You are currently viewing Gepleşiň, gepleşiň, gepleşiň

Gepleşiň, gepleşiň, gepleşiň

Kanadanyň Ontario Uniwersitetinden psiholog Marwin Simmeriň pikirine görä çaga bilen gepleşmek onuň üçin gaty peýdalydyr. Sebäbi gepleşmek dil öwreniş prosesiniň iň möhüm bölegidir. Dogluşdan başlap çagasy bilen yzygiderli gepleşýän eneleriň çagalary has ir gürlemäge başlaýarlar. Şeýle enäniň çagasy oýun wagty öwrenen zadyny ene-atasyna uly tolgunma bilen gürrüň berýär.

Giç gürlemäge başlan bir çaga başlangyç synplarda kynçylyk çekip bilýär. Munuň bilen baglanyşykly Çikago Uniwersitetinden psiholog Janellen Hunttenlocher bir barlag geçiripdir. Bu barlagda iki topar çaganyň hasabyýet (matematika)  bilimleri deňeşdirilipdir. Birinji topar maşgalasynda gepleşik we aragatnaşyk az bolan çagalardan, ikinji topar bolsa köp gepleşilýän maşgalanyň çagalaryndan ybarat bolupdyr. Bir üýşmek teňňeden näçe sanysynyň alnanyny ýa-da oňa näçe sany teňňäniň goşulanyny iki topar hem bilipdir. Ýöne sözlem şekilinde bolan meseleler ele alnanynda üýtgeşiklik bolup geçýär. “Maralyň 10 sany almasy bar. Munuň 3-sini Merjene berse, onda Maralyň näçe almasy galar?” Bu soraga ikinji toparyň çagalary has çalt we has aňsatlyk bilen jogap beripdirler.

Bir yanıt yazın