You are currently viewing Facebook, Twitter, Instagram, Google näme üçin mugt?

Facebook, Twitter, Instagram, Google näme üçin mugt?

Köçede gezip ýören haýsydyr bir adamdan Facebook, Twitter, Instagram, Googleyň näme üçin mugtdygyny soraň! Köp adamlar sebäbini bilmese-de reklamalar üçindir diýip jogap berjekdir. Jogap belki dogrydyram ýöne diňe şeýle bolsady käşgä.
Bir adam dükandan gelen broşuralardan ýaňa tasdan dälliräpdi, sebäbi gelen zatlar öz gyzynyň göwreliligi baradady. Ýöne gyzy heniz okuwam gutarmandy, göwreli bolmaga beýlede dursun, dükanyň harytlary bilen hiç hili baglanşygy ýokdy. Dükanyň müdüriniň ýanyna baryp, “Meniň gyzym entek okuwynam gutaranok welin siz eýýäm oňa göwrelilik barada ymtyldyrýaňyzmy?” diýip gygyryp gaýtdy. Emma birnäçe gün geçenden soň müdüre täzeden jaň edip “Gyzym dogrydanam göwreli eken” diýip ötünç sorady. Ýeri bu dogry bolup çykdy ýöne dükanyň gyzyň özüniň biläýjek gizlin maglumatyna nädip ýetipdi?

Bu soragyň jogaby köp adamlar tarapyndan bilinmeýär, emma bu örän uly orun eýeleýän “Synlama ykdysadyýetinde” gizlenen. Dükan müşderi profillerini çykarmak üçin analizlar geçirýärdi. Bu analizlaryň birem bolsa “Göwreliligi çaklama algoritmasydy”. Algoritma göwreli zenanlaryň, aýratyn hem göwreliligiň ikinji üç aýlygyndan başlap düzüminden magniý we sink bolan witaminleri alýandyklaryny, yssyz lasýonlar ulanýandyklary barada netijä geldi. Bu maglumatlary kredit kartlaryndaky maglumatlar bilen deňeşdiren algoritma, bir zenanyň göwreli ýa-da göwreli däldigini uly ähtimallyk bilen bilýärdi. Gyzyň göwrelidiginem şeýdip bilipdi. Amerikadaky “Target” atly dükan 2013 ýylynda hacklendi we 110 million adamyň gizlin maglumatlary alyndy.
Gapysyna goýulan harydyň reklamasyndaky belligi gören Maýkyň keýpi gaçdy, sebäbi onda “Maýk Seay, gyzy yol heläkçiliginde öldi” diýip ýazýardy. Gyzy dogurdanam geçen ýyl ýol heläkçiliginde ýaş wagty aradan çykypdy. Emma firma muny nädip bilýärdi?
Ýogsa ofis harytlary satan ol firma diňe bir gezek gidipdi we printeri üçin kagyz alyp gaýdypdy. Firma jaň edip şykaýat eden-de bolsa, wezipe başyndaky, bolan wakany inkär etdi. Emma waka habar beriş serişdelerine ýetende bolsa, firma bize degişli bolmaýan wakalardan döredi diýip diňe ötünç soramak bilen boldy.

Acxiom, Epsilon, RapLeaf, Flurry, BlueKai… Bular belki-de köpümiziň eşitmedik firmalarmyz. Milliýardlap dollara durýan gözegçilik bölümleriniň arkasyndaky internetdaky käbir ýeňiyoluklaryň etýän işleri, internetdäki maglumatlarymyzy toplamak, olary analiz etmek we reklama etýänlere satmak. Haýsy maglumatlary toplaýar diýseňiz, bir adama degişli näçe maglumat bar bolsa hemmesini. Bu maglumatlary adamlaryň online edýän işlerinden banklara, kredit kartlaryndan, ulanýan telefon operatorlaryna ýa-da agza bolan ýerlerine çenli toplaýarlar. Bu firmalardan meselem Acxiomyň arhiwinde, bütün dünýädäki 700 milýondan gowrak adamyň şahsy maglumatlary bar we her kişiniň 13 sifirli görnüşinde kodlanan ýagdaýda. Bu kodlar, her biri üýtgeşik profil şeklinde 70 öýjükden birine agtarylýar we kişi şol profil bilen tanalýar. Meselem №56 öýjükdäkiler: “30-35 ýaşynda, ýokary bilimli, aýrylyşan, 1 ýa-da 2 çagaly, maddy taýdan orta derejede ýaşaýan, kreýine jaýda ýaşaýan erkekler”. Firma bu maglumatlary edil boluşy ýaly edip satyp bilýär. Şeýle ýagdaýda beýleki firma, alýan maglumatlaryna goşmaça: “döwlet edarasynda işleýänler”, “kakasy sagat bolanlar”, “belli bir ýerde ýaşaýanlar” ýa-da “alkagolly içgini endik edinenler” ýaly hasam içgin maglumat toplaýarlar. Başga firmalar has hem jikme-jik maglumatlara çenli ýygnaýalar. Meselem “rak bilen kesellänler”, “Spid keselli adamlar”, “X operasiýa bolanlar” ýa-da “ jynsy hüjüme sezewar bolanlar” ýaly. Internetdaky howply MEDBASE200 atly firma, bu maglumatlary örän arzan baha (1000 adam üçin 79$) isleýan derman kärhanalara satýar. Bu jemlenen maglumatlary herhili maksatlar üçin ulanýarlar. Bulardan orta çykan iň meşhur mysal: köp kişiniň azajygam bolsa bilýän Facebook-Cambridge Analytica (CA) skandaly. CA hem şol internetdäki ýeňiýoluklaryň biridir.

Wakany gysgaça ýatlap geçeliň. Amerikanyň soňky saýlawlarynda, Trumpyň peýdasyna işlän CA firmasy, millionlarça amerikaly saýlawçylary, ýokardaky ýaly profillere aýyrypdyr we her bir profile, Facebookda görkezilmek üçin aýratyn maglumatly wideolar taýýarlanyldy. Meselem akýagyzlaryn bolan profil toparyna, Meksikaly immigrantlaryň goşulan bir wakasy görkezilýar, soňra bolsa Trumpyň immigrantlyga garşy çykýan wadalary ekranda görkezilýardi. Işşiz ýaşlaryň bolan toparyna bolsa Trumpyň ekonomika degişli wadalary we ýaşlara gönükdirilen sözleri ýatladylýardy. Internetdäki ýeňiýoluklaryň toplaýan maglumatlarynyň agramly bölegi, mugt diýip telefona ýükleýän programmalarymyzdan durýar. Meselem Angry Birds, Candy Crush, Fruit Ninja ýaly oýunlar sizden näme üçin ýerleşýän ýeriňizi soraýandyr öýtýäňiz?
Millionlarça kişiniň oýnaýan bu oýunlaryny ýazan firmalar nädip pul gazanýalar? Biržadan my:) Ýa-da name üçin Google, ençeme ýyllap üstünde işlän programmalaryny hiç pul almazdan mugt paýlaýarka? Twitter, Facebook, Instagram, Snapchat we beýleki programmalar?
Facebookyň, hiç bir girdeýjisi bolmaýan Instagramy 2012-nji ýylda $1 milýard ýaly ummasyz pul töläp satyn almagynyň sebäbi nämedikä? Instagramyň adatdan daşary güýçli bolan (!) 13 işgärimi ýogsa örän gowy (!) surat paýlaşylýan programmasymy?

Bu soraglaryň jogaby aslynda belli: Önüm olar däl, Biz! Firmalar ýasan programmalaryndan däl, olary ulanýan adamlardan pul gazanýarlar. 2018 iň maglumatlaryna görä, Twitterdäki bir kişiniň gymmady $48, Facebookdaky $253, Googledaky $359, Amazondaky bolsa $1793. Bir firmanyň düýbünde näçe köp ulanyjysy bar bolsa, şonça-da köp maglumat bardyr. Biziň şahsy maglumatlarymyz firmalar üçin gaýta-gaýta satyljak reklama diýmekdir. Biziň paýlaşýan maglumatlarymyzy satyp, Google dünýäniň iň uly 2-nji firmasy boldy.
“Facebook ulanamok, pozdum ya-da gizlinlik sazlamalarymy iň ýokary derejä getirdim” diýip özüňizi köşeşdirip bilersiňiz emma bilmeýän bir zadyňyz bar: Facebook, hasabyňyz bolmasada reklama şärikleri saýasynda sizi görýär. Girýän internet saýtlaryňyzda, Facebookyň o meşhur “haladym”(like) düwmesiniň bolmagy ýeterlikli, hasabyňyzyň bolmagy ýa-da bolmazlygy, o düwmä basyp, basmazlygyňyz möhüm däl, her bir herekediňiz ýatda saklanýar. Hat-da o saýtda “haladym” düwmesi bolmanam biler, internet ýeňiýoluklary ýene-de siziň näme etýäniňizi yzarlaýarlar.

Muňa meňzeş Googleyň Gmailini hem ulanamok diýip bilersiňiz, şonda-da hiç zat üýtgemýär. Eger Gmail hasaby bolan birine mail iberseňiz, bu herekediňiz Google üçin siziňem hasabyňyzy göz astyna almagyna ýeterlikdir, çünki Gmail lisenziýa ylalaşygyna görä Googleyň bu herekedi etmäge haky bar. Google, hem öz önümlerini (Gmail, Google Docs, Google drive, Google maps), hem-de satyn alan firmalaryny (Youtube ýaly), hemem internet ýeňiýoluklary arkaly bizi özümizden gowy tanaýar. Googleyň CEO-sy şeýle diýipdir: “Häzir siziň nirededigiňizi we azda-kände näme pikir edýäniňizi bilýäris”.
Google we Facebook, bu bölümiň iň uly oýunçylary, emma bizi yzarlap maglumatlarymyzy alýan, analiz edip ýa-da etmän satýan Twitter, LinkedIn, Pinterest, Snapchat we Foursquare ýaly ululy kiçili müňlerçe firmalar bar. Bu firmalara “ýerleşýän ýeriňiz” maglumatyna eýe bolmak üçin rugsat bermegem köp zada sebäp bolýar. Çünki “ýerleşýän ýeriňiz” maglumaty saýasynda diňe bugün nirededigiňizi däl, 1 aý öň nirede bolanyňyzy, hasam ertir nirede boljagyňyzy bilýärler.

Diňe şulardyr öýdýäňizmi? Kişiniň has öňler gitmedigi ýagdaýda, birden garşydaş firmanyň binasyna gitmegi we gelejekki günlerde o firmadan kimdir biri bilen bir kafede bolmagy, iş üýtgeşmesi hakynda o firmalara has köp maglumat ýetirýär. Bir aýalyň, aýal doktaryna gitmegi, reklamaçylar üçin standart bir ýer maglumatydyr. Emma soňraky ýagdaýda ol aýalyň, çaga önümlerini satýan dükanlara aýlanmagy, reklamaçylar tarapyna peýdaly maglumatdyr, çünki indi bar ünsüni hamylalyga jemleýär. Bar bu bolanlaryň sebäbi, mugt diýip ulanylýan programmalar, hiç zat bolmaz diýip internede ýükleýän we paýlaşýan maglumatlarymyz… Bu bolýan zatlara şykaýat etmäge hakymyz ýok, çünki iň başynda “Borçlary we şertleri okadym we kabul edýärin” diýdik.
Biz internet dünýäsi üçin ulanyjy däl, eýsem önümüň özüdiris. Biziň bilen baglanşykly bu maglumatlary ulanmak isleýänler diňe reklama firmalary däl, erbet niýetli kişiler, hackerler ýa-da organizasiýalar bar. Bu sebäpden şuny hiç haçan unutmaň: durmuşdaky iň gymmat zatlar mugtdyr.
Netijede, bu aýdylanlar barada giňişleýin maglumatlar almak isleýänler üçin çeşmeler:
-Gelecegin Suçlari
-Data and Goliath
-Dragnet Surveillance Nation: How Data Brokers Sold Out America.

Bir yanıt yazın