem bardygy göz öňünde tutylmalydyr.
Durmyşymyzda hemişe boluşy ýaly, biz bu babatda ilki bilen uly ýaşdaky adamlary tanyşdyrmak isledik, soňra bolsa çagalarymyzy tanyşdyrmaly bolup durýarys.
Indiki makalamzyda howply bolup biljek ýagdaýlary jikme jik ýazmagy planlaýarys.