Salam Maşgala Mekdebiniň Okyjylary,
Şugüniň özünden başlap Maşgala Mekdebiniň Sungat Sahypasynda ýazmakçy bolýaryn. Umuman sungatyň adamzada täsiri we peýdalary barada, hem-de çagalara kiçi ýaşlardan başlap sungata gyzyklandyrmagyň ähmiyeti babatda makalalar ýazmak maksadym bar. Makalalarymyň size peýdasy deger diyip umyt edýärin.
Birinji makalamda sungaty taryplandyrmaga we adamzada edyän täsirlerini düşündürmäge synanyşjak. Sungaty şugüne çenli ençeme pelsepeçiler we sungat ussatlary taryplandyrmaga synanyşypdyrlar, ýöne sungaty doly manyda düşündirip bilmek hem aňsat bolmandyr. Sebäbi sungat biziň içinde ýaşaýan dünyämizi nähili görşümizi we duýşumyzy, daş-töweregimizdäki bolup geçyän ahwal we hadysalara biziň nähili garaýşymyzy ýazyp, suratyny çekip ya-da başga döredijilikli eserleriň üsti bilen taryplandyrmagymyza aýdylýar. Her bir adamyň dünyägaraýşy tapawutly bolmagy we töweregini gurşap alan bu giň we geň jahanyň manysyna özboluşly düşünmegi, gözellik we bedroýlyk ölçegleri biri-birilerinden düýbünden üýtgeşik bolmagy ýaly sebäpler sungaty taryplandyrmakda kynçylyk döredýär.
Indi bolsa sungatyň umumy manyda adamzada we jemgyýete täsirleri babatda gysgaça aýdyp geçeli. Sungat jemgyýetiň pikir edişine, dünýagaraýşyna täsir edip, milli düşünjäniň döremegine sebäp bolýar. Surat, heýkel, saz, edebiýat we beýleki sungat şahalary bir jemgyýetiň geçmişini we aýratynlygyny ýada salýan iň esasy gymmatlyklaryndan biri hökmünde görülýär. Meselem, daşary ýurtda iş sapary, okuw ýa-da gezelenç maksady bilen giden halatymyzda, ýolda yöräp barýarkak daşdan dutar sesiniň çar tarapa ýaňlanşyny eşiden halatamyzda, bu bize gönüden göni öz Ata Watanymyzy, Ene Topragymyzy ýada salýar. Ýa-da eger-de tanymal bir muzeýe gidenimizde ýa-da bir daşary ýurt kinosyny tomaşa edenimizde emaý bilen nagyş-nagyş dokalan türkmen halysyny görenimizde dogduk depämiz ýadymyza düşýär, şeýle dälmi eýsem? Bu mysallar hem sungatyň belli ýerleri, jemgyýetleri ýada salmakda, olary taryplandyrmakda nähili güýçli baýlykdygyny görkezýär. Sungat jemgeýetiň jebislenmegine, birek-birege ýakynlyk duýmagyna we hormat goýmagyna ýardam edýär. Bu eýsem diňe kiçi jemgyýetler üçin degişli däl, tutuş adamzady birek-biregine baglaýan jebis bir ýüpdir.
- Kim Bethoweniň 9. Senfoniýasyny diňläp adamzadyň nähili eserler döredip bilýändigine buýsanmaz?
- Ýa-da Stambuldaky Süleýmaniýe metjidiniň kaşaňlygyna we owadanlygyna haýran galyp, Mimar Sinanyň adamzada sowgadyna begenmez?
- Ýa-da Magtymgulynyň goşgularyny okap, onuň şygyrlaryndaky çuňňur manylara düşünmegä synanyşýan haýsy adamogly onyň dünýagaraýşynyň giňligine haýran galmaz?
Bu mysallar şuny görkezýär; sungat diňe kiçi jemgyýetleri däl, tutyş adamzady dil, reňk, sypat we din tapawutlylygyna garamazdan bir supranyň başynda jem bolmagyna sebäp bolup biljek esasy direglerden biridir. Sungaty we onuň aňladýan manylaryna göz ýetirmek üçin başga bir milletiň dilini bilmeseň hem bolar; olaryň sazlaryndaky inçe tilsimler, suratlaryndaky owadan şekiller, şygyrlaryndaky ritm we kapyýalar we tanslaryndaky kybapdaş enaýy hereketler seniň aň we ruh taýdan lezzet almagyna we olaryň däp-dessurlaryna düşünmegiňe we söymegiňe we olara hormat goýmagyňa ýol açar. Käbir adamlar dünyä parahatçylyk we abadançylygynyň ornaşmagyna, hemme adamlaryň dawa-jenjelsiz birek-birek bilen oňuşmagyna sungat iterer diýip pikir edýärler; olaryň beýle oýlanyşmagyna hem, ýokarda agzalan we başga-da agzalmadyk sungatyň ençeme baýlyklary sebäp bolýana çemeli.
Indiki makalamda sungatyň her bir adamyň şahsyýetine we aň-düşünjesine edýän täsirleri barada agzap geçmekçi, okanyňyz üçin sagboluň we indiki makalama çenli hoş galyň, hormatly okyjylar.