You are currently viewing Agzybir hem berk maşgala gurmagyň syrlary

Agzybir hem berk maşgala gurmagyň syrlary

Maşgalada sylaşygy saklamaga, bar bolan ýakymly duýgulary ömürlik hemra edinmäge, agzybir hem berk maşgala gurmaga ýardam berýän käbir maslahatlary getirmegi makul bildik:

  • Hiç-haçan sögüşmäň, kyn ýagdaýda birek-birege igenmäň. Dawa-jenjeliň gowulyga elten ýeri ýokdur;
  • Ýanýoldaşyň hereketinde haýsydyr bir zat size ýaramaýan bolsa, gyjalat bermäň-de, kynçylygy ýeňip geçmäge kömek ediň;
  • Bir-biriňize höküm sürjek bolmaň, terbiýe diýlen diýdimzorluk bilen däl-de, mähribanlyk hem süýji sözlülik bilen berjaý bolýandyr. Ýanyňyzdaky adamda bar bolan gylyk- häsiýetler göwnüňize ýaramaýan bolsa, ony pursadyny tapyp ýumşaklyk bilen aýtmagy başaryň;
  • Keseki adamyň ýanynda bir-biriňize kemsidiji sözleri, tankydy bellikleri aýdyjy bolmaň. Aslynda-da, adam tankytlanýan däldir, onuň ýaramaz hereketlerine dürs baha berilýändir. Gepe-gybata goşulmaň, ýanýoldaşyň gybatyny etmek bolsa gabahatlykdyr, peslikdir;
  • Birek-biregi elýetmez hasaplaň;
  • Her ädimde bir-biriňize «siz» diýmegi başaryň. Adam ýüregi sähelçe zat üçin hoşal sözleri eçilýändir, olary dile getirmegi kiçilik bilmäň. Adam göwni sähelçe zatdan gülleýändir, bir-biriňiziň göwnüňizi seýikleseňiz, bagtyň şol sähelçe zatlardan döreýändigine düşünersiňiz;
  • Öz hereketiňize keseden garap baha bermegi endik ediniň. Adam hemişe özüniňkiniň dogrudygyna ynansa, beýlekileri diňlemegi goýýar;
  • Ýumry-ýumşak boluň. Gödeklik diňe gödeklige getirýändir, beýleki adamy kemsidýändir. Paýyş sözler, kemsidiji jümleler öýüň rysgal-berekedini kemeldýändir;
  • Içiňizi hümledip gezmäň, göwün galan ýerde muny ýuwaşlyk bilen aýdanyň gowudyr. Kine edip, içiňde saklap ýörseň, ýanyňdakylar bu zatlardan bihabar bolup ýaşamagy hem ahmaldyr;
  • Diňe ýagşyny ýatlap geziň. Ýagşyny ýatlamak ýamany bagyşlamakdyr. Beýlekileriň hatasyny bagyşlaň, artykmaçlyk sizden galsyn;
  • Öz saglygyňyza, golaý adamlaryň saglygyna biperwaý bolmaň;
  • Eger ýarawsyz bolsaňyz ýa keýpiňiz gaçan bolsa, bu barada aýdanyň ýagşydyr, beýlekiler size düşünerler. Ýöne bu ýagdaýyňyzy uzaga çekmäň, mazamlamaň, onuň sebäbini beýlekilerden gözläp igenmäň.

Bir yanıt yazın