Hatda şu günlerde hem psihologlaryň we pedagoglaryň köp sanlysy, aýratyn hem, olardan «döwrebap» diýilýän kişiler kiçijek çagajyga ýötite bilim berilmegini nädogry hasaplaýarlar. Olar maglumat artykmaçlygy çaganyň nerw ulgamyna ýaramaz täsir edýär diýen pikirde. Öwrenmegi çaganyň öz ygtyýaryna goýup, oňa göwün islän zadyny etmäge rugsat berilmeli diýen ýörelgäni öňe sürýärler. Käbirleri bolsa hatda bu ýaşda egoist bolýanlygyny, diňe öz göwnüne ýaran zady edýänligini hem nygtaýarlar.
Şonuň üçin tutuş dünýäde ata-eneler şeýle ideýalaryň täsiri astynda «öz erkine goýmak» ýörelgesine eýerýärler. Soňra bolsa hut şol ata-eneler, perzentleri çagalar bagyna ýa-da mekdebe gidip başlanynda, bada-bat bu ýörelgeden ýüz öwürýärler-de, çagalaryna terbiýe bermäge we nämedir bir zatlar öwretmäge synanyşyp, birdenkä berk talap ediji kişilere öwrülýärler. Sen-men ýok, «mylakatly» ejeler «zabun» adamlara öwrülýärler. Ýokarda beýan edilenlerden hem ähli zadyň tersine bolmalydygy görnüp durandyr. Ýagny çaganyň ömrüniň ilkinji ýyllarynda onuň bilen hem talap ediji, hem mylakatly bolmak gerek. Onuň özi ösüp-öwrenip başlanynda bolsa, kem-kemden onuň erk-ygtyýaryny, onuň «Menini» hormatlamagy öwrenmek gerek. Takyk aýtsak, ata-enäniň täsiri çagalar bagyna çenli bes edilmelidir. Irki ýyllarda hiç hili goşulman, soňra bolsa has giçki ýyllarda çaga basyş görkezilmegi, diňe onda zehini basyp ýatyryp we garşy çykmagy döredip biler.