You are currently viewing Dogry pikir

Dogry pikir

Geliň, bir ha­ky­katy bo­ýun alalyň: Yn­san durmuşynyň bagtly ýa-da hup­­batly bol­magy onuň dü­şün­je dünýäsi, waka we hadysa­lara bo­lan garaý­şy bilen aýryl­maz bagla­nyşyk­lydyr.

Hawa, siz durmu­şyňyzda ýüze çykan haýsydyr bir hadysa betbagtlyk hökmünde hem garap bilersiňiz, oňa geljekde sizi bagtyýar etjek bir sebäp hökmünde hem garap bilersiňiz.

Arada bir dostumyňka bardym. Ýakyn garyndaşlary, goňşy-golamlary onuň maddy kynçylyk sebäpli aklyny ýitirmeginden gorkýandyklaryny aýtdylar.

Bir salym söhbet etdik. Oňa:

– Beterinden beteri bardyr. Sen bu wagtlaýyn kynçylygy beýdip, ulaldyp ýörme. Çäresi bar bolan zatlary çişirip ýörmek uslyp däldir. Gün geler, bu kynçylyklaryň bary geçer, seniň hal-ýagdaýyň hem ýene gowulaşar. Onsuz hem, sen şu wagt-da – gözüňde ulaldyşyň ýaly – juda agyr ýagdaýda dälsiň. Seniň kynçylyk hökmünde garaýan ýagdaýyň birnäçe maşgalanyň adaty durmuşydyr. Seniň öňünde ejizlän bu durmuş şertleriň, birnäçe ýerde ömür boýy dowam edip gelýän şertlerdigini unutma – diýip, dost maslahatyny berdim.

Emma, ol şol wagt maslahata gulak asarly däldi. Özüniňkiden başga pikiri kabul etmejegini aňyp, göwünlik berip ýanyndan aýryldym.

Aradan esli wagt geçdi. Ýene bir gün onuňka görme-görşe bardym. Görsem, bu gezek aladasy has çökderdi. Beren salamymy hem eşitmedi. Oňa:

– Gardaş, bu işi beýle ulaldyp ýörme. Bularyň bary wagtlaýyn kynçylyklar-a – diýdim.

Kellesini ýaýkap, şeýle jogap berdi:

Seniň diýýän kynçylygyňa birmahallar razy boldum-la. Käşge meseläm diňe bir maddy kynçylyk bolsady, barja goşumy alyp, çatma gurup ýaşasadym, ýol ýakasynda öňüme bir elýaglyk ýazyp, öten-geçeniň beren sadakasy bilen ýaşaýşymy dowam etsedim; ýene-de özümi bagtyýar hasaplap gezerdim. Häzir, seniň aýdyşyň ýaly, beterinden beterine uçradym. Birdenkä ýagdaýym erbetleşip, agyr derde ýolukdym. Doktor saglyk ýagdaýymy barlagdan geçirip, ahyrky netijäni aýtdy. “Sen öýüňe gidip maşgalaň arasynda bolsaň gowy boljak. Biziň elimizden geljek zat ýokdur. Alla ömür berse gutulyp gidersiň, ýogsam, şu wagt seniň bu keseliň çäresi ýok” diýdi.

Ara düşen dymyşlygy ýene dostumyň özi bozdy:

– Käşgä, şol günlerde dogry pikirlenmegi başaran bolsadym, çäresi bar bolan maddy taýdan kynçylygy ulaltmadyk bolsadym. Sabyrly bolup, beýle umytsyzlyga düşmesedim. Hal-ýagdaýy meniňkiden pes bolanlara seredip, ýagdaýyma şükür etsedim. “Bu hem bir gün geçer-dä” diýen bolsadym.

Hawa, asyl mesele hem şu-da: Duýgularymyza erk edip bilmezlik, dogry pikir edip başarmazlyk, has agyr ýagdaýdakylara seredip öz halyňa şükür etmezlik…

Şonuň üçin her kim mahal-mahal özünden aşakdakylaryň hal-ýagdaýyna seredip durmaly. Ýokarylara seredip, ýok ýerden özüne dert edinmeli däl. Çünki özüňden aşakdakylara seretmek bilen ynsan halyndan razy bolar. Ýersiz gaýgylaryndan gutulyp, kanagat duýgusyna eýe bolar.

Bir yanıt yazın