“Adamlar şu sebäpden kitap okamaýar” diýip, belli bir zady aýdyp bolmaýar. Kitaplar bilen eriş-argaç bolup ýaşap bilmeýänligimiziň birnäçe sebäbi bardyr. Şolaryň hatarynda şu aşakdakylary sanap bileris:
- Çaga terbiýesindäki ýalňyş usullar;
- Kitaphanalaryň dünýäniň ösen tehnikasyndan uzak bolmagy;
- Döwlet meýilnamasynda kitap hakda tagallalaryň edilmezligi;
- Bilimiň kelläňe dynç beriji ýa-da diňe ýat tutduryjy sistema öwrülmegi.
“Biziň bilim sistemamyzyň ilkinji synpdan başlap, uniwersitetiň iň soňky synpyna çenli dowam eden iň agyryly meselesi, bilim beriş hem-de ony kabul ediş tapgyrynda dersi düşündirjek bolman, ony ýat tutdyrmak usulynda geçilmegi we okuwçynyň, talybyň pikirlenmek, derňemek, akyl ýetirmek hem-de oňa jan edip, öz yhlasyň bilen düşünjek bolmak ýaly endikleriniň ösmän, göýdük galmagydyr. Bu ýagdaýda, okuwçy hemme zady, hatda matematikany, fizikany hem ýat tutýar.
Jemläp alanymyzda, kitap okamak endiginiň döremegine ýaramaz täsir edýän ykdysady päsgelçilikleriň hemmesi aradan aýrylmaly.
Az okamagymyzyň sebäbi:
- Telewizor, wideo, telefon, kompýuter we kinoteatr okamakdan ünsümizi sowýar. Adamlar tutuş gije dört, bäş, hatda alty sagatlap telewizoryň/telefonyň başynda oturyp bilýärler…
- Adamlaryň gün-güzeran aladasy bilen meşgul bolmagy. Başga zatlar hakda pikir etmezligi.
- Ençeme ýyllardan bäri ylym eýelerine gyýa göz bilen garamagymyz;
- Çap edilýän neşirlere şübheli garamak.
Bir kişiniň adamçylygyny okap-öwrenmegi, soňra-da öwrenenlerini beýlekilere öwretmegi, olara dogry ýoly salgy bermegi belli edýär. Bilmeýändigini bilibem, öwrenmek hakynda pikir etmeýän, öwrenenleri bilen özüni terbiýeläp, töweregine görelde bolmaýan kişi daşky keşbinden adama meňzese-de, onuň ynsandygy ýa däldigi nämälimdir!