You are currently viewing Atasyna meňzän ogul

Atasyna meňzän ogul

Oglumyň dünýä inen günüdi. Men iş bilen bir ýere gitmeli bolupdym. Uçara ýetişmelidim. Käbir gaýragoýulmasyz işlerim bardy. Şonuň üçinem, men şol gün bäbekhana baryp bilmedim.

Aradan wagt geçdi. Meniň hemişeki başagaýlygymdy. Onýança oglum ýörjen-ýörjen bolup, dil çykardy. Ýarym-ýalta sözlem düzmegi öwrenensoň, oglum maňa bir gezek: «Kaka, men ulalamda seniň ýaly boljak» diýdi. Soň-soňlar-a ol aýagaldygyna iş ýerime jaň edip, «Kaka, haçan gelýäň?» diýip sorap başlady. Menem oňa her gezek: «Bilmedim-dä, oglum! Ine, men öýe bararyn-a, şonda ikimiz bileje oýnarys, bolýarmy?» diýip, başdansowma jogap berdim.

Garaz şeýdip birnäçe ýyl ötdi. Şol barmana oglumam on ýaşady. Bir gün oňa top alyp berdim. Ol şonda maňa sagbolsun aýtdy-da, «Gel, bile oýnaly!» diýdi. Men bolsa oňa:

— Şu wagt-a başagaý, oglum! Dynç günem işim kän. Indiki dynç güni oýnaýaly. Bolmazmy? – diýdim. Ol hem meniň teklibim bilen razylaşyp, begenjinden ýaňa uçaýjak boldy.

— Ulalamda menem seniň ýaly boljak, kaka!

Aradan ýene birnäçe ýyl geçdi. Oglum ilki başlangyç synpy, soň orta mekdebi, soňra-da ýokary okuw jaýyny tamamlady. Her bir kakada bolşy ýaly, meniňem ogluma aýtjak-goýjak zatlarym bardy. Meniň oňa:

— Seniň ýaly oglum bolany üçin, men gör nähili bagtly! Gel, oturyp, biraz gürleşeli – diýenimem şol welin, ol kellesini ýaýkap ýylgyrdy-da:

— Kaka, maňa dostlarym garaşýar. Ulagyň açaryny beräý-dä! Ikiçäk gürrüňimizi soň arkaýynçylykda edäýeris. Bolmazmy? – diýdi.

Şeýdip-şeýdip ýene birnäçe ýyl ötdi. Menem oňa çenli pensiýa çykdym. Işlerim azalyşyp, elim boşaşypdy. Indi mende boş wagt näçe gerek diýseň bardy. Ol wagtlar oglum başga bir şäherde işläp ýördi. Şol ýerde-de ýaşaýardy. Bir gün men ogluma jaň etdim-de:

— Eger eliň boşaşsa, ataly ogul oturyp dertleşäýsek diýýän. Bir-birimizi görmänimize-de esli wagt bolupdyr.

— Hawa, gaty gowy bolar, kaka! Men bir göreýin hany, laýygrak wagt tapyp bilsem, hökman görşeris. Ýöne şu günler-ä işim başymdan agdyk. Ýogsam meniňem şeýle bir seni göresim gelýär…

— Onda haçan geljek, oglum?

— Wah, pylan diýsem ýalançy-da, kaka! Edil häzir-ä ýygnaga girmeli. Şondan çykamsoň, saňa özüm jaň ederin. Galanynam görüberýäris.

Telefony öçürenimde, men oglumyň çagalykdaky arzuwynyň hasyl bolandygyna göz ýetirdim. Hawa, şonda men onuň şol arzuwyna ýetendigine, özi-de hut kakasyndan görelde alandygyna, ýagny ulalyp, edil kakasy ýaly bolandygyna düşünip galdym.

Çeşme: ylymly.tk

Bir yanıt yazın