You are currently viewing Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet

Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet

Her bir ene-ata çaga dünýä inen gününden başlap, perzendiniň aladasy bilen ýaşap başlaýar. Olar öz çagasynyn diňe bir fiziki taýdan saglygy bilen çäklenmän eýsem-de ruhy taýdan sagdyn we akylly bolmagyny isleýär.

Çaga saglygyna maşgala asudalygy, daşky gurşaw bilen bilelikde onuň iýmitlenmesi hem täsir edýändir. Sagdyn iýmitlenmek beden agzalarynyň kadaly ösmegine we çaganyň sagdyn ýaşaýyşyny dowam etmegi üçin zerurdyr.

Halal iymitlenmek ene göwresinden başlaýar

Ene göwresinden başlap halal we arassa iytmitlenmek çaganyň geljek durmuşyna öz täsirini ýetirýär. Çaganyň ene – atasynyň sözüni diňlemezligi, ululara sylag – hormat goýmazlygy, ýalta we özdiýenli bolmagy haram iýmitlenmegiň netijeleridir. Pygamberimiz Hezreti Muhammet: “Iýýän we içýän zatlaryňyz halal, tämiz bolsun. Çagalaryňyz bulardan hasyl (emele geler) bolar” diýip ündäpdir.

Rowaýata görä, bir obada goňşylarynyň towuk ýataklaryndan ýumurtga ogurlap içýän bir çaga bar eken. Obalylar bu ýagdaýy çaganyň kakasyna aýdýarlar. Kakasy bu ýagdaýy bir alyma gürrüň berýär we çagasynyň bu hereketinden başga bir erbet häsiýetiniň ýoklugyny aýdýar. Alym: “Siz ýada maşgalaňyzdan biri size degişli bolmaýan bir zady içendir. Şol sebäpden çagaňyz şeýle hereket edýändir” diýýär. Özünde günä tapmadyk adam  alymyň aýdanlaryny aýalyna gürrüň berýär we “Men köp pikir etdim, ýöne hiç wagt biriniň zadyny rugsatsyz içmedim. Seniň şeýle bir ýalňyşlyk edeniň ýadyňa düşýämi?” diýip soraýar. Aýaly pikirlenip şeýle jogap beýär: “Göwreli wagtym goňşylarda limon iýmek isläpdim. Goňşydan soramaga utanyp, rugsatsyz limony iňňe bilen deşip suwuny içdim. Şonuň üçinem çagamyz ogurlyk edýändir”.

Ýene bir rowaýata görä, goňşysynyň towuk ýatagyndan yzygiderli towuk we ýumurtga ogurlap, ejesi bilen iýýän bir çaga bar eken. Ençeme wagtdan soň ol ogurlyk edýän pursatynda tutulýar we kazyýete çykarylýar. Sülçi oňa tussag jezasyny berýär. Günäkär özüniň soňky isleginiň enesiniň süýji dilinden ogşamakdygyny aýdýar. Rugsat berilenden soň ejesi oglunyň ýanyna gelýär, ogly ejesine “Enejan süýji dilinden ogşamak isleýän ” diýýär. Ýüregi ýanan ene, oglunyň soň islegini hasyl etmek üçin agzyndan dilini çykaryp ogluna uzadýar. Ene dilini çykaryp- çykarmanka ogly ejesiniň dilini goparyp alýar. Daş töwerigindäki adamlar näme bolanyna düşünmän haýran galyp soraýarlar. Günäkär: “Meniň bu ýagdaýa düşmegime sebäp bolan enemiň süýji dilidir. Men öýe näme getirsem “nireden tapdyň?” diýip soraman bilelikde iýerdik. Haçanda ogurlap bir zat getiremde “berekella oglum!” diýip her gezeginde meniň has köp ogurlamagyma iterdi we jeza almagyma sebäp boldy”.

Bu rowaýatlaryň üsti bilen çaga terbiýesinde ene-atalaryň haram eklenjiniň nähili netijelere ýüze çykarýandygyny görmek bolar.

Bir yanıt yazın