You are currently viewing SERÇÄNIŇ ÖÝKESI

SERÇÄNIŇ ÖÝKESI

Serçe bir sebäp bilen Alladan öýkeläpdi. Telim gün geçenem bolsa sesini çykarmaýardy. Sessizlige gömülip, gam laýyna batypdy. Öňküsi ýaly Perwerdigärine ýüzlenmeýärdi, onuň bilen hiç gepleşmeýärdi.
Perişdeleri serçäniň soňky ykbaly gyzyklandyrýardy, şonuň üçin zol-zol Alladan onuň ýagdaýyny soraýardylar. Beýik Ýaradanam her gezeginde olara: “Ol geler!” diýýärdi. “Sebäbi onuň sesini eşitjek ýeke mendirin, onuň jinnek ýalyjak kalbynyň derdine düşünjek diňe men bar!” diýýärdi.

Esli wagt geçenden soň serçe ýüregi gamdan, gözi ýaşdan doly halda bir agajyň şahasyna gondy. Hiç zat gürlänokdy, ses-üýnsüz dymyp otyrdy.
Beýik Ýaradan serçä ýüzlendi:
– Ýeri, aýt bakaly! Seni gussa batyran, ýüregiňi gamdan dolduran ol dert näme?
Perişdeler serçe näme diýerkä diýip, oňa seredişip durdylar.
– Kiçijik höwürtgäm bardy. Ýadan pilläm dynç alardym, üşän wagtym ýylanardym. Hiç kime azar bolamokdym, o ýer bu äpet dünýäde kinniwanja bir ýerdi, hiç kimiň ýerini gysanokdy. Sen şonam maňa kän gördüň, ol apy-tupan nireden çykdy? Höwürtgämi bir öwsende çalam-çaş edip, meni öýsüz goýdy ahyry.
Şondan soň serçe gürläp bilmedi, sözleri bogazyna dykyldy durdy.
Arşy-rahmanda sessizligiň sesi ýaňlanýardy, perişdeler başlaryny öňe egip, Allanyň berjek jogabyna garaşýardylar. Beýik Biribar:
– Sen höwürtgäňde dynç alyp otyrkaň, seni awlamak üçin ýylanyň birisi saňa baka süýşüp gelýärdi. Seni şol ýylandan goramak üçin höwürtgäňi ýyksyn diýip, tupana emir berdim. Şunlukda, sen ol ýerden daşlaşdyň-da, ýylandan gutuldyň. Mundan öňem nijembir belalary diňe saňa bolan muhabbetimden ötri başyňdan sowdum. Sen bolsa, seni gollap oturan meniň muhabbetimi göreňok-da wagtlaýyn belalar sebäpli maňa duşman bolýarsyň.


Serçäniň gözleri dolup, aglamaga başlady, içigip-içigip aglaýardy. Özüni söýýän Allanyň mähir-muhabbetine haýran bolupdy. Müýnürgäp durşuna, diňe:
– Bagyşla meni, eý Allam! – diýmegi başardy.
Onuň köňlünden çykan sözler Rahmanyň belent arşynda ýaňlandy:
“Bagyşla meni, eý Allam!”
Başymyzdan inen her bir belada nijembir haýyrlar bukulyp ýatandyr. Rabbymyzdan gaty görmek ýerine: “Bähbit bolsun, bolan işde haýyr bardyr!” diýip, kaýyllyk görkezmek, razy bolmak gerek…


Salam bolsun, BÄHBIT BOLSUN diýmegi başaranlara…
Salam bolsun, MUNDA-DA BIR HAÝYR BARDYR diýibilenlere…
Salam bolsun, BU-DA GEÇER diýip, ýolundan galmaýanlara…

Bir yanıt yazın