You are currently viewing Maşgalanyň bagtly bolmagynyň ilkinji şerti nämedir?

Maşgalanyň bagtly bolmagynyň ilkinji şerti nämedir?

Maşgalanyň bagtly bolmagynyň ilkinji şerti ýaş çatynjalaryň oňşukly bolmagydyr. Oňşuga bolsa şu aşakdaky şertler öz täsirini ýetirýär:

  • Ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, ileri hasaplaýan ruhy gymmatlyklarynyň birmeňzeşligi – ýaşlaryň maksady, gyzyklanmasy, pikiri bir bolmaly;
  • Maşgalada aýal maşgalanyň hem erkek kişiniň tutýan ornuna, bolmaly sylag-hormatyna düşünmegiň birmeňzeş garaýşy. Eger-de är-aýalyň özüniň maşgaladaky ornuna düşünmeginde çaprazlyk dörese, olar bir-birine kabul edip bolmajak talap bildirip ugraýarlar. Bu talaplar berjaý bolmasa, dawa-jenjel döreýär. Şeýle maşgalada agzybirlik arany açmak bilen bolýar;
  • Ýaşlaryň gylyk-häsiýetleriniň deň gelmegi. Geň ýeri, uzak ýaşaşyp, berk maşgala guran adamlaryň gylyk-häsiýeti düýbünden meňzeş bolman hem biler.

Diýmek, oňşukly bolmak üçin başgarak talaplar bar. Olar: öz-özüňe tankydy göz bilen garamagy başarmak, çydamlylyk, beýlekileri sylamak we olara ynam etmekdir.

Bir yanıt yazın