You are currently viewing Çagaňyzdan hat bar!

Çagaňyzdan hat bar!

Mähriban ejemjan, kakamjan,

Ähli duýgularymy we pikirlerimi aýdyp bilýän bolsadym, şulary aýtmak islärdim:
Men häzirki döwürde dowamly ulalýaryn we üýtgäp durýaryn. Siziň çagaňyz bolsam-da siziňkiden üýtgeşik bir ynsanlygym bar. Meni tanamaga we maňa düşünmäge çalyşyň. Men elmydama bir zady edip görüp öwrenýärin. Meniň bilen deň bolmak elbetde kyndyr. Ýöne oýnan wagtlarym ýa-da bir zat bilen meşgul bolan wagtym kän azar bermäň. Meni elmydama gorajak bolup kösenmäň. Edýän zadymyň netijesini özüm görsem, has gowy öwrenerin. Onsoňam, öz edip bilýän işlerimi özüme etdiriň. Ýogsam, ulalanlygymy bilmän galaryn. Ulalmaga uly höwesim baram welin käwagt ýaşymdanam kiçi işleri edäýýärin. Munuň üçin meni ýazgarmaň, ýöne aýnatmaňam. Ýogsa, elmydama çagalykda galmak islärin. Her isleýän zadymyň bolmajagyna düşünýärin. Ýöne, siz islän zadymy berseňiz alman nädeýin. Maňa ýerlikli ýa-da ýerliksiz, tapawudy ýok, söz bermäň. Söz berip, sözüňizde tapylmasaňyz, size bolan ynamym kemeler.

Garagollaşyp başlasam, maňa käýinç bermekden çekinmäň. Meniň etmeli zatlarymyň ýa-da maňa gadagan edilen zatlaryň hemmesini halamasam-da olar maňa ýol görkeziji bolup durýar. Maňa üns bermedik wagtlaryňyz ondan peýdalanmaly bolýaryn. Onsoňam berýän öwütleriňize garanyňda özüňizi alyp baryşlaryňyz maňa has täsirli bolýar. Meni terbiýelemekde käwagt ýalňyşyp bilersiňiz. Men olary çalt ýatdan çykararyn. Emma birbiriňize söýgüniň, hormatyň ýokdygyny ýa-da azalýandygyny bilsem meniň ýüregim gysylýar we sizden gizlin aglaýaryn.

Maňa garşy gygyryp gürleşmäň. Gygyryp gürleşilende men kän eşidýän däldirin. Mylakatly we dogruçyl sözler maňa hökman täsir edýändir. Onsoňam „Men seniň ýaşyňdakam” diýip başlaýan sözler bir gulagymdan girip beýlekisinden çykýar. Kiçijik ýalňyşlarymy ulaldyp, ýüzüme basmaň. Meniň entek ýalňyşyp öwrenmeli zatlarym kän. Sähel garagollygym üçin erbet çaga diýip günäkärlemäň. Edýän ýalňyşlarymyň dogrusyny görkeziň. Käýinç bermezden öň menem bir diňläp görüň. Günämden öte geçmese, berilýän jezalara, käýinçlere razy bolaryn we döz gelerin.

  • Meni diňläň. Sorag soraýan wagtlarym, iň oňat öwrenip biljek wagtlarymdyr. Düşündirýän zatlaryňyz gysga we düşnikli bolsun.
  • Meniň ýaşymdan uly işler etmegime garaşmaň, ýöne edip biljek işlerimi-de etdiriň.
  • Maňa ynanýandygyňyzy bildiriň.
  • Maňa goldaw beriň, iň bolmanda bir işi etmäge çalşanlygym üçin Berekellamy ýetiriň.
  • Meni başgalar bilen deňeşdirmäň. Ýogsam, umydymy ýitirerin. Ähli düzgünleri bir bada öwrenip bilmezligim ahmal, biraz wagt beriň. Hemme zady dogry etmeýänligimi görüp, alňasamaň.
  • Meni gyssamaň, birdenkä ýalan sözlemegi öwrenäýmäýin. Sizi ýadatsamam, sowukganly çemeleşiň. Gaharlananyňyza razy bolaryn, ýöne meni köpçülikde utandyrmaň. Meniňem sizi başgalaryň öňünde utandyryp biljegimi ýatdan çykarmaň.
  • Meniň öňümde ýazygyňyz bolan wagty aýdyp, ötünç soramakdan çekinmäň. Siziň menden ötünç soramagyňyz, size bolan söýgümi azaltmaz, gaýtam, öňküdenem gowy görerin. Aslynda men sizi öz bolşuňyzdan has belent, ýalňyşsyz hasap edýärin. Ýöne siz maňa özüňizi ýalňyşsyz we naýbaşy edip görkezjek bolmaň. Ýalňyşyňyzy görsem örän gynanaryn.
  • Menden isleýän zatlaryňyz bilen bir hatarda islemeýän zatlaryňyzyňam kyn däldigine düşünýärin. Ýokardaky sizden isleýän zatlarym köpräk bolan bolsa, käbirlerini yzyna gaýdyp alaryn. Ýöne, siziň meni Men hökmünde söýjekdigiňize bolan ynamym puja çykmasa bolýar.
  • Menden „Ýalňyşsyz çaga” bolmagymy islemeseňiz, menem siziň „Ýazyksyz ene-ata” bolmagyňyza garaşman. Söýüp düşünmäge çalyşsaňyz bolany. Siziň çagaňyz bolup dogulmak meniň elimdäki zat däldi. Emma, maňa saýlamaga rugsat beren bolsadylar, ýene-de diňe siziň çagaňyz bolmagy saýlardym.

Sizi söýýärin,

Çagaňyz.

Bir yanıt yazın