You are currently viewing ÇAGALARYŇ ÖSÜŞI WE “SAGDYNLYGA BARÝAN ÝOL”

ÇAGALARYŇ ÖSÜŞI WE “SAGDYNLYGA BARÝAN ÝOL”

Ýokumly iýmit

Dawid Werneriň pikirine görä, çagalaryň ösmegi we kesellemezligi üçin alyp biljek iň ýokumly iýmit bilen iýmitlenmegi örän wajypdyr. Dürli ýaşdaky çagalar üçin iň gowy iýmitler aşakdakylardan ybaratdyr:

  • ilkinji 4-6 aýlyk döwürde: diňe ene süýdi.
  • 6 aýdan bir ýaşa çenli: ene süýdi we gaýnadylan däneler, noýba pýuresi, ýumurtganyň agy, gaýnadylan miweler ýaly beýleki ýokumly iýmitler.
  • bir ýaşdan geçen çagalara: çaga ulularyň iýýän iýmitini, ýöne ýygy-ýygydan iýmelidir. Esasy iýmitlere (tüwi, mekgejöwen, bugdaý, kartoşka)
  • ilkinji nobatda, çagalar ýeterlik iýmit bilen iýmitlenmelidirler. Ähli ene-atalar öz çagalarynda kem iýmitlenmäniň alamatlaryna gözegçilik etmäge borçludyr we başardygyndan olara iň gowy iýmiti bermelidir.

Sagdyn çaga hemişe ösýändir. Eger ol ýokumly iýmit bilen ýeterlik iýmitlenýän bolsa we onuň düýpli keselleri bolmasa, onda çaga her aýda semreýändir.

Gowy ösýän çaga sagdyndyr. Beýleki çagalara seredeniňde agramy haýal artýan ýa-da horlanýan çaga näsagdyr. Ol kem iýmitlenýändir ýa onuň düýpli keseli bardyr ýa-da onda ikisi hem bardyr. Çaganyň saglygyny we onuň ýokumly iýmitler bilen ýeterlik iýmitlenýänligini barlamagyň gowy usuly, onuň agramynyň kadaly artýandygyny görkezýän her aýlyk agramydyr. Eger çaganyň agramyny her aýda onuň Saglyk kartasyna ýazyp dursaň, onda çaganyň agramynyň kadaly artýanlygyny oňa ýüzleý seredeniňizde-de görmek ýeňil bolar.

Ene süydi

Çaga ömrüniň ilkinji günlerinden başlap 1,5 – 2 ýaşyna çenli ene süýdü bilen iýmitlenýär. Ene süýdüniň ornuny tutup biljek zat ýokdur, sebäbi onuň düzüminde çaga gerekli ähli maddalar bolýar.  Ene süýdüni emip ulanan çaganyň saglygy has berk bolýar. Ol diňe fiziki taýdan oňat ösmän, eysem has işjeň, hoşamaý, mähirli bolýar.

Ene süýdüniň  çaga fiziki taýdan peýdalary:

  1. Obezite (Aşa semizlik) hassalygynyň öňüni alýar.
  2. Wagtynda ulalmagyna we kämilleşmegine ýardam berýär.
  3. Dişleriniň berk bolmagyna kömek edýär.
  4. Ýürek keselleriniň öňüni alýar.
  5. Çaganyň zehin taýdan kämilleşmegine sebäp bolýar.
  6. Aşgazan- içege ulgamynyň dowamly kesellerine, süýji kesele we ýokary gan basyşly kesele seýrek duçar bolmagyna getirýär.
  7. Siňdiriş ulgamynyň allergiýalaryna garşy goraýar.

Ene süýdüniň emosional we psihologiki taýdan peýdalary:

  1. Ene bilen çaganyň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirer.
  2. Çagada ynam duýgusuny artdyrar.

Bir yanıt yazın