You are currently viewing Telewizoryň okamaga edýän täsiri

Telewizoryň okamaga edýän täsiri

Geň zat! Ýat adam girmesin diýip, öýleriniň gapylaryny gulplaýarlar, soňra-da telewizorlaryny açýarlar!

Geçirilen barlaglarda bäş sany duýuş organynyň ylym öwrenmäge näderejede täsir edýändigi anyklanypdyr. Alnan netije paýlanylanda görüş organyna 75%, eşitmek organyna 13%, duýuş (syzyş) organyna 6%, ys alyş organyna 3%, tagam alyş organyna bolsa 3% -den ýetipdir. Başga bir barlagnamada görüş organynyň paýy 83%-e çykypdyr. Bu netije görüş organynyň öwrenmek üçin nädereje zerurdygynygörkezýär. Emma, görüş organymyza ýaramaz täsir edýän media serişdeleriniň iň howplusy telewizordyr. Sebäbi onda adamyň ýatkeşligini ýitirmegine sebäp bolan, musulmana seretmek haram bolan birgiden şekiller her gün görkezilýär.

Serediň, Haktagala nämäni emir edýär: “(Eý, Muhammet!) Mömin erkeklere aýt: «Gözlerini (nämährem aýallara seretmekden) saklasynlar we ujytlaryny (haramdan) gorasynlar». Bu olar üçin has arassa ýoldur. Takyk, Alla olaryň edýän zatlaryndan habardardyr. Mömin aýallara hem aýt: “Gözlerini (nämährem erkeklere seretmekden) saklasynlar we eteklerini (jynsy agzalaryny haramdan) gorasynlar, (geýimlikä) görünýän ýerlerinden galan beýleki zynatlaryny (beden agzalaryny nämähremlere) görkezmesinler” (Nur/30-31).

Adamyň ýüreginiň hemişe bir zadyň täsirinde galyp bilýändigini habar beren söýgüli Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wessellem): “Adam ogly çölüň ortasynda galan guşuň ýelegine meňzär, öwüsýän ýeller ony eýläk-beýläk zyňyp-gapar” diýýär. Kalbyň üýtgemeginde gözüň iň esasy roly oýnaýandygy hiç hili şübhesizdir.

Müsürli ýazyjy Nejib Mahfuz hem telewizoryň erbet täsirine jany ýanyp, şeýle diýýär: “Meni ähli zatdan has erbet gorkuzýan iki zat bar: biri narkotik maddalar, beýlekisi telewizor. Bular milli däp-dessurlarymyzyň baş duşmanydyr. Bularyň ikisi-de, bütin dünýä üçin howp döredýär”.

Ibrahim Ünal “Kitaba aşyk bolmak” atly kitabynda, bellikleriniň arasynda beýan edilen şu setirleri kimiňkidigini aýtman, telewizor baradaky hakykaty ýazýar: “Hemmämiz ýesir. Elimiz-aýagymyz baglanan, bolýan wakalary synlaýarys. Alaçsyz, hereketsiz halymyz duranja bir masgaraçylyk. Hemmämiz mediýanyň (köpçülik habar beriş serişdeleriniň) ýesiri. Eýeleýän iň arzyly ornumyz telewizoryň öňündäki kürsi. Hemişe dynuwsyz edilýän hüjümlere sezewar bolýarys. Emma ne söweş bar, ne-de ýaraşyk. Diňe göz üçin protestden ybarat. Biz bütin ýerli we syýasy aýratynlyklardan saplanan, global we strategik bir söweş isledik. Şu wagt öňümizde ugursyzja bir alternatiw ýol bar. Ol gülkünç bir fantaziýada ýüze çykýar: ol hem taraplaryň yza çekilmegi”.

Telewizoryň adamlara edýän täsiri edil neşe maddalarynyň täsiri ýalydyr. Az mukdary oýandyryjy, köp mukdary bolsa melul edýär.

Kitap bilen adamyň arasyny açýan birtopar zatlary sanasaň, sanap oturmaly. Olaryň arasynda telewizora iň öňdäki orny berendigimizem hakykat. Geçirilen barlaglardan, umuman, şeýle netije çykýar: telewizoryň kitap okamaga bolan islegi artdyrýandygyny pikir edýänleriň sany, telewizoryň okamaga päsgel berýändigini pikir edýänleriň sanyndan has köp. Başga bir köpçülik bolsa biriniň beýlekisine päsgel bermeýändigini öňe sürýär.

Luiz Armand kitabyň habar beriş serişdeleriniň hüjümine garşy öz gymmatyny gorap saklandygyny öňe sürmek bilen, hem-ä optimistligini goraýar, hem-de kitabyň gününi sanaýanlara: “Ýok, kitap ýaşar” diýýär. Ol: “Kitap birazam bolsa, demirýoly ýaly hökmürowanlygyny ýitirdi. Emma şonda-da, demirýoldaky bolýan zatlara bir serediň. Uçaryň, awtomobiliň ýüze çykmagy bilen demirýola bolan zerurlygymyz aradan aýrylar öýdüldi. Emma beýle bolmady. Garaýollarda ulaglaryň köplügi zerarly kynçylyk döreýär, emma otlular gidilmeli menzile wagtynda barmagymyza kömek edýär. Tolkunlar (elektromagnit tolkunlarynyň) hereketi hem garaýollaryňkyça ýokdur. Öňler adamlar bilimiň gytlygyndan kynçylyk çekerdiler, bu gün bolsa ýagdaý düýbünden başgaça… Neşirýat her bir adamy bilýän maglumatlaryndan, habarlaryndan jogapkärçilik duýmaga, medeniýetli, täsir ediji herekete eýe bolmaga mejbur edýär. Kitap elektromagnit tolkunlarynyň we şekilleriň içinde ýüzýän şu dünýäde, adamda şahsy we peýdaly, halas bolmaga bolan duýguny döredýär.

Kitabyň ornuna geçmek isleýän beýleki serişdeleriň adamy kitapdan daşlaşdyrýandygy hemişe jedelli mesele. Kitap ýeke-täkligini, medeniýeti dünýä ýüzüne ýaýmak hukugyny hemişe saklap galar. Ernest Diçter şeýle diýýär: “Eger kitaplary dünýä açylan bir penjire, ýurtlar, wakalar bilen ýakyn baglanyşykda bolan serişde hökmünde kabul edýän bolsak, onda ol geljekde şu günküsinden has köpeler . Telewizor we beýleki habar beriş serişdeleri hiç haçan kitabyň bäsdeşi bolmandylar, bolubam bilmezler. Dünýä durdugyça kitabam durar, ol iň kämil aragatnaşyk serişdesi bolmagyny dowam eder”.

Bir yanıt yazın