- Barmagymy görkezip käýemegiň ýerine barmagym bilen surat çekmegi öwrederdim;
- Çagalarym meni gujaklamak islänlerinde “Işim bar, git” diýmegiň ýerine “Seniň bilen az wagt geçirýänim üçin bagyşla” diýerdim;
- “Bar oýna” diýmegiň ýerine “Gel bile oýnaly” diýerdim;
- “Şuny etmegiňi isleýärin” diýmegiň ýerine “Näme etmek isleýärsiň?” diýip pikirini sorardym;
- Sorag beren wagty “Şuny hem bileňokmy?” diýmegiň ýerine “Gel bile öwreneli” diýerdim;
- Peýdaly iş edende, üstünlikler gazananda “Berekella” diýerdim;
- Bilmezden ýalňyşanda “Bolýan zat, hemmämiz ýalňyşýarys, indiki gezek gaýtalamajak bol” diýerdim;
- Bir işi oňaranda, işi gowy ýerine ýetirende “Tüweleme, nädip etdiň?” diýerdim;
- “Bu gün okuwyň nähili geçdi, näme täzelikler?” diýip gyzyklanardym;
- Okuwynda pes baha alanda “Men saňa ynanýaryn, mundan has hem köp okap, has gowy bahalary alarsyň” diýerdim;
- Gürrüň edenimizde “Sen bu barada nähili pikiriň bar?” diýip sorardym;
- “Şu wagt däl” diýmegiň ýerine “Seni diňleýärin” diýerdim;
- “Ýok” diýmegiň ýerine “Şeýle etseň bolmazmy?” diýerdim;
- “Soň” diýmegiň ýerine “Nesip bolsa, ýakyn wagtda” diýerdim;
- “Ony et, muny et” diýmegiň ýerine, “Sen şu işi edeňde örän gowy edýärsiň, şuny etseň” diýerdim;
- Sesimi gataltman, mylakat bilen düşündirerdim;
- Käte sebäpsiz çagamy gujaklardym…
Çagalaryňyza wagt aýyrmagy ýatdan çykarmaň!
Çeşme: vk/mugallym we biz