Bütin dünýäde bolşy ýaly, tomusky 3 aýlyk dynç alyş möwsümi biziň ýurdymyzdaky okuwçylaryň hem tolgunyp garaşýan döwri bolup durýar. Okuwçylar 3 aýlyk tomus dynç alyş möwsümini, 9 aýlyk okuw tapgyryndan soň hiçhili okaman geçirmek isleýärler. Bir tarapdan bolsa eneatalar çagalarynyň okap öwrenenje bilimlerini unutmazlyklary üçin ýygy ýygydan öňki sapaklaryny gaýtalamaklaryna garaşýarlar.
Onda haýsy tarap hakly?
Elbetde iki tarap hem öz pikirlerinde ýarym hakly. Munyň sebäbi okuwçylaryň haýsysyna uzyn okuw ýylyndan we gyş möwsüminden soň, tomus dynç alyş möwsüminde nahili işler bilen meşgul bolmak isleýändikleri soralanda, “Hiç zat etmän, ýatyp, telewizor görüp, kompýuter we tabletler bilen gyzyklanyp, deňi duşlarym bilen oýun oýnap” geçirmek isleyärin diýerler.
Olaryň tersine ene-atalar bolsa çagalaryny kompýuter ýada telewizor ýaly özüne çekýän güýmenjelerden uzak saklap, sapaklaryny gaýtalamaklaryny isleýärler. Edil şu pursatda, hem okuwçylara hem eneatalara berjek birbirinden gymmatly maslahatlarymyzy gözden geçiriň. Eger agzaljak maslahatlary ýerine ýetirseňiz, okuwçylar 90 günlük möwsümde hem dynç alyp ýetişerler hemde goşmaça sapaklaryny okap wagtlaryny öndümli ulanarlar. Ine şol çärelere şeýleräk yzygiderlikde seredilip bilner.
1. Ene ata çagasy bilen maslahatlaşyp 90 günüň dowamynda ýerine ýetiriljek çäreleriň sanawyny çykarmaly.
2. Okuwçynyň ýaşyna görä peýdaly çeper eserleriň sanawyny çykarmaly. Günüň dowamynda iň azyndan 1 sagat wagtyny kitap okamak bilen geçirmeli. Hatda ýaşaýan şäherimizdäki kitap satylýan dükanlara we kitaphanalara çagalar bilen birlikde gidip okamak isleýän kitaplaryny bilelikde saýlamak iň peýdalysy bolar.
3. Okuw ýylynyň içinde kem galan temalaryny gözden geçirmeli. Munyň üçin degişli sapagyň mugallymy bilen maslahatlaşyp okuwçynyň haýsy temalary has köp üstünde işlemelidigini soramaly.
4. Ýenede ýaşaýan şäherimizde kurs merkezleri bar bolsa, dil, matematika ýada kompýuter kurslaryna gatnaşmak arkaly bu sapaklarda bilimimize bilim goşmaly.
5. Döwletimiziň çäklerinde ýerleşýän taryhy we köpleriň gezelenç edýän ünsden düşmeýän mekanlary gezmeli. Bu ýerleri gezmek bilen okuwçylaryň hem nerwileri dynç alar hemde goşmaça täsin täzelikleri öwrenerler.
6. Telewizor ýada kompýuter ýaly güýmenjeleriň öňünde otyryp geçirjek wagtlarynyň ýerine sport çärelerine gönükdirmeli. Bu sport çäreleri howuzda ýüzmek, futbol, waleýbol, basketbol, tenis oýnamak ýada surat çekmek ýaly okuwçylaryň ukybyna görä saýlamak iň peýdalysy bolar.
7. Elbetde maliýe yagdaýyňyza görä Amerika, Angliýa we başga ýewropa döwletlerine çagalaryňyzy her ýyl gurnalýan gezelençlere ugratmak saýlan dilini tejribe arkaly öwrenmegine has hem täsirli kömek eder.
8. Tomus möwsümi kimi çagalar üçin goşmaça özboluşly geçýändigi sebäpli, şaýat bolan hadysalaryny Gündelige ýazmaklary çagalaryň ýazgy ýazmak arkaly duýgularyny depder sahypalaryna dökmek talantlaryna goşant goşjakdygy gümanasyzdyr.
Jemläp aýdanymyzda tomus dynç alyş möwsümine näçe planly we maslahatly başlasak şonçada gazançly çykyljakdygy herkime aýan bolsa gerek. Ýazgymyzyň nobatdaky sanynda ýokarda agzalan çäreleriň, okuwçynyň haýsy talantyna görä nähili saýlap biljekdiklerini aýratyn we içkin belläp geçeris.