You are currently viewing Planşetlar we el telefonlary çagalary nädip küýki edýär?

Planşetlar we el telefonlary çagalary nädip küýki edýär?

Öýlerimize myhman gelende ýa-da öýden daşary aýlanmaga gidilende käbir maşgalalar çagalaryny güýmejek bolup köplenç planşetda, kompýuterda ýa-da el telefonlarda oýun oýnamaklaryna rugsat berýärler.

Her gün durmuşlarynyň bir çygrynda telefon ýa-da planşetdaky oýunlar esasy bölegini tutýan, daş töwereginde bolup geçýän wakalardan gatnaşygyny düýpgöter kesen onlarça çagalary görmek mümkindir.

Emma bilermenler bu ýagdaýyñ çagalaryň saglygy we ösüşi üçin örän howply meselelere ýol açýandygyny belleýärler. Planşetlar, kompýuterler we el telefonlar sebäpli çagalarda boýun we bil hassalyklaryň ilkinji hatarda bolmagy bilen köp sanly hassalyklaryň möhüm derejede artmagy aýdyñ bolup dur. Bu esbaplar, köp ulanylmagy sebäpli ösüş döwründäki çagalaryň oňurgalaryna uly zyýan ýetirmegine esas bolýar.

BBC-nyň bu mesele boýunça bilermenler bilen duşuşyp beren habarlaryndaky maglumatlaryna görä, dünýä boýunça ýaş nesillere gelejekde garaşýan iň möhüm howplaryň başynda boýun ingisi (gryža) we küýkülik gelýar.

Boýun, bil we bilek agyrlary artdy; çagalar küýkülik howpy bilen ýüzbe ýüz ýagdaýda.

Boýun, bil, bilek we göz agyrlary ýaly hassalyklar, iň köp 5-9 ýaş aralygynda bolan çagalarda görülýär. Bilermenlere görä iň gowy bejergi, çagalaryň planşet we el telefonlary ulanmaklaryny çäklendirmekdir.

Gollandiýada soňky ýyllarda 8-18 ýaş aralygyndaky çagalarda bil we boýun arzlary 40 göterim artdy. Gollandiýaly alymlara görä, çagalarda planşet we el telefonlary ulanmak bilen bagly hassalyklar “howp” derejede. Ortoped hirurgy Peter Loona görä boýun ingisi we küýkülik ilkinji hatarda bu esbaplary ulanmakdan döreýär we bu hassalyklar möhüm bir meselä öwrülip barýar.

PLANŞET WE MOBIL TELEFONLARY ULANMAKLYK KELLE AGRAMYNYŇ BASYNJYNY ARTDYRÝAR.

Fizioterapist Mauriçe Blom, tutuş kelle agramynyň takmynan 5 kilogramdygyny belläp geçip, telefon we planşet ulanmak bilen bu agyrlygyň dowamly aşak basynç edýändigini beýan edýär. Blom, bu agramyna egilmäniň bedende boýun ingisiniň we küýküligiň ilkinji hatarda sebäp bolmak bilen ötüşen hassalygyň döremegine ýol açýandygyny aýdyar.

ÇAGALARYŇ BARMAK WE BOÝUN ARZA ŞIKAÝATLARY GÜN GÜNDEN ARTÝAR.

Alymlaryň pikirine göre, whatsapp ulanmak we sms ýazmaklygy hem çagalarda boýun we barmak arzlarynyň artmagyna sebäp bolýar.

Edilen ylmy-barlaglara görä, Daniýada boýun ingisi sebäpli fizioterapiste giden 10-14 ýaş aralygyndaky çagalaryň sany 2008 ýylyna görä iki esse artdy.

Daniýada, uzak wagtyň dowamynda planşet we telefon ulanylmagy sebäpli gitdigiçe has köp çagalarda boýun agyrlaryna degişli arzlary artýar. 5-9 ýaş arasyndaky çagalarda bu arzlary has ýokarydyr.

“ÖŇÜNI ALMAK, BEJERGIDEN HAS AŇSATDYR.”

Gent uniwersitetinden profesor Barbara Cagnie, el telefon we planşetler bilen dowamly öňe egilmegiň netijesi boýun myşsalarynyň we damarlarynyň uly zeper alýandyklaryny aýratyn belleýär.

Belgiýaly fizioterapiýa boýunça hünärmeniň ene-atalara çagalaryň planşet we el telefonlaryny aşa köp ulanmaklarynyň öňüni almaklaryny maslahat berýär.

Profesor Cagnieniñ aýtmagyna görä, aşa köp ulanmaklygyň öňüni almaklyk bejergi etmekden has aňsatdyr. Sebäbi, bejergi edilsede ulanmaklyk çäklendirilmedik ýagdaýda arzlar hiç haçan doly aýrylmaz.

ÇAGALARYÑYZA UZAK WAGTYŇ DOWAMYNDA PLANŞETI ULANDYRMAŇ; OTURMA ŞEKILINI ÝYGY-ÝYGYDAN ÜÝTGETMEGINI AÝDYŇ.

Goramagyň, arzlaryň azalmagynda uly orun tutýandygyny belleýän Barbara Cagnie “Çagalaryňyzy köp wagtyň dowamynda planşeti ýa-da telefony ulandyrmaň. Ulanan wagtlary bolsa ýygy-ýygydan oturma şeklini üýtgedilmegini ündäp durmaly” diýip aýdýar.

Gollandiýa ilkinjileriň hatarynda bolmak bilen birnäçe Ýewropa döwletlerinde hem diňe planşet, telefon we oýun esbaplary bilen bagly hassalyklara degişli arzlara seredýän ortopedik klinikalary döredýär.

Bir yanıt yazın