You are currently viewing Ynam we zähmet

Ynam we zähmet

Derýanyň boýunda ýaşaýan we derýanyň bir boýundan beýleki boýuna ýolagçy gatnatmak arkaly güzeranyny dolaýan bir garry gaýykçy gaýygyndaky küreklerden birine “Ynam!”, beýlekisine-de “Zähmet!” sözlerini ýazypdyr. Munuň sebäbini soranlarynda, köp muşakgatly günleri arka atan ýaşuly:

Derýanyň garşy ýakasyna geçmek üçin her iki kürek-de zerur. Zähmetsiz ynam we ynamsyz zähmet sizi maksada ýetirmez. Durmuş ýoluna ýeke kürek bilen çykmak hem derýany ýeke kürek bilen geçmäge synanyşmakdan tapawutsyzdyr – diýip jogap beripdir.

Zähmet çekmek we ynanmak üstünlügiň esasy şertidir. Ýaşaýşyň alamaty bolan herekete, zähmete, gaýrata, maňlaý derine gadyr goýan atalarymyz ýüzlerçe ýyl öň “Zähmet soňy rehnet”, “Herekete bereket” ýaly nakyllary döredipdir.

Bir yanıt yazın