You are currently viewing Nätanyş adamlaryň ýanynda körpäniň ýygralygy — keşpleri saýgaryş ukybynyň ösüşiniň subutnamasy

Nätanyş adamlaryň ýanynda körpäniň ýygralygy — keşpleri saýgaryş ukybynyň ösüşiniň subutnamasy

Kitabymda «keşp» sözüniň aýratyn görnüşde ulanylyşyny düşündirmek isleýärin.

«Keşp» sözi köplenç halatda «shema», «keşbiň gurluşy», «model» manylarda ulanylýar. Çaga beýnisiniň maglumaty tanamagyna we kabul etmegine kömek edýän pikirleniş hadysasyny aňlatmak üçin, men bu sözi has giň, ýöne ýörite niýetlenen manyda ulanmagy teklip edýärin. Uly adamyň maglumaty, esasan, logiki pikirlenmek ukybyny peýdalanmak arkaly aýlan ýerinde, çaga intuisiýadan, özüniň bada-bat keşp döretmek ýaly täsin ukybyndan peýdalanýar: uly adamyň pikirleniş ukyby çaga elýeterli däl, bu oňa giçräk geler.

Bu irki akyl ýetiriş işjeňliginiň iň aýdyň subutnamasy — bu körpäniň adamlaryň ýüz keşbini tapawutlandyryp bilmegidir. Çagalar hassahanasynda gören bir körpejäm aýratyn ýadymda galdy. Bir ýaşdan sähelçe geçen wagty hem onuň 50 adamy tapawutlandyrmaga ukyply bolandygyny aýdýarlar. Galyberse-de, çaga diňe bir olary tanamak bilen çäklenmän, eýsem, olara özüçe at hemberýär eken.

«50 adam», belki, bu beýle bir haýran galdyryjy san hem däldir, emma bir ýylda 50 sany dürli ýüz keşbi ýatda saklaýmak hatda uly adama-da kyn düşýär. Ähli tanyş-bilişleriňiziň ýüz keşbini, mümkingadar, takyk ýazmaga synanyşyp görüň, soňra bolsa seljerme ýoly arkaly birini beýlekisinden parhlandyryp bilýänligişizi ýa bilmeýänligişizi görüň.

Çaganyň tanamak-saýgarmak ukyplary çen bilen alty aýlyk wagty, ýagny ýygralygyň peýda bolup başlaýan döwri oňat bildirip ugraýar. Onuň kiçijek kellejigi eýýäm tanyş ýüzleri saýgaryp bilýär. Meselem, ejesiniň ýa-da kakasynyň ýüzüni ýat kişileriňkiden tapawutlandyryp bilýändigini aňdyrýar.

Bir yanıt yazın