You are currently viewing Okamagy öwrenmek sungatlaryň iň kynydyr…

Okamagy öwrenmek sungatlaryň iň kynydyr…

Okamak duýgularyň iň asylzadasydyr. Ussat ýazyjy-şahyrlar ömrüniň ýarysyny okap geçiripdirler. Monteskýe “Ýarym sagat okamak, bar gam-gussalarymy süpürip alyp gidýär” diýipdir. Öz döwrüniň iň meşhur taglymatçysy, dilewarlygy bilen tanalan Jon Braýt, irginsiz okamagyň netijesinde şeýle derejä ýetipdir. Belli nemes şahyry Gýote bolsa, ömrüniň soňky ýyllarynda: “Okamagy öwrenmek sungatlaryň iň kynydyr… Ömrümiň segsen ýylyny okamaga bagyşladym, şonda-da özümden göwnüm hoş diýsem, ýalan sözledigim bolar” diýipdir. Gýote bu sözleriniň üsti bilen mekdepde öwredilen okadylyşy däl-de, ukybynyň üstünde işläp-işläp, irginsiz sünnäläp, ony hakyky sungata öwürmegi göz öňüne tutupdyr. Hatda ol gartaşandygyna garamazdan, bu düşünjä isleýşi ýaly gulluk edip bilmändigine ökünipdir.

Milletimize, adamlara we jemgyýete peýda bermek üçin okamaly. “Okap bilemok” diýmeli däldiris. Dogry, birnäçe päsgelçilikler kitap okamagyň öňüne böwet bolup biler. Hakyky ussatlyk we başarnyk – hiç-hili päsgelçiliksiz ýolda ýöremek däl-de, dumly-duşy kynçylyklar bilen gurşalan ýolda ýöräp bilmekdir. Biz “Ynsanlaryň iň haýyrlysy, olara iň köp peýdasy degýän adamdyr” diýen hakykatdan ugur alyp, kynçylygy ýeňip geçmek üçin, kitap okamagy öwreneliň, gaýrat edeliň, okamagy söýeliň, bolmanda, ony diňläliň we onuň okalýan ýerlerinden daşlaşmalyň. Eger-de munuň tersine bolan ýagdaýynda kitaba we okamaga degişli bolan bu dördüsinden başga bir ýoly saýlasak, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wessellem) aýdyşy ýaly, “heläk bolmakdan gutaryp bilmeris”.

Bir yanıt yazın