You are currently viewing 7-11 ÝAŞ ARALYGYNDAKY ÇAGALARYŇ PSIHOLOGIÝASY

7-11 ÝAŞ ARALYGYNDAKY ÇAGALARYŇ PSIHOLOGIÝASY

7-11 ýaş aralyk döwri çaganyň ýuwaş we kadaly ösüşiniň döwridir. Esasanda çagalarda analatik we sentatik funksiýonal ösüşüniň döwri bolýar. Ýene-de çagalarda alyp baryjy häsiýeti ýüze çykýan, psihologiki taýdan aň, düşünje, ünsini jemlemek, akyl we ösüşiniň kadalaşyp başlaýan döwri bolýar. Eýýäm ilkinji gezek bu ýaşda oýun oýnamak höwesleri azalyp başlaýar. Oýunlary esasan bir zady bilmek we öwrenmek üçin oýnap başlaýarlar. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde ukyplarynyň has ösýän döwridir. Sebäbi başga medeniýetleri öwrenip, bilmek islegleri hasda güýçlenýar.
7 ýaşda eýýäm çaga mekdebe başlaýar. Mekdebe gitmeginiň ilkinji günlerinde kynçylyk çekýän çagalarda bardyr. Sebäbi mekdebe başlanda çaga käbir garaşylmadyk oňaýsyz ýagdaýlar bilen garşylaşyar, bu bolsa çagalarda okuwdan uzaklaşmak ýa-da mekdebe garşy ýalñyş düşünjeleri döredip biler. Şol sebäpli çagalariň ilkinji mekdebe başlan döwründe hossarlarynyň we mugallymlarynyň roly gaty uly bolýar. Çagalaryň okamaga, öwrenmäge höwesi mekdep bilen başdaky aragatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa çagalaryň synpdan-synpa üstünlikli geçmegi üçin gaty möhümdir. Mundan başga-da çagalar sapaklaryny okamak, öý işlerini etmek, mekdebe wagtynda gitmek ýaly jogapkarçilikleri öz üstüne almana başlayar. Bu döwürde çagalaryň hossarlary olar bilen hemişe gyzyklanmaly we goltgy bermelidirler. Sebäbi çaga eýýäm ilkinji çagalygyndan orta ýaşa geçip ugraýar we ynjyklyk häsiýetleride has-da ýüze çykyp başlaýar.
Bu ýaş toparyndaky çaglaryň duýgy düşünjeleri has-da berkeýär. Çagalar özleriniň düşünjelerini gürrüňdeşligiň we sözleýişiň esasynda görkezmek isleýärler. Sebäbi olaryň bu döwürde bilesigelijilik duýgulary has-da artýar. Şol sebäpli ene-atalar we mugallymlar çagalaryň aýtmak isleýän zatlaryny diňlemelidirler. Eger çenden aşa bolaýsa, olaryň ünsini ýumşaklyk bilen başga ugra gönükdirmelidirler.
7-11 ýaşdaky çagalaryň zehinide giňeýär. Şol sebäpli-de mekdepde we öýlerinde zehin we pikirlenmek ukyplaryny ösdürýän gönükmeler, oýunlar, mysal we meseleler köp işlenmelidir. Bu bolsa olaryň gelejekde zehinli, ynamly adamlar bolup ýetişmegine getirýär. Mundan başga-da çagalaryn bu döwürde haýsy ugurda has ukyplydyklaryny ýa-da däldiklerini kesgitläp bileriz we olary şol ugra gönükdirmäge kömek edip bileris. Bu ýerde bolsa eýýäm işiň esasy agyrlygy mugallymlara düşýär. Mugallymlar başlangyç synplardan başlap haýsy ugurlarda güýçli we gowşakdygyny görüp bilýäler. Şol sebäpden hem olar çagalaryň ukyplary barada ene- atalaryny habardar etmelidirler we ene-atalar hem çagalarynyň ukyplaryna görä olary dogry ýola gönükdirmelidirler. Ýene-de bir bellemeli zadymyz öz ukybyna görä dogry ýoly saýlamak belli bir mukdarda çagalaryň özüne hem baglydyr. Çagalarda bu ýaşda täze islegler, duýgular döreýär. Sebäbi olarda bu döwürde biologiki, fizýalogiki we psihologiki taýdan hem ösüş döwri başlaýar we bu çagalarda herhili üýtgeşik ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirýär. Şonuň üçin ene-atalar öz çagalary bilen ähli ugurda gyzyklanmalydyrlar. Eger-de çagalarda bir düşünüşmezlik ýüze çyksa ony ene-atasy birlikde çözmäge çalyşmaly. Sebäbi mesele aýry-aýry çözülse, eýýäm çaga bu ýerde gorkusundan iki dürli haly görkezip bilýär we buda olaryň ýalan sözlemegine getiriýär. Şeýlelikde çagalarymyzyň gowy terbiýeli, gowy ahlakly bolmagy üçin olar bilen bu ýaş aralygynda örän köp gyzyklanylmalydyr.

Bir yanıt yazın