Maşgala mukaddes zat. Çaga şol mukaddeslikde açylan bir güldür. Çaga maşgala bagynda ýetişen gülleriň bilbilidir. Bu gün öýüň kiçisi bolan çaga, ertiriň ýigidi, iň gymmatly bir bölegidir.
Çaga sagdyn, arassa ahlakly we ynsan gymmatlyklaryna eýe edilip ýetişdirilende ynamdar we ygtybarly bolmak bilen birlikde asly, reňki, dini nähili bolsa bolsun, adama ynsan bolany üçin sarpa goýjak we adamy adam hökmünde dogan saýyp, özüniň hak-hukugyny hormatlaýşy ýaly, başgalaryň hak-hukugyny-da kemsitmez. Eger terbiýe berilmese, barlygymyzyň bir bölegi bolan çagamyz ýigrenilýän biri bolup ýetişip biler. Bu günki närazy bolan ýetginjegimiz, düýnki terbiýe birilmedik çagamyzdyr.
Bagbanyň wezipesi bagynda gül ýetişdirmekdir. “Baksaň bag bolar, seretmeseň dag” diýen atalar sözüni unutmaň. Siz bagyňyzda gül ýetişdirmek isleýärmisiňiz ýa-da tikenleriň daş-töweregiňizi tutaryny islärmisiňiz? Topragyň her bir tohumy ýetişdirmäge ukyply bolşy ýaly, çaga hem her kim bolup ýetişmäge ukyplydyr. Çagadaky bu ukybyň ajaýyp taraplarynyň bahar gülleri ýaly açylmagyny, ondaky mümkinçilikleriň oňat tarapa gönükmegini, onuň akylyny, erkini dogry ýolda ulanmagyny gazanmak, şübhesiz, terbiýeçiniň jogapkärçiligine degişlidir.
Çaganyň zehini ylym arkaly ösýär. Maddy we ruhy ylymlary doly öwrenen, goşa ganatly guşa deňelip bilinjek çagalar geljegi gurjak ýigitler bolup ýetişer. Özüne ýol görkezen kişiniň täsiri bilen çaga ýa gurujy, ýa-da ýumrujy bolup ýetişer. Çagada esas hökmünde diňe gowulygyň hamyrmaýasy bardyr. Erbet ýaly görünýän öýke, ar almak ýaly häsiýetleri-de gowulyga sebäp bolup biljek pyntyklar ýalydyr.
Çagaňyz deň-duşlarynyň arasyndan özüne dost saýlaýarka ünsli bolmalysyňyz. Onuň Watanyna, milletine we milli gymmatlyklaryna wepaly bolup ýetişmegini isleýän bolsaňyz, kime ýa-da kimlere ony ynanýandygyňyzy seljeriň. Size biri: “Töwerekde ogry-jümri kän, getiriň men siziň kostýumyňyzy, goşlaryňyzy ýygnaýyn” diýse, tanamaýan adamyňyza zatlaryňyzy ynanyp berip goýberermisiňiz? Onda, nähi siz çagaňyzyň köçede, bazarda tanamaýan adamlaryňyz bilen tirkeşip ýörmegine arkaýyn rugsat berýärsiňiz? Nämä arkaýynlanyp onuň islän kişisi bilen dost bolmagyna adaty zat hökmünde garaýarsyňyz?