Hormatly okuýjylar. Her ýyl bolşy ýaly bu ýyl hem 3 aýlyk tomus dynç alyş möwsümi gelip ýetdi. Käbir ene-atalar hemişekiler ýaly tomus möwsümini çagalary üçin nähili çäreler bilen bezäp bileris diýip alada edýän bolmaklary mümkin. Şol sebäpli siziň üçin tomus möwsüminde ýerine ýetirip biljegiňiz birnäçe güýmenjeleriň sanawyny taýýarladyk.
Bu güýmenjeler saýlanan wagty aýratyn bir meselä üns berildi. Bu ýagdaý, haçanda çaga öz yhlasy, gaýraty bilen bir işiň üstesinden gelse, şol bir wagtda, daş töwereginde bolýan wakalara şaýat bolsa we özüni tanasa, öz ukyplaryna göz ýetirse, onda çagalaryň özlerine bolan ynamlarynyň artyp başlajaklygy aýratyn hem nygtalyp geçildi.
Eger siz ene-atalar aşakda agzaljak bu maslahatlary ýerine ýetirseňiz onda çagalaryňyzda hem şeýleräk üýtgeşikliklere şaýat bolarsyňyz. Ýagny olar, durmuş hakykatlaryny telewizor ekranlaryndan dälde hut durmuşdaky wakalardan öwrenerler, çagalar öz elleri bilen sebäp bolan işleri arkaly öz talantlaryny görerler, durmuşda başarjaň bolmak üçin öz yhlaslarynyň zerurlygyny duýarlar.
Yene bir bellemeli zat bu güýmenjeler belkem hemme ýaşdaky çagalar üçin üns çekmezligi mümkin. Esasanda 1-nji synpdan başlap 8-nji synp aralykdaky çagalar bilen ýerine ýetirmek has gyzykly bolar diýseň ýeridir. Geliň size berjek maslahatlarymyza bilelikde göz aýlalyň.
- Bir gül ekiň we ösdürip ýetişdiriň
- Tebigata bilelikde syn ediň we owadan ýerlerde ýörişe çykyň
- Muzeýlere zyýarata çykyň
- Çagalaryňyz bilen bir agaja dyrmaşyň we bilelikde daş töwerege syn ediň
- Şol möwsüm ekip bolýan miweleriň tohumlaryny birlikde topraga ekiň
- Sallançak guraň
- Hem gyz çagalaryňyz hemde oglan çagalaryňyz bilen bilelikde nahar bişiriň
- Olar bilen birlikde täze bir erteki öwreniň
- Baatbörek ýasap bilelikde uçuryň
- Kagyzdan gämi ýasamagy öwreniň
- Öz çagalyk wagtyňyz başyňyzdan geçiren gyzykly wakalaryňyz hakynda gürrüň beriň
- Köçeden ýada daş töwerekden kiçijek daşlary toplaň we olary reňkläň
- Gamyşdan ýada beýleki otlardan tüdük ýasamagy öwrediň
- Bilelikde öýňüziň otaglaryny arassalaň
- Bilelikde tigir sürüň
- Küşt yada damka oýunlaryny oynaň
- Bir sany dünýä kartasy satyn alyň we döwlet tapmak ýaryşyny geçiriň (diýseň gyzykly we peýdaly)
- Çagaňyza beýik ses bilen kitap okadyň we diňläň
- Çagalaryňyza tort, medawik, bilinjik ýaly süjülikler bişirmegi öwrediň we goňşularyňyza paýlaň
- Bilelikde seýilgählere ýörişe çykyň we ädimleriňizi sanaň
- Egin eşikleriň üzülen dügmesini we ýyrtygyny dikmegi öwrediň
- Guşlara we öý haýwanlaryna iým beriň
- Çagalaryňyza çüý kakmagy öwrediň
- Birlikde kitap okaň
- Bilelikde akar suwa ýada arassa suw howuzlaryna ýüzmäge gidiň
- Ýakyn garyndaşlaryňyza bilelikde gezmäge gidiň
- Birlikde gizlin-peçek we ýüpden bökmeşek oýnaň
- Birlikde birnäçe tapmaça we ýalňytmaç öwreniň
- Bir sany garynja ketegini tapyň we çörek owuntyjaklaryny sepeläň
- Egin eşikleri eplemegi we eşik ütüklemegi öwrediň
- Bilelikde möwsümlik miwelerden bal gaýnadyp ýapyň
- Birnäçe agaçlaryň aýratyn reňkli ýapraklaryndan ýygnag we depdere ýapyşdyryň
- Bilelikde limonad ýada miwe süjüliklerini ýasaň
- Bilelikde bir sany tizkömek tilsimi öwreniň
- Bilelikde surat çekiň
- Çagalaryňyz bilen bilelikde monjuk yasaň
- Bäş sany tapawutly balyk we guşlaryň atlaryny öwreniň
- Bir sany ýakyn garyndaşyňyz bilen çagaňyz bir tema barada ikiçäk gürrüňdeşlik geçirsin
- Bilelikde top, bäş-daş ýada ýüpden bökmeşek oýnaň
- Soň özbaşyna bişirip biljegi bir nahar bişirmegi öwrediň
- Täze süýtden gatyk taýýarlamagy öwrediň
- Birlikde tagamdan öň desterhan seriň we tagamdan soň desterhany bilelikde ýygnaň
- Töweregiňizde ýerleşýän beýik depelere dyrmaşyň we tebigaty synlaň
- Bir sany oyunjak alyp ony söküň we sökülen bölejikleri täzeden ýerli ýerine dakyň
- Täze täze dillerde salamlaşmagy we sagbolsun aýtmagy öwrediň
- Birlikde öz bilýänje ylmy tejribeleriňizi(experiment) geçiriň
Umuman jemläp aýdanymyzda, haçanda çagalar tebigaty ýakyndan tanasalar, topraga gömen tohumlarynyň ösüp ýetişmegine şaýat bolsalar, ýere birje agaç ekseler, bilelikde baatbörek uçursalar, tigir sürseler we bulardan başga hem çagalaryň gündelik durmuşda ýüzleşýän egin eşikleriň dügmesini we ýyrtygyny dikmek ýaly ýeňiljek hem öz ukyplary bilen üstesinden gelip biljek işlerini amala aşyrsalar, çagalaryň hem sosial taýdan hem ruhy taýdan peýdaly wagt geçirjekdikleri hemmelere mälimdir.
Hormatly ene-atalar. Geliň ýokarda agzalan ýada agzalmadyk güýmenjeleri hemmesini gözden geçireliň. Elimizden geldiginden bulary tomusdaky dynç alyş möwsüminde çagalarymyz bilen ýerine ýetirmäge synanşalyň. Çagalarymyzyň öz ukyplaryny tanamaklaryna pursat bereliň. Olaryň ruhuny galkyndyralyň.